ÝAŞLAR WE ÝAŞLAR GURAMASY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda sport ulgamyny ösdürmek, ýaşlary sporta köpçülikleýin çekmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Şundan ugur alnyp, Halaç etrabyndaky 3-nji sport mekdepde 2004-nji ýylda doglan ýetginjek oglanlaryň arasynda futbol boýunça ýaryş geçirildi. Etrap Ýaşlar guramasynyň etrap sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilen bilelikde guran ýaryşynda ökdeler öňe saýlandy. Ýeňijilere Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Pälwan RESULOW,

TMÝG-niň Halaç etrap Geňeşiniň başlygy.

Tejen etrabyndaky sport mekdebinde etrabyň orta mekdeplerinde zähmet çekýän ýaş mugallymlaryň gatnaşmagynda sportuň basketbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Etrap Ýaşlar guramasynyň etrap bilim bölümi, etrap sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilen bilelikde guran ýaryşy «Sagdyn bedende sagdyn ruh» diýlip atlandyryldy. Gyzgalaňly geçen ýaryşyň netijeleri boýunça 1-nji orna 7-nji orta mekdebiň mugallymlary mynasyp boldular. Şeýle hem 2-nji we 3-nji orunlary degişlilikde 9-njy, 5-nji orta mekdepleriň mugallymlary eýelediler.

Kuwwat ÖWEZDURDYÝEW,

TMÝG-niň Tejen etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmekleri ugrunda ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär. Sport bilen meşgullanmagyň peýdasyny, ýaşlar üçin ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, Aşgabat şäherindäki 116-njy orta mekdepde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. «Watana gerekli ýaşlar» ady bilen geçirilen çäre Bagtyýarlyk etrap Ýaşlar guramasy we etrap bilim bölümi tarapyndan guraldy. Çärede zyýanly endiklerden daşda durmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek barada giňişleýin gürrüň edildi.

Bibigözel ANNAORAZOWA,

TMÝG-niň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Oguzhan etrabyndaky sport mekdebine gatnaýan okuwçylaryň arasynda «Sagdynlyk, ruhubelentlik baş täjimizdir» ady bilen sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Etrap Ýaşlar guramasynyň etrap sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilen bilelikde guran ýaryşy turuwbaşdan çekeleşikli häsiýete eýe bolup, onda 12 — 15 ýaş aralygyndaky okuwçy türgenler özara bäsleşdiler. Ýaryşyň netijeleri boýunça ýeňiji bolanlara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Jennet ŞIRIÝEWA,

TMÝG-niň Oguzhan etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Edep-ekramlylyk, asyllylyk türkmen gelin-gyzlaryny bezeýän ajaýyp häsiýetlerdir. Şular dogrusynda giňişleýin gürrüň etmek maksady bilen, Bäherden etrap Ýaşlar guramasy etrabyň çäginde ýerleşýän «Arçman» şypahanasynda wagyz-nesihat duşuşygyny gurady. «Zenan edebi — gözellik» ady bilen geçirilen duşuşyga mährem eneler, şypahanada zähmet çekýän gyz-gelinler gatnaşdylar. Duşuşykda gelin-gyzlarymyza mahsus bolan maşgala ojagyna wepalylyk, sylaşyklylyk ýaly milli häsiýetlerimiz, el işlerimiz hakynda giňişleýin gürrüň edildi.

Arzygül AGAÝEWA,

TMÝG-niň Bäherden etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Bereket etrabyndaky 17-nji orta mekdepde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň arasynda «Kim çalasyn?» ady bilen şadyýan bäsleşik geçirildi. Etrap Ýaşlar guramasynyň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guran bu bäsleşigi şatlyk-şowhuna beslendi. Çagalar toparlara bölünip tanap çekmek, uzynlygyna bökmek, bulgur bilen suw daşamak ýaly hereketli oýunlar boýunça bäsleşdiler. Ýeňiji bolan toparlara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Baýramgül SARAÝEWA,

TMÝG-niň Bereket etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Körpelerimiziň tomusky dynç alyşlary şatlyk-şowhun bilen gyzgalaňly dowam edýär. Olaryň dynç alyş möwsümini hasda täsirli geçirmeklerini gazanmak maksady bilen, Daşoguz şäher Ýaşlar guramasy şäherde ýerleşýän «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi bilen bilelikde dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç gurady. «Şöhratly taryhymyz ýaşlara nusgalyk mekdepdir» ady bilen guralan gezelençde bagtyýar çagalar muzeý işgärleriniň milli medeni mirasymyz, taryhy ýadygärliklerimiz hakyndaky gyzykly gürrüňlerini diňlediler we sowal-jogap alyşdylar.

Aýnur ÝUSUPOWA,

TMÝG-niň Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

“Nesil” gazeti,

18.06.2020ý.

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.