“BEREKETLI TÜRKMEN SAÇAGY – II” GARA ÇORBA

Mälim bolşy ýaly, halk tagamlarynyň we milli naharlary taýýarlamagyň däbe öwrülen usullarynyň taryhy gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýar. Milletiň taryhy ösüşiniň dowamynda azyklyk önümlerini öndürmegiň we esasy naharlary taýýarlamagyň usullary üýtgäp durupdyr, olaryň görnüşleri artypdyr. Bu bolsa ilatyň ykdysady we medeni ösüşi, şeýle hem goňşy milletleriň we halklaryň medeniýetleriniň birek-biregi özara baýlaşdyrmagy bilen şertlendirilendir.

Türkmen milli tagamlarynyň biri-de çorbadyr. XIX asyryň segseninji ýyllarynda Hazarýaka türkmenleriniňkide bolan ýewropaly telekeçileriň biri «Goýun etinden taýýarlanan şeýle süýji çorbany henizlerem ýadymdan çykaryp bilemok» diýip belläp geçmegi hem türkmeniň milli tagamlarynyň, aýratyn-da saglyk üçin örän peýdaly bolan bu naharyň tagamynyň nädereje süýjidigini, lezzetlidigini görkezýär.

Biz hem “Ruhy miras” rubrikamyzyň şu gezekki sanynda hormatly Prezidentimiziň “Bereketli türkmen saçagy” kitabynyň ikinji tomunda ýerleşdirilen milli tagamlarymyzyň biri bolan gara çorba barada ýetirmekligi müwessa bildik.

Gerekli önümler:

500 g çylka et

3 nahar çemçesi ak ýag

3 sany düýp sogan

2 sany pomidor

islege görä gök ot, duz we burç .

Taýýarlanyşy:

Bu nahary taýýarlamak üçin çylka goýun eti ulanylýar. Ýagly goýun etini 20–40 gramlyk böleklere bölmeli we olary gyzgyn ýagly gazana atyp gowurmaly. Soňra maýda dogralan sogan atyp, ýene-de 5–7 minut gowurmaly, üstüne suw guýmaly we taýýar bolýança haýal otda gaýnatmaly. Taýýar bolmaga 15 minut galanda dogralan pomidorlary goşmaly, duz we burç sepmeli. Nahar gaýnadylan wagtynda çorba arassalanan kartoşka, süýji we ajy burçlary, pomidor we käşir goşmak bolar. Ter pomidoryň ýok wagty olaryň ýerine pomidor goýaltmasyny ýa-da pomidor kakyny ulanyp bolar. Taýýar bolan çorbany käsede äbermeli, şonda onuň üstüne ownuk dogralan gök ot sepilýär.

 

 

 

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 6622 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 1945 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 2145 okalan

KESIR