Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda durmuş strategiýasynyň möhüm düzüm bölegi bolan sport syýasatynyň baş maksady sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr. Şundan ugur alnyp, Dänew etrap Ýaşlar guramasynyň etrap sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilen bilelikde guramagynda «Sport — saglyk we gözellik» ady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi. Etrapdaky ýöriteleşdirilen 20-nji orta mekdepde geçirilen ýaryşa etrabyň orta mekdeplerinde okaýan ýaş türgenler gatnaşdylar. Çekeleşikli geçen ýaryşda ýeňiji bolanlar Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.
Dursunjemal SARYÝEWA,
TMÝG-niň Dänew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
«Tejenkarbamid» zawodynyň mejlisler zalynda Tejen şäher Ýaşlar guramasynyň şäher häkimligi, şäheriň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda «Halal zähmetiň höziri» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, şäheriň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle hem zawodda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, halal, arassa zähmet çekip, bagtyýarlyk döwrümiziň bedew batly ösüşlerine goşant goşmak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Bahar PATJAÝEWA,
TMÝG-niň Tejen şäher Geňeşiniň bölüm müdiri.
Bagtyýarlyk döwrümizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, ösdürmek maksady bilen giň gerimli çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şundan ugur alnyp, Esenguly etrap Ýaşlar guramasynyň etrap sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilen bilelikde guramagynda «Sagdyn bedende sagdyn ruh» ady bilen tanap çekmek, ýaglyga towusmak boýunça sport ýaryşlary geçirildi. Etrap sport mekdebinde geçirilen ýaryşa etrabyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Ýaryş turuwbaşdan çekeleşikli häsiýete eýe bolup, ýatda galyjylygy bilen tapawutlandy.
Tagandurdy TAGANDURDYÝEW,
TMÝG-niň Esenguly etrap Geňeşiniň başlygy.
Aşgabat şäherindäki 65-nji orta mekdepde «Edebim — mertebäm» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrap Ýaşlar guramasynyň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guran duşuşygyna halypa mugallymlar, mekdebiň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, mekdebiň içki tertip-düzgünini berk berjaý etmek, ululara hormat goýmak, kiçileri sylamak edep-terbiýe mekdebidir.
Akpamyk KULAÝEWA,
TMÝG-niň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Garagum etrabyndaky 23-nji orta mekdepde «Sagdyn durmuş ýörelgesi» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrap Ýaşlar guramasynyň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guran duşuşygyna ýaşuly nesliň wekilleri, mekdep mugallymlary we ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Duşuşykda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beden we ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirmek ugrunda alnyp barylýan işler hakynda giňişleýin gürrüň edildi.
Ogulbagt AMANMYRADOWA,
TMÝG-niň Garagum etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.
Ýurdumyzda her bir raýatyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Türkmenabat şäher Ýaşlar guramasy hem şäher bilim bölümi bilen bilelikde sagdyn durmuş ýörelgelerini okuwçylaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen, şäherdäki 18-nji orta mekdepde wagyz-nesihat çäresini gurady. «Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýereliň!» ady bilen geçirilen çärä halypa mugallymlar, mekdebiň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Çykyş edenler kadaly we dogry iýmitlenmegiň, sport bilen meşgullanmagyň ynsan saglygyny goramakdaky ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Mähri BABYŞOWA,
TMÝG-niň Türkmenabat şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Gurbansoltan eje adyndaky etrap Ýaşlar guramasy etrap bilim bölümi bilen bilelikde etrabyň Magtymguly Garlyýew adyndaky geňeşliginde ýerleşýän ussat bagşynyň adyny göterýän oba muzeýine gezelenç gurady. «Gadymy miras — müdimi miras» ady bilen guralan gezelenje etrapdaky 32-nji orta mekdebiň okuwçylary gatnaşdylar. Gezelenjiň dowamynda okuwçylar ussat bagşynyň ömür we döredijilik ýoly, milli egin-eşiklerimiziň aýratynlyklary bilen tanyşdylar, şeýle hem milli mirasymyz, türkmen bagşyçylyk sungaty boýunça sowal-jogap alyşdylar.
Kerwen ÖWEZGULYÝEW,
TMÝG-niň Gurbansoltan eje adyndaky etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
“Nesil” gazeti,
30.04.2020ý.