TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň mejlisler zalynda «Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasaty — durmuş goraglylygy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa paýtagtymyzyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler milli Liderimiziň ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek ugrunda alyp barýan beýik işleri dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler.
Mahym KULBAÝEWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Sagdynlygyň, sport bilen meşgullanmagyň ynsan üçin ähmiýetini ýaşlara wagyz etmek maksady bilen, Aşgabat şäherindäki 14-nji Saglyk öýünde «Sagdyn bedende sagdyn ruh» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga etrabyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlar gatnaşdylar. Çykyş edenler sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň, ruhubelentligiň, şähdaçyklygyň ynsan saglygynyň iň esasy goragçysydygy dogrusynda durmuşy wakalaryň, rowaýatlaryň, tymsallaryň üsti bilen giňişleýin gürrüň etdiler.
Merdanaly ORAZBERDIÝEW,
TMÝG-niň Berkararlyk etrap Geňeşiniň başlygy.
Bäherden etrabyndaky sport mekdebinde «Berkarar döwletiň sagdyn ýaşlary» ady bilen sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Etrap Ýaşlar guramasynyň etrap sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilen bilelikde guran ýaryşynda sport mekdebine gatnaýan ýetginjeklerden düzülen toparlar öz aralarynda güýç synanyşdylar. Çekeleşikli geçen ýaryşda «Nesil» we «Berkarar» toparlarynyň duşuşygy has-da tapawutly boldy. Netijede, ýaryş «Berkarar» toparynyň peýdasyna tamamlandy. Ýeňijilere dabaraly ýagdaýda ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Arzygül AGAÝEWA,
TMÝG-niň Bäherden etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, Mary etrap Ýaşlar guramasynyň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrapdaky 38-nji orta mekdepde «Saglygym — baş baýlygym» ady bilen geçirilen duşuşyga etrabyň bilim ulgamynda zähmet çekýän ýaş mugallymlar, jemgyýetçilik guramalaryndan wekiller gatnaşdylar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kadalaryny berk berjaý edip, jemgyýete peýdaly işleri amala aşyrmak her bir raýat üçin mukaddes borçdur.
Ogulnur BERDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary etrap Geňeşiniň işgäri.
Türkmen oba hojalyk institutynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Daşoguz welaýat Ýaşlar guramasy tarapyndan geçirilen duşuşyga institutyň professor-mugallymlarydyr talyplary bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynda zähmet çekýän hünärmenler hem gatnaşdylar. Çykyşlarda sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmekde sport bilen bir hatarda, adamyň durmuşa bolan söýgüsiniň we ruhubelentliginiň möhüm orun tutýandygy aýratyn nygtaldy.
Selbi ŞAMYÝEWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Darganata etrabyndaky 1-nji orta mekdepde «Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary» ady bilen iňlis dili dersi boýunça döredijilik bäsleşigi geçirildi. Etrap Ýaşlar guramasynyň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guran bu bäsleşigine etrabyň orta mekdepleriniň 8 — 11-nji synplarynda okaýan zehinli okuwçylar gatnaşdylar. Netijede, 1-nji orna 12-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Aýjeren Döwletgeldiýewa, 2-nji we 3-nji orunlara degişlilikde 1-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Näzik Serdarowa we 15-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Bazar Akmuradow dagy mynasyp boldular.
Leýla GYLYÇMUHAMMEDOWA,
TMÝG-niň Darganata etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň kiçi mejlisler zalynda «Watanymyzyň ösüşleriniň binýady» ady bilen maslahat geçirildi. Türkmenbaşy şäher Ýaşlar guramasynyň şäheriň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guran maslahatyna zawodlar toplumynyň öňdebaryjy ýaş hünärmenleri gatnaşdylar. Çykyş edenler bagtyýarlyk döwrümizde ýaşlarymyz üçin döredilýän mümkinçilikler, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak ugrunda amala aşyrylýan ägirt uly işler hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Kyýas GARAÝEW,
TMÝG-niň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň başlygy.
“Nesil” gazeti,
18.04.2020ý.