Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda 2020-nji ýylyň «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» diýip atlandyrylmagy aýratyn taryhy ähmiýete eýedir. Çünki bu ýyl Garaşsyz ýurdumyzyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilenine 25 ýyl dolýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Garaşsyz döwletimiz dünýäniň 185 döwletiniň goldamagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýany kabul etdi. Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap alyp, dünýäde we sebitde durnukly ösüşiň berkarar bolmagy ugrunda halkara jemgyýetçiligiň işine işjeň gatnaşyp gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň Baştutanlygynda abraýly halkara guramalary we dünýä ýurtlary bilen ýola goýlan syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de yzygiderli çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Durmuşa geçirilýän syýasatlaryň netijesinde Türkmenistan dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine ynamly goşulmak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň düzüminde öz wekilçiligini giňeldýär. Häzirki wagtda Türkmenistan bu abraýly Halkara guramanyň komissiýalarynyň, komitetleriniň we geňeşleriniň birnäçesiniň agzasy bolup durýar. Garaşsyz döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy bolan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň ykdysady ösüşini we abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biridir. Türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň ygtybarly binýadydyr.
Düýn Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşi etrabyň 18-nji orta mekdebinde ýokary synp okuwçy ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýuny mynasyp garşylamak we Bitaraplyk ýörelgesini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen «Arkadagly ýurdum hemişelik Bitarap» atly maslahat geçirdi. Maslahatda çykyş edenler hemişelik Bitaraplygymyzyň many-mazmunyny, dünýä döwletleriniň, halklarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, hoşniýetli goňşyçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň tarapdary hökmünde özüni tanadan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara ähmiýetini giňişleýin ýaşlara düşündirdiler.
S.Agajanowa
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň başlygy