“BEREKETLI TÜRKMEN SAÇAGY – II” IŞLEKLI

Türkmeniň milli tagamlarynyň biri-de işleklidir. Işlekliniň çopan işleklisi, kädili işlekli we kömelekli işlekli görnüşleri bolup, biz “Ruhy miras” bölümimiziň bu gezekki sanynda size hormatly Prezidentimiziň çäksiz zähmeti esasynda taýýarlanan “Bereketli türkmen saçagy” kitabyndan Çopan işleklisiniň taýýarlanyşy dogrusynda ýetirmekligi makul bildik.

IŞLEKLI

Ilki petir hamyr ýugurmaly, semiz malyň etini, içýagyny maýdajyk dograp, üstüne maýda dogralan sogan goşup, gara burç, duz sepip, azrak suw goşup garmaly. Soňra petir hamyry 0,5–1 sm galyňlykda ýaýyp, içine taýýarlanan dürüşdäni ýaýratmaly. Üstüni 0,5 sm galyňlykda ýaýylan hamyr bilen ýapyp, işlekliniň gyralaryny bükmeli we ortarasyny kiçiräk deşmeli. Soňra howurpeçde 1300C derejede 40 minutlap bişirmeli. Işlekli ýalpak tabakda dogralan düýp sogan bilen äberilýär.

Taýýarlamak üçin 300 g ýagly mal eti, 310 g un, 120 g sogan, 50 g guýruk ýagy, islege görä gara burç, duz gerek bolýar.

ÇOPAN IŞLEKLISI

Soýlan goýnuň ýaglyja ýerinden alyp, maýdaja dogramaly. Et näçe ýagly bolsa, şonça gowy. Oňa dogralan sogan, duz, burç atmaly. Soňra taýýarlanan hamyryň her biriniň uzynlygy 20–30 santimetr bolar ýaly kesip, tegelek görnüşde ýaýmaly. Ýaýylan hamyryň aşaky gatynyň töweregini galdyryp, oňa ýaňky dürüşdäni salmaly. Ikinji üstki gaty alyp, birinjiniň üstüne laýyk goýmaly hem-de gyralaryny büküp çykmaly. Işlekli etjek etiňiz ýagsyzrak bolsa, hamyryň ortarasyndan deşik  açmaly we azrak ýag guýmaly. Soňra ony ojar ýakylyp, kemsiz gyzdyrylan çägä gömmeli. Hamyry deşen ýeriňize ortasy gowalç gamyş oturtmaly, sebäbi onuň içi gaýnanda, bug şondan ýokaryk çykar. Kemsiz bişen işlekli saçaga äberilýär.

Taýýarlamak üçin 500 gram un, 400 gram et, 300 gram sogan, 30 gram ýag, duz bilen burç gerek bolýar.

KÄDILI IŞLEKLI

Palaw kädini gowy arassalap, böleklemeli. Sogan, pomidor, burç we duz  garyşdyryp, dürüşde taýýarlamaly. Soňra olaryň hemmesini ýaýylan hamyra salyp  büküşdirmeli. Işlekli ojak odunda ýa-da howurpeçde bişirilýär. Taýýarlanan  naharyň ýüzüne mesge çalyp, ýany bilen şibit (ukrop), petruşka hem saçaga äbermeli.

Taýýarlamak üçin 400 gram un, 300 gram kädi, 200 gram sogan, pomidor, mesge, burç, duz gerek bolýar.

KÖMELEKLI IŞLEKLI

Täzeje kömelegi arassalap, ýuwup, maýdaja dogramaly. Oňa sogan, duzdur burç  sepip garyşdyrmaly. Taýýarlanan dürüşdäni içine biraz suw goşup, ýaýylan hamyra salyp büküşdirmeli. Kömelekli işleklini tamdyrda ýa-da howurpeçde bişirmeli, üstüne ýag çalyp, saçaga äbermeli.

Taýýarlamak üçin 400 gram un, hersi 300 gram sogan bilen kömelek, 50 gram ýag (saja çalmak üçin), burçdur duz gerek bolýar.

Öňki makala

SANAWAÇLAR

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR