IŞE IŞGÄR BOLUP ÝAPYŞ

Ylma höwesek jomart baýlaryň biri döwrüniň tanymal sopusyny görmek we ondan maslahat almak üçin ir säherde ýola şaýlanyp, sopularyň bolýan hanakasyna barypdyr. Giň howlynyň içinde odun çapyp duran gojadan başga janly-jemendä gözi düşmändir. Baý şol gojanyň ýanyna baryp: “Bu hanaka örän uly eken. Maňa ussat pir gerekdi. Men ony nireden tapyp bilerin?” diýip sorapdyr. Goja daş-töweregine seredipdir. Soňra birsellem gözlerini ýumup durşuna, pikirini ýaňzydypdyr:

—Edil häzir-ä ony hiç ýerdenem tapyp bilmersiňiz.

Baý adam bu jogaba ör-gökden gelipdir:

—Näme, ol uzak bir ýere ýola düşdümi? — diýip, geň galyjylyk bilen sorapdyr.

—Ol hiç ýere-de gidenok. Ol siziň öňüňizde odun çapyp dur. Odun çapýan adam pir däl-de odunçydyr. Eger size goja pir gerek bolsa, hanakaň içine giriň we şol ýerde garaşyň. Pir sizi hökman kabul eder — diýipdir.

Baý bu gojanyň nämeler aýdýandygyny oňly saýgarmasa-da, “garaşyberiň” diýen sözi eşidensoň, aýdylan ýerde irikge bolup durupdyr. Bir haýukdan soňra goja ussat pir lybasynda onuň öňünden çykyp, baýy garşylapdyr. “Gullugyňyza taýýar. Näme hyzmat?” diýip, goja pir oňa ýüzlenipdir. Baý bu pir bilen elleşip görşüpdir, ýöne pir eşigine girse-de, onuň ýaňky odunçydygyny ýüzünden tanapdyr. “Size hormatym bolsun, nähili soraglaryňyz bar?” diýip, goja pir gürrüňi dowam edipdir. Baý: “Size berjek soraglarym örän köp, ýöne mundan öň başga bir zady anyklasym gelýär. Siz ýaňky odunçy dälmi näme?” diýipdir. Goja pir: “Ýok, men häzir ol odunçy däl. Indi ýagdaýlar üýtgedi. Men bu wagt ýönekeý adam we şu hanakanyň ussady. Biziň ýüzümiz meňzeşem bolsa, ol odunçydy, men bolsa ussat” diýip, jogap beripdir. Baý bu ýagdaýa geňirgenipdir, hiç düşünip bilmändir. Öýüne geleninden soňam bu hakda kän pikirlenipdir. Ahyry hyzmatkärini çagyryp, bolup geçen wakalary gürrüň beripdir. Hyzmatkär hiç zat bolmadyk ýaly jogap beripdir: “Bu ýerde geň galarlyk ýagdaý ýok. Odunçy hem, ussat hem şol bir adam. Ýöne ol odun çapanda, işe hakyky odunçy bolup girişýär. Ders berende, sapaga hakyky ussat bolup girýär. Her amala özini tutuşlygyna bagyş edýär” diýipdir. Ynsan haýsy işe ýapyşanda hem durky-düýrmegi bilen şoňa berilmegi başarmalydyr.

Çekseň zähmet – ýagar rehnet.

* * *

Aglap-aglap pel çeken, gülüp-gülüp suw tutar.

* * *

Baýlygyň enesi – ýer, atasy – zähmet.

* * *

Çeper eli çermelgi, çarwa bili çyzgalgy.

* * *

Çyn baýlyk ýa ýer bilen, ýa-da zer bilen.

* * *

Daýhan mert – ýer jomart.

* * *

Der saçan dür saçar.

* * *

Edenli adam topragy altyna öwrer.

* * *

El görki – hünär.

* * *

Eli işläniň, agzy dişlär.

* * *

Är hereketi – ýer bereketi.

* * *

Goýun bakan çöl tanar, ylym okan ýol tanar.

* * *

Halal zähmet – baky döwlet.

* * *

Her iş öz ussasynyň elinde aňsat.

Meňzeş habarlar

25 Noýabr 2024 | 0 okalan

BAGBAN

22 Noýabr 2024 | 6634 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 1954 okalan

BAHYL ADAM