Arkadag Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sport ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzda döwrebap sport toplumlary ýaşlarymyza hyzmat edýär. Bu babatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sakarçäge etrap Geňeşi tarapyndan birnäçe wagyz-nesihat, sport we döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Munuň özi ýaş nesilde watansöýüjilik, ýokary ahlaklylyk, dost-doganlyk, birek-birege hormat goýmak, salykatlylyk ýaly ynsanperwer ýörelgeleri terbiýelemekde aýratyn ähmiýete eýedir.
Düýn Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi, Sakarçäge etrap Sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilen bilelikde Sakarçäge etrabynyň Sport mekdebinde, Sport mekdepde türgenleşik geçýän okuwçylaryň gatnaşmaklarynda «Sport sagdynlygyň gözbaşy» ady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşik geçirildi. Okuwçylar sportuň woleýbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, agyr atletika görnüşleri boýunça bäsleşip, öz ukyp-başarnyklaryny ussatlyk bilen görkezdiler. Bäsleşik örän gyzykly hem-de çekeleşikli geçdi. Ýeňiji bolan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi we Sakarçäge etrap Sport we ýaşlar syýasaty bölümi tarapyndan hormat hatlar gowşuryldy.
K.Altyýew
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň başlygy