Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy, hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek maksady bilen «Saglyk baş baýlyk» atly wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.
Balkan welaýat kitaphanasynda geçirilen çärä Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyp gyzlary gatnaşdy. Onda häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen zenanlaryň jemgyýetdäki ornuna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändigi, edep-ekramly, mähir-mylakatly, asylly gelin-gyzlarymyz hemişe görüm-göreldäniň nusgasy bolup, olaryň esasy gözelligi gylyk-häsiýetinde, edebinde jemlenýändigi barada çykyşlar edip, zenan terbiýesi barada birnäçe tymsallaryň üsti bilen talyp gyzlara öwüt-ündewleri berdiler.