Öňňin Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli «Dünýä ýaň salyp dur dostluk mukamy, Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly maslahat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu duşuşyga institutyň mugallymlary we Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary bolan talyplar şeýle-de TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň jogapkär işgärleri gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dilleri bolan iňlis, arap, ispan, hytaý, rus we fransuz dillerinde çykyş etdiler. Duşuşyk täsirli bolup, oňa gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Meredow Begmuhammet,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň müdiri