ÝAŞ SURATKEŞLER BÄSLEŞDILER

Şu gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýaş suratkeşleriň döredijilik bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçen bu bäsleşik «Bitarap Watanym – Türkmenistanym» atly şygar astynda guralyp, oňa ýurdumyzyň çagalar çeperçilik mekdepleriniň we çagalar sungat mekdepleriniň Çeperçilik bölümleriniň 3-4-nji synplarynda okaýan ýaş suratkeşler gatnaşdylar.

«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň milli medeniýetini, halkymyzyň däp-dessurlaryny gorap saklamak we ata-babalarymyzdan gelýän milli gymmatlyklarymyzyň kämil nusgalaryny giňden öwrenmek barada berýän tabşyryklaryndan ugur alyp, ýaş nesliň döredijilik ussatlygyny ýokarlandyrmak, olary çeperçilik sungatynyň dürli ugurlary boýunça döredijilige ugrukdyrmak maksady bilen guralan bäsleşikde oňa gatnaşyjy ýaş suratkeşler surat çekmegiň Reňk bilen (akwarel) we Galam bilen (grafika) surat çekmek ugurlary boýunça özara bäsleşdiler.

Bäsleşigiň netijelerine laýyklykda reňk bilen surat çekmek (akwarel) boýunça 1-nji orunlara Aşgabat şäherindäki B.Nuraly adyndaky 1-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Perhat Aşyrmyradow we Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Dursunjemal Bäşimowa, ikinji orunlara Mary welaýatynyň Mary şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Gülnäzik Nejepowa we Ahal welaýatynyň Tejen şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Bahar Nurgeldiýewa, şeýle hem baýrakly üçünji orunlara Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Aýlar Meredowa we Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Çynar Garlyýewa dagy mynasyp bolmagy başardylar.

Galam bilen surat çekmek (grafika) ugry boýunça birinji orunlara Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Nurmyrat Gurdow we Ahal welaýatynyň Tejen şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Mekan Söýünow, ikinji orunlara Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Bossan Çaryýewa we Aşgabat şäherindäki 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Döwran Batyrow, üçünji orunlara Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Röwşen Atajykow we Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Süleýman Döwletdurdyýew ýeňijiler diýlip yglan edildi. Olara bäsleşigi guraýjylar tarapyndan diplomlar we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.