SANAWAÇLAR

Sanawaçlar goşgy formasynda uly bolmadyk şygyrlar, gepleşikler, sahnajyklar görnüşinde döredilýär. Olarda belli bir ideýa giň hem-de hertaraplaýyn beýan edilmeýär. Sanawaçlar çagalar üçin ulular tarapyndan döredilen, dilden aýdylýan, çagalaryň özleri tarapyndan ýerine ýetirilýän žanrdyr. Sanawaçlara – oýun sanawaçlary hem diýilýär. Olar galapyn çagalar oýny bilen baglanyşyklydyr. Sanawaçlar halk döredijiliginiň kiçi (ownuk) žanrlarynyň biri bolup, maddy däl mirasymyzyň bir ülşüdir. Halk döredijiliginiň bu žanrynyň adalgasy “Sanamak” sözünden bolup, tekstäki bentleri ýüzugra sanap çykmagy —aýtmagy aňladýar. Sanawaçlar, esasan, çagalaryň ýetginjeklik döwrüne çenli döredilen setirlerdir.Olar kiçi hem uly ýaşly çagalaryň arasynda aýdylýan sadaja şygyrlardyr.

Sanawaçlar göwrümi taýyndan uly hem kiçi bolup bilýärler. Az setirli gysgajyk sanawaçlar ýaş çagalara, göwrümi uly sanawaçlar uly ýaşly çagalara niýetlenilýär. Sanawaçlaryň köpçülik bolup ýerine ýetirilýäni-de bar. Käbiri bolsa ikibir-ikibir bolnup ýa-da ýekelikde ýerine ýetirilýär.

Sanawaçlar çagalar folkloryna degişli bolup, diliniň sada, ýatda galyjylygy bilen tapawutlanýar:

Öw-öwek,

Towşan döwek,

Bilbil saýrar,

Sesi ýaýrar,

Derýa akar,                 

Suwun çeker,

Gökden ümür,

Çekdi kömür,

Sen çyk!

(―Öw-öwek‖)

Şu sanawaç, görşümiz ýaly, owazly, sazlaşykly setirlerden düzülipdir. Her bir setiriň başyndaky söz bilen şol setirleriň soňundaky ýa-da ondan soňky sözüň aýdylyşy we formasy taýyndan ýakyn bolan sesler bilen başlanýar. Şeýle setirler çagalar üçin has-da gyzyklydyr hem ýatda galyjydyr.

Aýdylyş aýratynlygy boýunça sanawaçlar iki topara bölünýär:

1.Bir ýerde oturyp aýdylýan sanawaçlar.

2.Ýörite oýun hereketinde aýdylýan sanawaçlar.

Oýun sanawaçlarynyň birinji toparynda oýnamak üçin çaganyň ýatkeş bolmagy zerurdyr. Oýna gatnaşýan çaga sanawaçlaryň birnäçesini (“Şakga-şakga bilezik”, “Ýumak tapdym“, “Gar ýagar-a, gar ýagar” we ş.m) ýatdan bilmeli bolýar. Bu sanawaçlar örän ýönekeýdir. Olar çagalaryň düşünjesine laýyklykda, başaraýjak işlerine, gündelik görýän zatlaryna bagyşlanylyp döredilýär. Bu sanawaçlaryň öwredijilik ähmiýeti uly. “Ýumak tapdym” sanawajynda şeýle diýilýär:

Ýumalanyp ýumak tapdym,

Içinden başdarak tapdym,

Daragy mamama berdim,

Mamam maňa köke berdi,

Kökäni çopana berdim,

Çopan maňa taýak berdi,

Taýagy daýyma berdim,

Daýym maňa gamçy berdi,

Gamçyny ýere urdum,

Ýer maňa jöwen berdi,

Jöweni derýa zyňdym,

Derýa maňa köpük berdi,

Köpügi derege çaldym,

Derek maňa ýaprak berdi,

Ýapragy sygryma berdim,

Sygyr maňa süýt berdi,

Süýdi bişirip otyrdym,

Garga geldi ―gak‖ etdi,

Serçe geldi ―jyk‖ etdi,

Uly agam ululyk etdi,

Kiçi agam kiçilik etdi,

Ýeňňem gaçalak etdi,

Gazandaky süýt dökülip gitdi.

Şular ýaly sanawaçlar çagalar ýygnanyşyp otyrkalar aýdylýar. Mysaldaky “Garga geldi "gak" etdi”, “Serçe geldi “jyk” etdi” diýen setirler aýdylanda, ýanyndaky oturanlaryň gulagyna “gak”, “jyk” sözleri gatrak aýdylýar. Gulagyna bu sözler gatrak aýdylan oglan tisginip gidýär welin, beýleki oturanlar gülüşýär.

Çagalar sanawaçlarynyň “Öweleme-döweleme”, “Ekem-öwem” ýaly käbir görnüşleri-de oturyp oýnalanda, çagalar tegelenip, aýaklaryny orta uzadyp oturýarlar. Olaryň arasyndan biri sanawajy aýdyp başlaýar. Sanawajyň her setiri aýdylanda, orta uzadylan aýaklaryň, haýsy-da bolsa birine çalaja kakylýar. Şeýlelikde, kimiň aýagyna gezek gelende, sanawajyň soňky setiri aýdylsa, şol oglan aýagyny çekip, oýundan çykýar:

Ekem-öwem,

Arpa çekem,

Ýola bakam,

Gözüm dikem,

Gyzyl towuk,

Gyrma towuk,

Jyňňyrdawuk,

Çek aýak.

(―Ekem-öwem‖)

Bu toparda sanawaçlar aýdylanda, kim yza galsa, oýunda onuň utuldygy bolýar. Oýun sanawaçlarynyň bu görnüşleri çalt aýdylýar hem-de birnäçe gezek gaýtalanýar.

Çagalar sanawaçlarynyň ikinji topary dürli oýunlar bilen baglanyşdyrylýar. “Ýaranym-a ýaranym”, “Bagym-bagym”,”Aýterek-Günterek” ýaly sanawaçlar gysgajyk oýun sanawaçlaryna ýa-da gepleşiklerine meňzeşdir. Bu sanawaçlar oýnalanda, ýetginjekler iki topara bölünýär. Bir topardan ýetginjekleriň haýsam bolsa biri ýa-da köpçülik bolnup oýun sanawajy sanaýar. Garşylykly topar hem jogap berýär:

Bagym-bagym,

Janym bagym,

Goýunlar nirede?

Otluk dagda.

Näme iýýär?

Ot iýýär.

Näme içýär?

Suw içýär. we ş.m.

(―Bagym-bagym‖)

Sanawaç sanalansoň, iki sany ýetginjek el tutuşyp ýa-da ellerini çilşirip, goýun kökerilen ýaly bolup durýar. Beýleki ýetginjekler olaryň elleriniň aşagyndan sümülip geçýär. Soňra ýetginjekleriň tahýalary bir ýerde üýşürilýär. Ýetgijekleriň gözleri daňylyp, üýşürilen tahýalaryň ýanyna eltilýär. Tahýasyny tanamadyk ýa-da tahýasyny çalşyp alana tans edip bermek buýulýar.

Kiçi ýaşly çagalaryňda sanawaçlarynyň käbiriniň (“Herek maýa münjekmi?) özi oýun bolup durýar. Bu oýunda başdanaýak sanawaç sanalýar. Bulardan başga-da, hekaýat-waka görkezilýän (“Hapyz agam”), sowal-jogap şekilinde döredilen (“Buşlugyma näm berjek?”, “Ýaranym”) oýun sanawaçlarynyň uly ähmiýeti bar. Türkmenleriň “Bukuldym”, “Görüpgaçdy”, “Çilik”, “Ortada durmak” ýaly milli oýunlarynda, ilkibaşda “eşekçini” bellemek, oýnuň soňunda utulany “jezalandyrmak” üçin sanawaçlar ulanylýar:

Halalaň - hapbaň,

Güleleň - güpbeň,

Ýaryl - böwsül,

Tur sen çyk!

Ýa-da:

Hütdi - hütdi,

Bilbil ütdi.

Çökdi kömür,

Çek aýak! we ş.m.

Sanawaçlaryň yryma ýakynlaram bar:

Eý, taýak,

Eziz taýak,

Suwda gaýygym,

Dagda keýigim,

Tutdum gola,

Çykdym çöle,

Ýagşy-ýaman,

Etme güman,

Ele almaly,

Bulap urmaly.

(―Çopan taýak‖)

Bu sanawajyň her setirini aýdanda, elini öňki eliniň yzyndan goýup, ýerini çalşyrýar. Şeýdip, taýagy gysymlap, beýleki ujuna ýetýär. Kimiň taýagy “Ele almaly” diýen setirde gutarsa, şol taýagyň oňat boldugy. Eger “Bulap urmaly” diýen setirde gutarsa, onda beýle taýak halanylmaýar. Bu sanawaçlara yrym sanawaçlaram diýilýär. Çagalar sanawaçlarynyň bir topary adamyň eliniň barmaklarynyň, sanlaryň atlary bilen baglanyşykly döredilipdir:

Başam barmak-baş getir,

Süýem barmak-süýt getir,

Orta barmak – ot getir.

Ogulhajat ok atar,

Külembike – kül atar.

Ýa-da:

Bäş diýenim böri,

Alty diýenim aşyk,

Ýedi diýenim ýelmik,

Sekiz diýenim serçe,

Dokuz diýenim torgaý,

On diýenim orak we ş.m.

Mukdar we tertip sanlaryň getirilmegi bilen düzülen sanawaçlar çagalaryň aňyny ösdürýär. Çaganyň aňynyň ösüşiniň ilkinji başlangyjy barmaklaryň birnäçe gezek açylyp, ýumulyp hereketlenmegi, onda umuman san we söz baýlygynyň kem-kemden ösmegine ýardam edýär. Barmaklaryň sanalmagy netijesinde ozaly bilen-ä çaga san öwredilýär, galyberse-de barmaklaryň atlaryny ýat tutmaga ýardam berýär.

Şu sanawaçlaryň her bir setiriniň başyndaky söz bilen şol setiriň soňundaky ýa-da ondan soňky setirlerdäki sözüň aýdylyşy we formasy taýyndan, nähili bolsa-da, sazlaşygy bar. Setirler köplenç birmeňzeş ýa-da aýdylyş taýyndan has ýakyn bolan sesler bilen başlanýar. Sanawaçlaryň şeýle usul bilen döredilmegi, olaryň aýdylyşyny, ýatda galyjylygyny ýeňilleşdirýär. Çagalaryň eşidiş ukybynyň ösmegine kömek edýär. Sanawaçlar oglanjyk hem gyzjagaz üçin aýratynlykda hem düzülýär.

Çapak – çapak elleri,

Agyrmasyn gollary,

Agyrsa-da agyrsyn,

Güýçli bolsun billeri.

Ýa-da:

Çapak – çapak elleri,

Agyrmasyn gollary,

Daýysynyň toýunda,

Çelpek ýaýsyn elleri.

Bu sanawaçda oglanjygyň berk bedenli, gyzjagazyň hem eli işli bolmagy arzuw edilýär. Sanawaçlaryň käbiri tebigat hadysalary, asman jisimleri, planetalar bilen baglanyşdyrylyp, çagalara olar hakda belli bir derejede ýönekeýje düşünje berilýär. Günüň bulutdan çykmagyna şatlanylyp:

Gün çykdy,

Gülälek çykdy,

Harman başyna,

Jäjek çykdy

-diýilip sanawaç düzülen bolsa, ýazyň gelmegi bilen:

Ýagyş ýagara geldi,

Saman suwara geldi,

Gyzlar oýnara geldi,

Heýjan elek-jan elek

Gyş gutaryp ýaz geldi

 –diýlip tebigat gözelligi başgaçarak suratlandyrylýar. Ýedigenler barada,suwa düşülensoň ýa-da kömelek gözlenilende özbaşdak aýdylýan sanawaçlar hem bar. Ýedigenler hakyndaky sanawaç:

Ak at, boz at-iki ýyldyz,

Demirgazyk-ýeke ýyldyz,

Ýedigenim-ýedi ýyldyz,

Ýedi göçer, ýedi gonar,

Sanasaň sogaby bar.

Kömelek gözlenilende, aýdylýan sanawaç:

Höwür-höwür, kömelek,

Höwüriň mende, kömelek,

Tapyl sen-de, kömelek.

Özbaşdak aýdylýan bu sanawaçlar özboluşlylygy bilen tapawutlanyp, çagalarda tebigata, asman giňişligine bolan söýgini terbiýelemekde, olaryň fiziki taýdan sagdyn ösmegindäki ähmiýeti uludyr.

Çagalar sanawaçlarynyň köp bölegi haýwanlaryň, guşlaryň hereketleri bilen baglanyşdyrylýar. Pyşdyl hakyndaky sanawaç:

Pyşdyl, pyşdyl pyşbaga,

Pyşdyllap çykar daga,

Iň ulusy Baýrammyrat,

Gider ol oýnamaga.

Garga hakyndaky sanawaç:

Gak, gak gargajyk,

Hany maňa çörejik,

Çörejigiň içi ýok,

Kel gyrnagyň saçy ýok.

Jikjiki hakyndaky sanawaç:

Jikjiki – hä, jikjiki,

Ýüwrüp çykdy ýandaga,

Aýagyna tiken urdy,

Oturdy aglamaga.

Dürli haýwanlar hem guşlar, olaryň hereketleri hakyndaky sanawaçlar çagalaryň tebigat dünýäsine bolan söýgüsini ösdürýär. Sanawaçlarda satira we ýumor elementleri-de aňladylýar. Ýöne olar çagalaryň tebigatyna laýyklykda (kel ýa-da şypar sary, gaharjaň we ş.m.) birek-biregiň göwnüne degmez ýaly ýumşak häsiýetde düzülýär:

Kelim-kelim kelmenek,

Kelläňe derman gerek,

Ol-it tezegi bilen ysmanak.

Sanawaçlarda sözleriň sazlaşykly kapyýalaşmagy olaryň esasy aýratynlygydyr. Başda gelýän iki, dört ýa-da alty setir biri-biri bilen kapyýalaşýar. Emma şol setirlerden soň kapyýalaşma berk saklanmaýar. Çagalar sanawaçlarynyň belli bir bogun ölçegi ýok. Olar dürli bogun ölçeginde döredilýär.

Sanawaçlar çagalaryň, ýetginjekleriň dilini baýlaşdyrmakdaky, düşünjelerini giňeltmekdäki hyzmaty uly. Çagalaryň aňynyň täze düşünjeler, täze sözler bilen baýlaşmagyna hemaýat berýär. Ýat tutmak ukybyny ösdürýär.

Çagalar kämillige ýetýänçä sanawaçlar bilen tanşyp, beden hem aň taýdan barha taplanýar.

Sanawaçlaryň türkmen folkloryndaky orny göz öňünde tutulyp, bu barada (A. Durdyýewa. Türkmen folklorynda sanawaçlar we ýaňyltmaçlar žanrlarynyň aýratynlyklary. – Aşgabat, 1985ý.) ýörite ylmy iş çap edildi. Ýurt Garaşsyz bolansoň, halk döredijiliginiň beýleki žanrlary bilen birlikde, sanawaçlaryň ulanylyşyna-da uly üns berilýär, folklor toparlarynda ýerine ýetirilýär.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR