BEÝIK MINARA BASGANÇAK BILEN ÇYKYLÝAR

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň jemi jemlenildi.

Dünýä akyldarlarynyň birinden miras galan bu pähim hut ylym hem ýaşlar babatynda aýdylan ýaly. Çünki uly-uly arzuwda bolan ýaşlar öňlerinde goýan maksatlaryna basgançaklar arkaly ýetýärler. «Ýörjen-ýörjenlikde» olary höweslendirmek, goldamak zerur bolup durýar. Şu babatda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakyndaky» Kararyna, şeýle hem şol ýylyň 13-nji noýabrynda çykaran Karary bilen tassyklanylan Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda her ýylda geçirýän ylmy işler boýunça bäsleşigiň ähmiýeti uludyr.

Yn­ha, «Türk­me­nis­tan — Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» ýy­ly­myz­da hem dürli ylmy-barlag edaralarynda, ýokary, orta hünär we orta okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň, talyplaryň, mekdep okuwçylarynyň ençemesi öz ýazan ylmy işleri bilen bu bäsleşige gatnaşdylar. Ylmy işlerde ýaşlarymyzyň geljekki uly ylmy gadamlary görünýär. Sebäbi ýaşlaryň ilkinji ylmy gözlegleri olaryň geljekki uly maksatlaryna ýetmekdäki başlangyç ädimleridir...

Düýn Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Oguz han adyn­da­ky Inžener-tehnologiýalar uni­wer­si­te­tin­de «Ber­ka­rar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň adyndan Şahadatnamalar we gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Maňa hem bu bäsleşigiň ýeňijisi hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi.

Ylym älemindäki ilkinji ýeňişleri bilen gutlap, bäsleşigiň ýe­ňi­ji­le­ri­niň — ýur­du­my­zyň ýaş alym­la­ry­nyň kä­bi­ri­niň ýü­rek sözlerini size ýetirmegi makul bildik.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň medeniýet bölüminiň müdiri:

— Hormatly Prezidentimiz halkymyzy ruhy taýdan galkyndyryp, döwrümiziň nesillerini beýik ösüşlere ruhlandyrýan ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Şu esasda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap kemala gelmegi möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Men hem bu meseläniň wajyplygyny göz öňünde tutup, ýurdumyzyň 1 — 4-nji synp mekdep okuwçylarynyň bedeniniň fiziki taýýarlyk derejesiniň aýratynlygyny ylmy taýdan öwrenmekligi maksat edindim. Aslynda, adam bedeniniň fiziki taýýarlyk derejesiniň görkezijileri hökmünde esasy 5 sany fiziki sypat göz öňünde tutulýar. Bular çeýelik, çalasynlyk, çaltlyk, çydamlylyk we güýç ýaly sypatlardan ybarat bolup, ir çagalyk döwründe ýüze çykyp başlaýar hem-de wagtynda sazlaşykly ösdürmek üçin ýörite çemeleşmegi talap edýär. Ýeri gelende bellesek, men bu tema bilen talyplyk ýyllarymdan bäri gyzyklanyp gelýärin. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda maňa-da ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi bolup, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýynyň eýesi bolmak nesip etdi. Muňa buýsanjymyň, guwanjymyň çägi ýok!

Ogulkeýik HOJAGELDIÝEWA, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasynyň lukmany:

— Döwletimizde eneligi we çagalygy goramak döwlet Baştutanymyzyň saglyk syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu babatda iri halkara guramalar, şol sanda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän eneligi we çagalygy goramak boýunça maksatnamalara işjeň gatnaşýan ÝUNISEF Türkmenistanyň uzak möhletleýin hyzmatdaşydyr. Men hem şundan ugur alyp, «Ýürek-damar keselli göwreli zenanlarda fetoplasentar ulgamynyň ýagdaýy» diýen tema boýunça ylmy iş ýazdym. Işimiň esasy maksady «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda alnyp barylýan işlere ylmy nukdaýnazardan çemeleşmäni has-da kämilleşdirmekden ybaratdyr. Çünki daşary ýurtlaryň iň gowy tejribeleriniň öwrenilmegi we täze ylmy işläp taýýarlamalaryň özleşdirilmegi bu ulgamdaky işi guramagyň esasy usullarynyň biridir. Ýaşlaryň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşikde ýeňiji bolmagym bolsa meni ylym ýolunda ýeneki menzillere ruhlandyrdy.

Serdar BEKMÄMMEDOW, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýol gurluşygy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby:

— Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde iri gurluşyk işleri alnyp barylýar, medeni-durmuş, ýaşaýyş maksatly ajaýyp binalar gurulýar. Şoňa laýyklykda, biz — geljekki gurluşykçylar üçin bu işi oňat hilli ýerine ýetirmek, ýokary zähmet öndürijiligini, tygşytlylygy gazanmak zerur bolup durýar. Men hem ýörite ylmy temany saýlap alyp, halypa mugallymlarymyzyň ýolbaşçylygynda hem-de gözegçiliginde häzirki döwrümiz üçin zerur bolan beton önümlerini taýýarlamagyň tehnologiýasynda alternatiw energiýa çeşmelerini ulanmak meselesini öwrendim. Bilşimiz ýaly, 2018-nji ýylyň fewralynda «2018 ― 2024-nji ýyllar üçin energiýa üpjünçilik Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Munda, esasan, energiýanyň alternatiw çeşmelerini döretmek, ýagny Günden, ýelden energiýa almak göz öňünde tutulýar. Diýmek, alternatiw energiýany beton önümleriniň tehnologiýasynda peýdalanmak, birinjiden, elektrik energiýasyny tygşytly ulanmaga ýardam etse, ikinjiden, önümçilik tehnologiýasyny kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Ylymlar gününde hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýynyň eýesi bolmak bagtynyň nesip edenine begenýärin, buýsanýaryn!

Abdyrahman ANNAMYRADOW, Türkmen oba hojalyk institutynyň weterinar lukmançylygy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby:

— Güneşli ýurdumyzyň klimaty gurak hasaplanylýar. Şoňa görä-de, ekinleriň suwaryş ulgamyny kämilleşdirmek zerur bolup durýar. Men hem şu zerurlykdan we häzirki zamanyň gazanan iň kämil tehnologiýalaryndan peýdalanyp, ýurdumyzyň iň esasy oba hojalyk ekinleriniň biri bolan gowaçany sprinkler arkaly suwarmagyň innowasion tehnologiýasy boýunça ylmy iş ýazdym. Degişli işim boýunça institutymyzda kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen ýörite tejribehanada ylmy-barlag tejribesini geçirdim, birnäçe maglumatlary topladym. Ylmy işimiň amaly tarapy hakynda aýdanymda, suwaryşyň bu innowasion tehnologiýasyny önümçilige ornaşdyrmak amatly. Ylym dünýäsindäki ilkinji ädimlerim üçin Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýyna mynasyp boldum. Biz — ýaşlara bildirilen bu ynamy ödäp, geljekde has-da kämilleşeris, ylym äleminiň çuňluklaryna aralaşarys.

Nepes SAPARNAZAROW, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň senagat-tehnologiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby:

— Men ýaşlaryň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşige «Elektrik energiýasyna uzak aralykdan gözegçilik etmegiň sanly ulgamy» diýen işim bilen gatnaşyp, baýrakly orna mynasyp boldum. Bilşimiz ýaly, alym Arkadagymyz ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny sanly ulgama geçirmäge uly üns berýär. Şolaryň arasynda elektroenergetika pudagy hem bar. Men hem şundan ugur alyp, öz ylmy işimde zatlaryň interneti arkaly (Internet of Things: loT) elektrik enjamlaryna uzakdan gözegçilik etmegiň we dolandyrmagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi esasy maksadym edip goýdum. Çünki sanly ykdysadyýeti ösdürmek we hyzmatlary awtomatlaşdyrmak üçin zerur gurluşlaryň, programma üpjünçiliginiň yzygiderli kämilleşdirilmegi hökmanydyr. Şunda elektrik energiýasyny tygşytlamak üçin onuň sarp edilişini şol pursadyň özünde hasaba almak zerurdyr.

Taýýarlan Kakajan ÇARYÝAROW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fa­kul­te­ti­niň žur­na­lis­ti­ka hü­nä­ri­niň 4-nji ýyl ta­ly­by,

“Nesil”

13.06.2020ý.

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.