«Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň ýeňijisi kesgitlenildi

18-nji dekabrda paýtagtymyzda ýaş aýdymçylaryň arasyndaky «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ol baýramçylyk çäreleriniň Täze ýylyň öň ýanyndaky maksatnamasynyň ajaýyp wakalarynyň birine öwrüldi.

Birnäçe tapgyrda geçirilen döredijilik bäsleşiginiň jemleýji bölegine ýaş ýerine ýetirijileriň 11-si çykdy. Olaryň çykyşlaryna deslapky saýlama tapgyryň barşynda teletomaşaçylaryň hem-de radiodiňleýjileriň has köp bölegi ses berdi. Indi şolaryň içinden bäsleşigiň baş baýragynyň ýeke-täk eýesini kesgitlemek galdy. Şu mynasybetli aýdym-saz sungatynyň ussatlary bir ýere jemlendiler.

«Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň aýdym-saz studiýasynda geçirilen jemleýji konserte eminler göni ýaýlym arkaly ses berdiler.

«Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigini Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikleri we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti geçirýärler. Bäsleşigiň maksady döredijilik işjeňligini hem-de ýaş zehinleri ýüze çykarmakdan we goldamakdan ybaratdyr.

Bäsleşige gatnaşyjylar ýaryşyň şertine görä, iki aýdymy ýerine ýetirdiler, şolaryň birini eminleriň ýaşlaryň sesiniň arassalygyna we gözelligine, seslerine erk edip bilşini hem-de diňleýjiler bilen özara ýakyn gatnaşyklara girip biliş ukyplaryna doly derejede baha bermegi üçin sazsyz ýerine ýetirdiler. Bäsleşikde dürli görnüşdäki aýdymlar – döwrebap estrada we gadymy halk, söýgi we watançylyk, baýramçylyk aýdymlary ýaňlandy...

Ine-de, sesleriň sanalmagy tamamlandy hem-de alypbaryjylar bäsleşigiň netijelerini yglan edýärler. Bäsleşigiň netijesine görä, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Estrada artistleri» toparynyň 1-nji derejeli artisti-wokalisti Leýli Ökdirowa bu döredijilik bäsleşiginde ýeňiji hem-de «Ýylyň parlak ýyldyzy» diýen adyň eýesi boldy.

Ýeňijä «Ýylyň parlak ýyldyzy» kubogy hem-de höweslendiriji pul baýragy gowşuryldy.

Baş baýrakdan başga-da, birinji, ikinji we üçünji orunlar hem göz öňünde tutuldy. Bäsleşikde 1-nji orny Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Medeni miras» fakultetiniň «Höwesjeň aýdym-saz toparyny guramak we dolandyrmak» hünäriniň 2-nji ýyl talyby Seýitguly Tülegenow, 2-nji orny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Meňli» tans toparynyň 1-nji derejeli balet artisti Bahar Annaýewa, 3-nji orny bolsa, Rahym Gurbanow dagy eýelemegi başardylar.

Bäsleşigiň ruhubelent ýeňijileri bäsleşigiň ahyrynda milli Liderimiziň şunuň ýaly üns-aladasy we berýän goldawy üçin türkmen medeniýetiniň ösdürilmegine mynasyp goşantlary bilen jogap berjekdiklerine ynandyrdylar.

 

Has köp suratlary «Galereýa» bölümimizde görüp bilersiňiz!

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9725 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9311 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10317 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.