TOKLY TAMDYRLAMASY

Hormatly Prezidentimiziň taýýarlamagynda çapdan çykan “Bereketli türkmen saçagy” kitaplarynyň I-II tomlarynda getirilen köp sanly deliller, maglumatlar we tagam taýýarlamagyň dürli-dürli usullary türkmen halkynyň myhmansöýer saçagy hem-de onuň özboluşly milli tagamlary barada doly düşünje berýär. Türkmeniň toýdur baýramlarda, saz-söhbetli duşuşyklarynda taýýarlaýan milli tagamlarynyň biri-de tokly tamdyrlamasydyr. Şeýle bolansoň bu gezek “Bereketli türkmen saçagy” kitabynyň II tomundan tokly tamdyrlamasynyň taýýarlanyşy barada maglumat bermek isledik.

Gerekli önümler:

1 toklynyň eti

300 gram sogan

100 gram sarymsak

300 gram kartoşka

3-4 sany lawr ýapragy

300 gram pomidor

200 gram käşir

Islegiňe görä duz, burç gerek bolýar.

Taýýarlanyşy:

Tamdyrlamada tutuş bir toklynyň eti bişirilýär. Ilki maly soýmaly, etini bölmän taýýarlamaly. Soňra beýleki bir gapda sogan, sarymsak, burç, lawr ýapragy garyşdyrylyp, dürüşde taýýarlamaly we mal etini kesişdirip ýa-da dilişdirip, şol dilnen ýerlerine taýýarlanan dürüşdäni dykyşdyrmaly. Mal etiniň ähli ýerini şeýle etmeli. Soňra tamdyry kemsiz gyzdyryp, çeni bolansoň tamdyryň içindäki gory üýşürmeli. Bir kersene suw guýup, goruň üstüne oturtmaly, soňra şol suwly kersene sogany, kartoşkany, gök otlary, sarymsak dograp atmaly, duz sepmeli. Etleri tutuşlygyna ýarym metr çemesi uzynrak demirden ötürip, tamdyryň içine sallamaly, arça pürlerini suwa ezip sepmeli, dessine tamdyryň agzyny gazan bilen ýapmaly we hiç ýerinden bug çykmaz ýaly gyralaryny palçyk bilen suwamaly. Tamdyryň körügini hem suwamaly. Şunda etiň ýagy mazaly bugaryp, ondan soň bug göterilip eti bişirýär. Kersendäki suw gaýnap, çorba öwrülýär we ondaky zatlaryň hemmesi bişýär. Gowy gyzan tamdyrda eti 1 sagat 15 minut çemesi saklamak ýeterlikdir. Ol täzeje ýapylan tamdyr çöregi bilen saçaga äberilýär.

 

Öňki makala

TERBIÝE

Indiki makala

DANALAR KITAP HAKYNDA

Meňzeş habarlar

25 Noýabr 2024 | 0 okalan

BAGBAN

22 Noýabr 2024 | 6634 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 1954 okalan

BAHYL ADAM