Ýakynda şeýle at bilen Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Serhet abat — Döwlet abat» žurnalynyň redaksiýasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan «Serhet abat — Döwlet abat» žurnalynyň web-saýtynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli yglan edilen bäsleşigiň jemi jemlenildi. Esasy maksady hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek baradaky asylly ýörelgesini wagyz etmekden, ýaş zehinleri ýüze çykarmakdan, olary höweslendirmekden we döredijilik üstünliklerine ruhlandyrmakdan hem-de 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň görkezen deňsiz-taýsyz watansöýüjiligini dabaralandyrmakdan ybarat bolan bu döredijilik bäsleşigine dürli žanrlarda ýazylan eserleriň 100-den gowragy gelip gowuşdy. Bäsleşigiň düzgünnamasynda göz öňünde tutulan talaplara we eseriň many-mazmunyna görä olaryň maksadalaýyk hasap edilenleriniň 50-den gowragy elektron sahypada giň okyjylar köpçüligine ýetirildi.
Okyjylar köpçüliginiň seslenmelerine we ýörite bellenilen döredijilik toparynyň adalatly baha bermeginde oňa gatnaşyjylardan Tawus Kakaýewanyň “Aýdylman galan sözler” atly eseri baş baýraga mynasyp boldy. Bäsleşige gatnaşyjylardan 25 awtoryň eseri bolsa höweslendiriji baýraklara mynasyp görüldi. Ýeňijilere Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Aknur ROZYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, kapitan.
“Nesil” gazeti,
05.05.2020ý.