Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda «Milli mirasymyz — egsilmez baýlygymyz» ady bilen paýtagtymyzdaky 132-nji orta mekdepde Aşgabat şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 10-njy synp okuwçy gyzlaryndan düzülen toparlaryň gatnaşmagynda döredijilik bäsleşigi geçirildi.
Ýaşlarymyzy döwrebap bilimli, giň dünýägaraýyşly, arassa ahlakly, döredijilikli zähmet çekmäge ukyply nesil edip ýetişdirmek, ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işleriniň nusgalaryny, däp-dessurlarymyzy giňden wagyz etmek, ýerine ýetirmek bilen meşgullanmaga çekmek maksady bilen geçirilen bäsleşikde okuwçy gyzlar üç şert boýunça bäsleşdiler. Şertlere laýyklykda, bäsleşige gatnaşyjy gyzlar türkmen milli salamlaşmak edebini ýerine ýetirdiler, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda ýerleşdirilen dermanlyk ösümlikleriň ynsan saglygyna peýdasyny, bu ösümlikler bilen bagly däp-dessurlardyr yrym-ynançlary çeper beýan etdiler. Şeýle hem bäsleşýän toparlar «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň nyşanyny ini we boýy 42 santimetr ölçegde bolan el işiniň kanwa görnüşinde ýerine ýetirdiler.
Bäsleşik turuwbaşdan çekeleşikli häsiýete eýe bolup, netijede, baş baýraga Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiň, birinji orna şäherdäki 132-nji orta mekdebiň gyzlar toparlary mynasyp boldular. Ikinji we üçünji orunlary degişlilikde şäherdäki 99-njy, 24-nji orta mekdepleriň gyzlar toparlary eýelemegi başardylar. Ýeňijilere Hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Begmuhammet MEREDOW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.
“Nesil” gazeti,
05.05.2020ý.