TÜRKMEN ÝAŞLARYNYŇ 47-SINE ÝAŞLAR BAÝRAGY GOWŞURYLDY

Düýn Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan her ýylda geçirilýän bu dabarada ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan, Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini öz döredijiligi, irginsiz zähmeti bilen işjeň wagyz edýän ýaşlaryň 47-sine baýraklar gowşuryldy.

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolanlar:

Ogulgül Rahymberdiýewa – Ahal welaýatynyň Tejen şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 11-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy.

Merdan Baýramgeldiýew – Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň Bagşyçylyk sungaty bölüminiň 4-nji ýyl talyby.

Rozagül Kakaýewa – Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň ýaşaýjysy.

Kasymberdi Dursunow – Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Gutly Durdyýew – Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň 21-nji orta mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy.

Göwher Şükürowa – Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Tebigat bilimleri we matematika fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Şirin Jumaýewa – Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň 8-nji çagalar bakja bagynyň terbiýeçisi.

Maýsa Myradowa – Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň medeniýet bölüminiň medeniýet merkeziniň tans toparynyň tansçysy.

Maral Agaýewa – Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Energo-tehnologiýa fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Jennet Baýramowa – Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Diýar Yhtyýarow – Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Geografiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Meňli Aşyrowa – S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Gidromeliorasiýa fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Mähri Begçaýewa – S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Sylapberdi Mämmedow – Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Jemal Aşyrowa – Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Okuw bölüminiň hünär derejeli usulçysy.

Merjen Berdiýewa – Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Adam anatomiýasy, topografiki anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň mugallymy.

Gözel Pirmuhamedowa – Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Žurnalistika kafedrasynyň mugallymy.

Daýanç Nazarow – Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.

Ýazgül Kurtowezowa – Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Maglumat ulgamlary kafedrasynyň mugallymy.

Kerwen Berdiliýew – Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Maliýe fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Gültäç Annamämmedowa – Türkmen döwlet maliýe institutynyň Maliýe kafedrasynyň mugallymy.

Döwletgeldi Durdymuhammedow – Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Elektrik üpjünçiligi we elektromehanika kafedrasynyň mugallymy.

Kuwwat Abraýew – Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Radioaragatnaşyk we radiotehniki ulgamlary kafedrasynyň öwreniji mugallymy.

Sanjarbek Ismailow – Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Binagärlik kafedrasynyň mugallymy.

Akmuhammet Jumagulyýew – Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy.

Gunça Gurbanmämmedowa – Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Bedenterbiýe fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Jennet Geldibaýewa – Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň aspiranty.

Kadyr Nuryýew – Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Enejan Uraýewa – Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Roman-german dilleri we edebiýaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Gülşat Pirjanowa – Türkmen döwlet medeniýet institutynyň aspiranty.

Döwran Şammyýew – Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Şamyrat Kürräýew – Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň terbiýeçilik işleri boýunça bölüminiň gumanitar taýýarlygy boýunça hünärmeni.

Yhtyýar Ulukow – Türkmenistanyň Serhet institutynyň 5-nji ýyl harby talyby.

Şyhy Şyhyýew – Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky zehinli ýaşlar mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy.

Atageldi Rejepgulyýew – Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň Habarlar we saz söhbetli gepleşikler bölüminiň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy.

Gülbahar Amangeldiýewa – Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň Çagalar we ýetginjekler bölüminiň 3-nji derejeli gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy.

Ogulşirin Öwezowa – Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Aşgabat» teleýaýlymynyň Çagalar we ýetginjekler bölüminiň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy.

Aýsenem Gurbanowa – «Watan» gazetiniň bölüm redaktory.

Şirin Şirliýewa – Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.

Jennet Arazowa – Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň Hukuk üpjünçiligi bölüminiň uly prokurory.

Oguljahan Durdyýewa – Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap prokurorynyň Umumy gözegçilik ugry boýunça kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.

Kerwen Miriýew – Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Merkezi edarasynyň Okuw bölüminiň Metbugat bölümçesiniň kiçi gözegçisi.

Maksat Meredow – Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň çagyryş boýunça harby gullukçysy.

Kadyrberdi Geldimyradow – Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň çagyryş boýunça harby gullukçysy.

Han Pälwanow – Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Energohyzmat» birleşiginiň folklor-etnografiýa studiýasynyň aýdym-saz toparynyň ýokary derejeli artisti.

Resul Müjewirow – Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň döredijilik toparynyň «Türkmen jigitleri» toparynyň sahna ussady.

Söhbet Annamyradow – Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Milli saz gurallar orkestriniň 2-nji derejeli artisti-solisti, instrumentalisti.

 

Has köp suratlary «Galereýa» bölümimizde görüp bilersiňiz!

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9679 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9272 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10272 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.