“Paýhas çeşmesinde” Nahar hakynda

Dost naharyny duşman ýaly iý, duşman naharyndan asla datma.

* * *

Nahardan öň elini ýuwmadyk özüni sylamaz,

Nahardan soň elini ýuwmadyk – iýen duzuny.

* * *

Naharyň bişerine garaşan sowaryna-da garaşar.

* * *

Dar ýerde nahar iýenden, giň ýerde taýak iý.

* * *

Datsyz nahara duz kär etmez.

* * *

Ertir naharyňy ataň bolsa-da berme,

Günorta naharyňy dostuň bilen iý,

Agşam naharyňy duşmanyňa ber.

* * *

Erkekden galan nahar aýal üçin teperrik.

* * *

Myhmanyň öňünde aş goý, iki elini boş goý.

* * *

Arpa-bugdaý aş eken, altyn-kümüş daş eken.

* * *

Aşy harlama – gusdurar, äri harlama – busdurar.

* * *

Azajyk derdi aş basar, agyr derdi – iş.

* * *

Berk bolsa daşyň, taýýardyr aşyň.

* * *

Bir zuwala aş bişirdim, myhmany atdan düşürdim.

* * *

Gündiz aşyny goýy et, suw içirer, dok bolarsyň,

Gije aşyny suwuk et, daş çykarar, sak bolarsyň.

* * *

Her aşyň bir ýeri bar.

* * *

Merde berseň aşyňy, mert hezzetlär başyňy,

Ite berseň, aşyňy, it çekelär läşiňi.

* * *

Gepiň azy ýagşy, aşyň – duzy.

* * *

Aş köp bolsa, kada köp.

* * *

Aş tagtadan (ýaýmakdan) çykar, nah ‒ pagtadan.

* * *

Aş eýesi bilen datly.

* * *

Agyry aşdan geler, dawa – garyndaşdan.

Indiki makala

PAÝHAS ÇEŞMESINDEN

Meňzeş habarlar

03 Iýul 2025 | 63 okalan

UKUSYZLYGYŇ DERMANY

03 Iýul 2025 | 56 okalan

GYLYGYŇY GÖZELLEŞDIR