ÝAŞLAR WE ÝAŞLAR GURAMASY

TMÝG-niň Berkararlyk etrap Geňeşiniň guramagynda Aşgabat şäheriniň 122-nji çagalar bagynda «Sagdynlyk sportdan başlanýar» atly sport çäresi geçirildi. Bu çäre çagalarda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek endigini terbiýelemekde, olary köpçülikleýin bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmekde uly ähmiýete eýe boldy. Sport çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize atalyk aladalary üçin hoşallyklaryny bildirdiler.

Şemşat SULIÝEWA,

TMÝG-niň Berkararlyk etrap Geňeşiniň hünärmeni.

Ýakynda Tejen etrabynyň Pensiýa gaznasynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara Tejen etrap häkimligi hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guraldy. Onda çykyş edenler bu eseriň ruhy gymmatlyklarymyzy beýan etmekde hem-de ýaşlary terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak çeşmedigini belläp, Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamynyň ýiti bolmagyny arzuw etdiler.

Kuwwat ÖWEZDURDYÝEW,

TMÝG-niň Tejen etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

TMÝG-niň Wekilbazar etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň orta mekdeplerinde hem-de edara-kärhanalarynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi. Çäreleriň çäklerinde düşündiriş-öňüni alyş işlerine aýratyn ähmiýet berlip, köçe-ýol hereketine gatnaşyjylaryň, esasan hem, pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek dogrusynda wagyz-nesihat maksatly gürrüňler edildi.

Orazjemal BERDIÝEWA,

TMÝG-niň Wekilbazar etrap Geňeşiniň hünärmeni.

Döwletli etrabynyň Medeniýet öýünde «Kerwen geçer, yz galar» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda halkymyzyň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşan goşantlary, ýurdumyzyň goňşy döwletler bilen gatnaşyklarynyň taryhy we şu güni hakynda durlup geçildi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň dabaralanýandygy, Watanymyzyň daşary syýasatda gazanýan üstünlikleri buýsanç bilen bellenildi.

Gülzar BEKMURADOWA,

TMÝG-niň Döwletli etrap Geňeşiniň hünärmeni.

«Sagdyn durmuş ýörelgesi — ömrümiziň bezegi» ady bilen TMÝG-niň Magtymguly etrap Geňeşiniň etrap hassahanalary bilen bilelikde guramagynda 13-nji orta mekdepde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzda ynsan saglygy hakynda döwlet derejesinde alada edilýändigini nygtamak bilen, alnyp barylýan işleriň ähmiýeti dogrusynda gürrüň etdiler. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimize döredip beren mümkinçilikleri üçin sagbolsun aýtdylar.

Hanmeňli HOJAMÄMMEDOWA,

TMÝG-niň Magtymguly etrap Geňeşiniň başlygy.

Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdepde «Ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý edeliň!» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşi we Daşoguz welaýat Polisiýa müdirliginiň Daşoguz şäher ýol gözegçilik gullugy tarapyndan guralan çärede okuwçylara köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek, ýollarda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek barada giňişleýin düşündiriş işleri geçirildi.

Selbi ŞAMYÝEWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň hünärmeni.

“Nesil” gazeti,

17.09.2020ý.

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9679 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9272 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10272 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.