Günleriň birinde Mahmyt Zamahşarynyň ýanyna bir ýaş ýigit gelipdir. “Ussat, harplary öwrendim, söz ýazyp bilýärin. Sanlary öwrendim, hasaplap bilýärin. Golumda rysgymy gazanar ýaly gara güýjüm, egnimde bir öýüň keşigini çeker ýaly gaýratym bar. Emma agalarym maňa henizem ynamsyz bakýar. “Akyl bir başga, ukyp bir başga, başarnyk düýbünden başga zat. Akylyň ýa ukybyň bardygy seniň köp zady başarýandygyňy aňladanok. Onsaňam, heniz iň uly nogsanlyga akyl ýetirmedik bolsaň, bar, git-de gaýtadan tälim al” diýýärler. Menem bilýänimi subut etmek üçin mesele, ýumuş soraýaryn, emma “Başarjaňlygyňy subut etmek üçin bizden dalda soraýan bolsaň, onda seniň hiç zat bilmeýändigiň” diýip, gaýta beter gyjalat berýärler. Aýtasaňyzlaň, başarjaňlygy nädip ýüze çykarmaly? Iň uly nogsanlyk näme? Munuň üçin dag köwmelimi, daş götermelimi, suw daşamalymy ýa odun çekmelimi, bir aýdyňlap berseňizläň” diýip, haýyş edipdir. “Adamyň ýasawyndaky häsiýetleriň biri kyndyr öýden meselesiniň çözgüdini hemişe çylşyrymly, agyr zatlardan gözlemegidir. Aslynda welin, aglaba halatda şol çözgütler sada zatlara syrygýar. Başarjaňlygy subut etmegiň ilkinji ädimi — başlamak. Bir zady başlaýandyryn, hötdesinden gelýändirin öýtseň, dessine işe başla. Şol amaly hasyl etmäge giriş. Başlan işiňi dowam etmek başarjaňlygyň aýdyň ýüze çykmasydyr, başlan işiňi doly berjaý etmek — onuň aýdyň subutnamasydyr. Onsaňam, bir işe başlap, ony doly bitirmän başga bir işe girişmek amalyň we abraýyň apatydyr, bilip goý. Iň uly nogsanlyk bolsa, köp zady başaryp bilýärkäň, az amal etmek ýa-da doly bitirmäge güýjiň barka, ýarpy ýolda taşlap, yzyňa gaýtmak häsiýetidir. Başarýaňmy — dessine başla we soňuna çenli doly-kämil berjaý et. Şonda özüňdäki başarjaňlyk üçin subutnama ýa şaýat gözlemäge zerurlyk galmaz. Seni hemmeler ykrar eder” diýip, Mahmyt Zamahşary jogap beripdir.