BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

Şugün Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleýaýlymynyň ýazgylar jaýynda «Arkadagly döwrüň sungaty joşýar, Berkarar Watanda bagtyýar ýaşlar» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasy Hormatly Prezidentimiziň doglan güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilip, dabara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Telewideniýe we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Türkmen Owazy” teleýaýlymynyň bilelikde guramaklarynda geçirilen baýramçylyk dabarasynda ýurdumyzyň tanymal estrada aýdymçylary, bagşy-sazandalary özleriniň şirin owazlary bilen çykyş etdiler.   

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň müdiri Begmuhammet MEREDOW

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.