BITARAP, BAGTYÝAR ŞAN-ŞÖHRATLY WATANYM

Halkara Bitaraplyk güni parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, halklar we sebitler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan, amatly geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini umumyadamzat bähbitleriniň we ösüşiniň hatyrasyna gönükdirýän döwlet hökmünde eziz Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da pugtalandyrýar we gadymy dostluk ýörelgelerimizi, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyzy dabaralandyrýan aýratyn ähmiýetli baýram hökmünde döwlet derejesinde giňden bellenilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Daşoguz welaýat wekilhanasy bilen bilelikde hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli welaýatyň öňdebaryjy ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Bitarap, bagtyýar şan-şöhratly Watanym» atly maslahat geçirdi. Maslahatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygy Maksat Otuzow, Daşoguz welaýatynyň çagalar sungat mekdebiniň direktorynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Almagül Nazarowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Daşoguz welaýaty boýunça wekilhanasynyň attaşesi Enegül Kakajanowa, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Nurýagdy Orazdurdyýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy Orazgeldi Hemraýew, Akdepe etrabyndan medeniýet işgäri Täçmyrat Mätgeldiýew çykyş edip, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz geçen 25 ýylyň içinde goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlygy, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmakda bahasyna ýetip bolmajak işleri amala aşyrdy diýip, bellediler. Hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine eýerýän Türkmenistanyň bu gün ylalaşdyryjy merkeze öwrülmeginiň hem çuň manysy bar. Häzirki wagtda Türkmenistan halkara giňişliginde özüniň anyk ugry bilen barýar. Ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamak, ýaragsyzlanmak, täze wehimlere we howplara garşy durmak, adam hukuklaryny goramak ekologiýa, azyk meselesi, dünýäde bolup geçýän maliýe-ykdysady çökgünligiň ýaramaz täsir  etmegine ýol bermezlik, ylmy, bilimi we medeniýeti ösdürmek hormatly Prezidentimiziň gündelik aladalarynyň biri bolup durýar. Arkadag Prezidentimiziň buýsanç bilen aýdyşy ýaly, Ata Watanymyz Türkmenistan parahatçylyk söýüji ýurtdur. Türkmenistan-Bitaraplygyň mekanydyr! Alym Arkadagymyzyň Baş bolmagynda Diýarymyz indi dünýäde iň bir bagtly adamlaryň ýaşaýan we ähli arzuwlaryň hasyl bolýan jenneti mekanyna öwrüldi. «Halk», «Watan» diýen beýik düşünjeleri baky ýörelge edinip, bu mukaddesliklere baky wepaly bolmaklygy, bütin dünýäde ýurdumyzy nusgalyk derejede ösdürýän Arkadag Prezidentimize alkyşlarymyz çäksizdir.

 

Serdar Şyhyýew

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9679 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9272 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10272 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.