Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň bilelikde guramagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly maslahat duşuşygy guraldy. Onda baý many-mazmunly hem täsirli çykyşlar diňlenildi. Çykyşlarda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde durmuşa ornaşdyrylýan zerur işler dogrusynda gürrüňler edildi. Şeýle hem bitaraplyk düşünjesi, onuň görnüşleri, türkmen Bitaraplygy, onuň aýratynlyklary, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky hyzmatlary hem üstünlikleri, wagyz-nesihat çäresinde dowamly guralan çykyşlaryň özenini düzdi.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.