Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Döwür hem işe öňe barýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyz hem depginli ösüş we giň möçberli özgertmeler ýoly bilen täze tehnologik eýýama tarap ynamly öňe gitmelidir.
12-nji IÝUN — YLYMLAR GÜNI
Ylym — ösüşleriň binýady.
Ýaşlar — geljegimiziň binýady.
Diýmek, ylymly ýaşlar — geljekki ösüşlerimiziň, berkararlygymyzyň binýady.
Hut şu jähetden, bu meseläni hormatly Prezidentimiz ylym-bilim özgertmeleriniň düýp özeninde goýýar. Çünki ertir şu günden başlanýar. Şonuň üçin geljege diňe özbaşdak pikirlenip bilýän kämil nesil gerek. Bu bolsa eýýäm häzirden ýaş nesli ylym älemine höweslendirmegi, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny talap edýär. Şundan ugur alnyp, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanynda Ýaş alymlar merkezi hereket edýär. Ýaş alymlar merkeziniň guramagynda ýylyň-ýylyna Ylymlar gününe bagyşlanyp «Ylymly ýaşlar — berkararlygyň binýady» ady bilen ylmy taslamalaryň sergi bäsleşigi geçirilýär.
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda hem bu bäsleşik Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda geçirildi. Ylym bilen meşgullanýan ýaşlaryň özbaşdak işlemek endiklerini ösdürmek, döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşige 130 sany saýlama taslama işleri bilen ýokary, orta hünär okuw mekdepleriniň ýaş mugallymlarydyr talyplary, ylmy-barlag edaralarynyň ýaş hünärmenleri, mekdep okuwçylary gatnaşdylar.
Ýörite düzülen eminler topary tarapyndan bäsleşige hödürlenen işler tehniki we tehnologiki çözgütleriň täzeçilligi, işiň häzirki döwür üçin zerurlygy, amaly häsiýeti, ýaş alymlaryň köpçülikde çykyş edip bilmek endikleridir ukyplary, saýlanan temanyň maksadalaýyklygy, onuň gatnaşyjy tarapyndan esaslandyrylyş derejesi ýaly ençeme talaplar boýunça seljerildi. Degişli ugurlar boýunça ýeňijiler yglan edilip, Diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy.
BILIM — YLYM — ÖNÜMÇILIK
Dünýäde dördünji ykdysady öwrülişigiň, ýagny sanly ulgamlaryň dürli pudaklara ornaşdyrylýan döwründe kämil ylma daýanýan innowasiýalara möhüm orun degişlidir. Ýaşaýyş-durmuşymyzyň her bir bölegini kämilleşdirmek, tehnologiýalaşdyrmak bilen biz barha işjeňleşýäris. Beýik alym Albert Eýnşteýn wagtyň hereketde bolan zadyň hereketsiz ýatan zat bilen deňeşdireniňde çalt geçýändigini aýdypdyr. Diýmek, işjeňleşmek bilen biziň ýaşaýşymyz tizleşýär, köp işleri amal etmäge mümkinçilik tapýarys. Netijede, adamzat nesilme-nesil wagt akymynyň barha tizlenýän bady bilen okgunly öňe barýar. Aýdaly, geçen asyryň başynda adamlar ulag hökmünde atdyr arabany işjeň peýdalanan bolsalar, häzirki nesil olardan onlarça esse ýokary tizlikli awtomobilleri ulanýar. Bu her döwrüň öz nesli bilen hemişe öňe gidýändigine subutnama bolsa gerek...
Ylmy taslamalaryň sergi bäsleşigine hödürlenen işleri synlap, olar bilen tanşyp ýörşüňe şu oýlary başdan geçirýärsiň. Çünki bu taslamalaryň aglabasy häzirki zamanyň innowasiýalar boýunça talabyny ödeýän döwrebap işler bolup durýar. Aýratyn bellemeli zat, işleriň ählisi hem ýaşlara degişli. Sergi bäsleşigine gatnaşyjy awtorlaryň gürrüň bermegine görä, bu işler amaly ähmiýetli, ýagny geljekde önümçilige ornaşdyrmak mümkinçiligi ýokary. Bu gezekki sergi bäsleşigine hödürlenen taslamalaryň şu meseleleri dogrusynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň alym kätibi Göwher Gelenowa bilen bular dogrusynda gürrüňdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alnyp, ykdysadyýetimiziň sanly düzümleriniň ösdürilmegine, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýän düýpli, ylmy-amaly barlaglar ýerine ýetirilýär, täze innowasion tehnologiýalar döredilýär. Bagtyýarlyk döwrümize mynasyp, döwrebap ylmy ukyp-başarnyklary bolan alymlary kemala getirmekde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýokary derejede işlenilip düzülen we durmuşa ornaşdyrylýan ylym syýasatyny durmuşa geçirmek üçin ähli ylmy edaralarda giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň şeýledigini biz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda geçirilýän bu bäsleşigiň mysalynda hem görýäris. Bellemeli zat, «Innowasiýalar ýarmarkasyna» ýaş alymlaryň iň gowy işleri bilen tanyşmaga telekeçiler, dürli döwlet edaralarynyň wekilleri hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary gatnaşdylar. Bäsleşikde köpçülikleýin hem-de özbaşdak taslamalardyr işläp taýýarlamalaryň örän köp sanlysy görkezilip, olaryň ylmy taýdan ähmiýetliligine bilermenler tarapyndan baha berildi. Ylym bilen önümçiligiň ýakyn hyzmatdaşlygynda ileri tutulýan ugurlar anyklaşdyryldy. Şunda «Bilim — Ylym — Önümçilik» zynjyry emele gelýär.
Muny aýdyňlaşdyrmak üçin, Ýaş alymlar merkezimiziň alyp barýan işlerine ýüzleneliň. Bu ýerde hususy telekeçiler, aýratyn hem, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti ýaşlarymyzyň ylmy işlerini goldap çykyş edýärler. Ilki bilen, bu hojalyk jemgyýetiniň merkezimiz tarapyndan 2017-nji ýylda taýýarlanan «Ýaş alymlaryň ylmy gadamlary» atly ylmy makalalar ýygyndysyny neşir etmäge ýardam edendigini bellemelidiris. Şeýle hem telekeçiler, hojalyk jemgyýetleri önümçilik ugurlary boýunça özlerini gyzyklandyrýan işler bilen tanyşýarlar. Soňra peýda getirjek taslamalary önümçilige ornaşdyrýarlar. Bu bolsa, birinjiden, ýaş alymlarymyzy ýeneki ylmy gözleglere ruhlandyrýar, ikinjiden, ýurdumyzda amala aşyrylýan ylym syýasatynyň netijelidigini görkezýär.
Ýene-de bir nygtamaly zat, bu gezekki bäsleşige Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýaş alymlary 17 sany döwrebap işleri hödürlediler. Olaryň arasynda önümçilik, ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli öý şertlerinde himikatsyz gap-gaç ýuwujy serişdeleri taýýarlamagyň, ýekeniň kökünden alnan krahmaldan kagyz ýelimini öndürmegiň usullary, eliň hereketi esasynda enjamlary dolandyrmak bilen baglanyşykly işler bar. Mälim bolşy ýaly, bu ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan ylmy-barlag we taslama işleriniň netijesinde döredilen IP görnüşli týuner «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti tarapyndan kabul edildi.
Umuman, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2017-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda döredilen Ýaş alymlar merkezi geljekde hem ýaş alymlaryň ylmy işlerini ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmäge gönükdirmek boýunça degişli çäreleriň toplumyny meýilnama esasynda alyp barar. Şonuň üçin hem merkezimizde ýurdumyzyň ýaşlaryny ylma höweslendirmek boýunça öňde durýan meselelere garalyp anyk wezipeler we maksatlar goýulýar.
GELJEKDE HEM ULY ÜSTÜNLIKLERI ARZUW EDIP, BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJILERINE SÖZ BERÝÄRIS:
Bägül SYLABOWA, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa hünäriniň 3-nji ýyl talyby, «Himiki tehnologiýalar, innowasion materiallar we energetika» ugry boýunça 1-nji orun:
— Durmuşyň her bir minutynda biz patogen mikroorganizmleriň täsirine sezewar bolýarys. Şonuň üçin hem infisirleme howpuny peseltmek maksady bilen biz ellerimizi sabyn bilen ýuwýarys. Onuň üçin, köplenç, antibakterial sabyn ulanylýar. Gündelik durmuşda sintetiki, güýçli täsir ediji antibakterial serişdeleri tebigy gelip çykyşly has ýumşak düzüm bölekler bilen çalyşmak gerek bolýar. Men hem «Tebigy antibakterial sabyn» atly ylmy taslamamda bu meselä ýüzlendim. Ylmy taslamamyň esasy maksady erigiň ýapragynda saklanýan natural antibakterial maddalary bölüp almak we onuň esasynda deri üçin dikeldiji antibakterial, antiseptik we gorag täsiri bolan sabyny taýýarlamak bolup durýar.
Bu sabyny taýýarlamak üçin halypa mugallymlarymyň ýolbaşçylygynda iki tapgyrda ylmy-barlag işlerini geçirdim. Birinji tapgyrda erigiň ýapraklary ýuwulýar, guradylýar, owradylýar we elenýär. Alnan gury ekstrakt sabynyň düzümine goşulýar we taýýar bolan önümiň arassalaýjylyk häsiýeti mikrobiologiki barlaglardan geçirilýär. Şeýdip taýýarlanýan bu sabyn kesel dörediji bakteriýalaryň agramly bölegini ýok etmäge ukyplydyr we ýokary arassalaýjylyga eýedir. Galyberse-de, onuň tebigy gelip çykyşly bolandygy sebäpli adam saglygyna we daşky gurşawa zyýanly hem-de zäherleýji täsiri ýok.
Begençnazar BAÝLIÝEW, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy hünäriniň 5-nji ýyl talyby, «Awtomatlaşdyrylan ulgamlar, programma üpjünçiligi, telekommunikasiýa tehnologiýalary we kiberhowpsuzlyk» ugry boýunça 1-nji orun:
— Bu bäsleşige «Awtomatlaşdyrylan ýyladyşhanany işläp taýýarlamak» atly ylmy taslamam bilen gatnaşdym. Bu hyzmat sanly maglumatyň esasynda ýyladyşhananyň ýyladyş, yşyklandyryş ulgamlaryny dolandyrmak, suw üpjünçiliginiň ýagdaýy bilen tanyşmak we öçürip-ýakmak, programmirlenen buýruk bilen bellenen sagatlarda yşyklary açyp-ýapmak, elektrik toguny gözegçilikde saklamak mümkinçiligini berýär. Ýyladyşhana önüm öndürijileriň işinde dürli ýeňillikleri döreder, goşmaça aladalary azaldyp, esasy ünsi ösdürilip ýetişdirilýän gök-bakja ekinlerine we miwelere gönükdirmekde ähmiýetlidir. Şeýle hem bu taslama milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegine goşant goşýan ähli pudaklarda sanly ykdysadyýetiň hyzmatlaryny ornaşdyrmak wezipesini üstünlikli çözmek işinde ýaşlaryň goşandyny alamatlandyrýan taslama bolar diýip umyt edýärin. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn başlangyçlary durmuşa geçirýär. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesinden görnüşi ýaly, sanly ykdysadyýet ýurduň ösüş depgininiň çaltlanmagyna we sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, şeýle-de milli ykdysadyýetiň düýbünden tapawutlanýan täze hile geçmegine ýardam berýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň aladalarynyň netijesidir.
Akmyrat ALLANAZAROW, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň et-süýt önümlerini gaýtadan işlemek hünäriniň 5-nji ýyl talyby, «Biotehnologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we lukmançylyk» ugry boýunça 1-nji orun:
— Garaşsyz Watanymyzda kämil senagat ulgamyny kemala getirmek üçin uly möçberde maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Ýurdumyzy önümçilik serişdeleriniň eksporty boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna çykarmak, öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak, täze maýa goýumlaryny çekmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny pugtalandyrmak wezipeleri üstünlikli amala aşyrylar. Biz — ýaşlar hem bu işlere özümiziň mynasyp goşandymyzy goşarys. Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän ylmy taslamalaryň sergi bäsleşigine «Türkmenistanda süýtturşy sargan we dorag önümlerini gaplaýjy bölümiň taslamasy» atly işim bilen gatnaşdym. Taslama işimiň maksady milli süýt önümlerini gaplaýjy kärhanany gurmak bilen baglanyşykly. Bu taslamamda süýt önümleriniň gaplaýyş işlerinde innowasion tehnologiýalara daýanýan önümçilik usulyny göz öňünde tutdum.
Ýaş taslamaçylaryň arasynda geçirilen bäsleşiklere gatnaşyp, olaryň birnäçesinde baýrakly orunlary eýelemegi başardym. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda nobatdaky gezek belleniljek Ylymlar gününiň öňüsyrasynda geçirilen bu bäsleşige gatnaşmak we ýeňiji bolmak bagty maňa hem miýesser etdi. Biz — ýaşlara bilimlerimizi artdyrmaga we ylym bilen meşgullanmaga giň ýol açyp beren hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys!
Mähri ILMEDOWA, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň maglumat tehnologiýalary fakultetiniň öwreniji mugallymy, «Innowasion pedagogika, kognitiw ylymlar we ykdysadyýet» ugry boýunça 1-nji orun:
— Gahryman Arkadagymyz türkmen ýaşlarynyň ylym-bilim we zehin babatda kämilleşmegi, dünýä derejesinde ussat hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda giň gerimli başlangyçlary durmuşa geçirýär. Döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler ýaşlaryň zehinini kämilleşdirmäge, ukyp-başarnyklaryny doly derejede açmaga ýardam edýär. Men hem bu sergi bäsleşigine «Onlaýn bilim» atly ylmy taslamam bilen gatnaşyp ýeňiji boldum. Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzda sanly ulgama geçmek, bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak işi dowam edýär. Taslama işimde bu konsepsiýadan gelip çykýan wezipeleri bilim ulgamynda ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerini beýan etdim. Onlaýn resminama dolanyşygy döwrüň esasy alamatlarynyň birine öwrüldi. Men hem işimde ýokary okuw mekdebine girmäge dalaşgärleriň resminamalarynyň onlaýn usulda we sanly görnüşde maglumat torlaryna ýerleşdirilmeginiň taslamasyny hödürledim. Bu resminamalaşdyrmak işinde uly ýeňillikleri döreder. Şeýle hem ulgamyň döwrebaplaşdyrylmagynda möhüm ädim bolar. Ýaşlaryň kämillik ýolunda öňe ilerlemegi ugrunda edýän atalyk aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn!
Sahypany taýýarlanlar Kakajan ÇARYÝAROW, Dawut ASGAROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyplary,
“Nesil” gazeti,
11.06.2020ý.