ÝAŞLAR WE ÝAŞLAR GURAMASY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlarymyzyň döwrebap ylymly-bilimli bolmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şundan ugur alnyp, Büzmeýin etrap Ýaşlar guramasynyň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda Aşgabat şäherindäki 98-nji orta mekdepde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. «Berkarar döwletde iller bagtyýar» diýlip atlandyrylan duşuşyga myhmanlar, mekdebiň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuwladylar.

Mährijemal ATAÝEWA,

TMÝG-niň Büzmeýin etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Köýtendag etrap Ýaşlar guramasynyň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda «Sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly bolalyň!» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrapdaky 4-nji orta mekdepde geçirilen duşuşyga halypa mugallymlar, mekdebiň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly bolmak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Çünki sagdyn nesiller sagdyn maşgalany, sagdyn maşgala hem öz gezeginde sagdyn jemgyýeti kemala getirýär.

Munira ÇARYÝEWA,

TMÝG-niň Köýtendag etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Ýaşlarymyzyň sport bilen yzygiderli meşgullanmaklary ugrunda uly tagallalar edilýär. Şundan ruhlanyp, Sarahs etrap Ýaşlar guramasy hem-de etrap sport we ýaşlar syýasaty bölümi tarapyndan etrapdaky 21-nji orta mekdepde sportuň futbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. «Bagtyýarlyk döwrüniň sagdyn ýaşlary» diýlip atlandyrylan ýaryşa mekdebiň sporta höwesli ýaş türgen oglanlaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar. Çekeleşikli ýaryşyň netijeleri boýunça ýeňiji bolan toparyň türgenleri Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.

Arzygül MYRADOWA,

TMÝG-niň Sarahs etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini, ahlak terbiýesini, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmek maksady bilen, S.A.Nyýazow adyndaky etrap Medeniýet merkezinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Etrap Ýaşlar guramasynyň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guran çäresi «Sagdynlyk — ruhubelent ynsanlaryň hemrasy» diýlip atlandyryldy. Çärä etrabyň bilim ulgamynda zähmet çekýän ýaş mugallymlar, Mejlisiň deputatlary, ýokary synp okuwçylar gatnaşdylar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýaşlar yzygiderli sport bilen meşgullanmaly, köp okamaly, çünki nesillerimiziň giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli bolup ýetişmekleri jemgyýetimiziň aýdyň geljegini şertlendirýär.

Nurýagdy GALPAKOW,

TMÝG-niň S.A.Nyýazow adyndaky etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Magtymguly etrabyndaky 7-nji orta mekdepde «Sagdyn durmuş ýörelgesine eýereliň!» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrap Ýaşlar guramasynyň etrap bilim bölümi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guran duşuşygyna il sylagly ýaşulular, mährem eneler, mekdebiň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Çykyşlarda ýöremegiň, sport bilen meşgullanmagyň peýdasy, ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň saglygy ugrunda edilýän aladalar dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Hanmeňli HOJAMÄMMEDOWA,

TMÝG-niň Magtymguly etrap Geňeşiniň başlygy.

Sakarçäge etrap Sport mekdebinde etrap Ýaşlar guramasynyň etrap sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilen bilelikde guramagynda sportuň woleýbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi. «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» ady bilen geçirilen ýaryşda sport mekdebiniň ýaş türgenleri bäsleşip, öz ukyp-başarnyklaryny ussatlyk bilen görkezdiler. Bäsleşik örän gyzykly hem-de çekeleşikli geçdi. Ýeňijilere dabaraly ýagdaýda Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Gurbanbibi GURBANOWA,

TMÝG-niň Sakarçäge etrap Geňeşiniň işgäri.

“Nesil” gazeti,

14.05.2020ý.

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.