Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşleriniň bilelikde guramagynda «Gyz edebi – il edebi» ady bilen wagyz-nesihat çäresi ýokary ruhubelentlik derejesinde geçirildi.
Gelin-gyzlarda millilik, edep-ekramlylyk, salyhatlylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek, olarda milli mirasa sarpany, zähmete söýgini ösdürmek, şeýle-de ene-mamalarymyzyň asylly häsiýetlerini kemala getirmek maksady bilen guralan bu çärede gelin-gyzlaryň, halypa zenanlaryň gatnaşmaklarynda täsirli wagyz-nesihat, monolog we aýdym-sazly çykyşlaryň birnäçesi ýerine ýetirildi. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň ýeten belent sepgitleri, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda gelin-gyzlara goýulýan sarpa we olaryň ähli ulgamlarda döredijilikli zähmet çekmegi üçin döredilýän şertler, şol bir wagtda gelin-gyzlaryň milli terbiýesi üçin alnyp barylýan işler, dogrusynda täsirli gürrüňler, ajaýyp aýdym-sazlar, şeýle hem döredilýän ähli mümkinçilikleriň sakasynda duran hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler belentden ýaňlandy.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.