Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty” atly gepleşiginiň taýýarlanylyşynyň aýratynlygy we ähmiýeti barada açyk sapak geçirildi. Bu açyk sapaga institutyň mugallymlary şeýle-de Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary bolan Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary gatnaşdylar. Sapagyň dowamynda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda hormatly Prezidentimiziň Bitaraplyk syýasatyny has-da ösdürmek, ony dünýä ýaýmak babatynda alyp barýan dünýä ähmiýetli işleri barada gürrüň berildi. Şeýle-de Birleşen Milletler Guramasy we onuň bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk, guramanyň Türkmenistandaky wekilhanalary barada hem durlup geçildi. Sapagyň dowamynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan soraglary berip, mugallymlardan kanagatlanarly jogaplary aldylar. Şeýle ähmiýetli çäreler ýurdumyzyň geljekki halkaraçy žurnalistleriniň öz syýasy bilimlerini has-da kämilleşdirmeklerine, şeýle-de ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmaklaryna ýardam berýär. Sapagyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, eziz Arkadagymyza dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy goramak babatyndaky alyp barýan işleri üçin öz ýürek buýsançlaryny aýtdylar.
Mähriban HUDAÝGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministirliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby