GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» KITABYNDAN

«Damaskda «Ýagşylygyň açary» diýen ada eýe bolan sahawatly hökümdar (taryhy çeşmelerde aýdylyşyna görä, omeýýalaryň ýedinji halyfy) Süleýman ibn Abdylmelek:«Meniň mülküm, baýlygym – höküm sürýän ýurdum Süleýman ibn Dawudyňkydan köp bolmasa, az däldir, ýöne Süleýman ýele, döw-perilere, guşlara we haýwanlara-da perman beripdir, şol güýç bolsa mende ýok. Eýsem, meniňki ýaly gazna, baýlyk, gymmatbaha göwherler, bezeg esbaplary bütin dünýäde kimde bar we menden öň kimde bolupdyr? Meniň patyşalygymda kem zadym näme?!» diýip emeldarlaryndan sorapdyr. Köşgüň mertebeli adamlarynyň biri ötünç sorap:

– Ýurtda patyşa üçin iň gerekli zatlaryň biri sizde ýok! – diýip jogap beripdir. Patyşa geňirgenipdir:

– Başgalarda bolup, mende ýok zat näme ol?

– Siziň mynasyp wezirleriňiz ýok. Hawa, gowulygyňam, erbetligiňem durmuşda

çägi ýok. Onuň çägi kanagat bilen, adamyň özüniň göwnüne we paýhasyna laýyk ölçenilýär. Bu jogaby eşiden patyşanyň hem ýüregine bir heser düşýär, munuň sebäbini bilmese, ynjalyp biljek däl! Ol:

– Ol nähili wezir bolmaly? – diýip soraýar.

– Şahym, siz patyşa hem-de şazada – şalar neslinden, siziň weziriňiz-de wezirzada bolmaly, başarnykly, parasatly bolmaly.

Bu jogapdan soň patyşa:

– Dünýäde seniň suratlandyran weziriň ýaly wezir nirede bar? –diýip soraýar.

– Ol Balhda bar.

Patyşanyň gyzyklanmasy has-da artýar:

– Kim ol?

– Ol Jafar Bermekidir. Onuň ata-babasy hem asylly adamlardandyr, ol wezirzadadyr. Olar wezirlik derejesi barada kitap ýazypdyrlar. Abdylmelek köşk maslahatçysynyň sözlerini eşidenden, Jafar Bermekini Balhdan Damaska getirmegi ýüregine düwýär we Balhyň häkimine hat ýazyp, Jafar Bermekini hormat bilen Damaska ugratmagy buýurýar. Munuň üçin eger ýüz müň dinar gerek bolsa-da, tölemegi tabşyrýar. Şeýlelikde, Jafar Damaska tarap ugraýar, ýolda her şähere baranda, ony uly hormat bilen garşylaýarlar. Damaska baranda, patyşanyň özünden başga hemme döwlet işgärleri we harby adamlar ony uly dabara bilen garşylaýarlar. Ony hormat bilen şähere alyp gelip, iň oňat köşkde ýerleşdirýärler. Üç günden soň ony Abdylmelegiň huzuryna alyp barýarlar. Jafar köşge baranda, hajyplar – gapyçylar ony şa tagtynyň ýanyna eltip oturdýarlar. Jafar Bermeki oturanda, patyşa oňa ýiti-ýiti seredýär, soň ýüzüni çytyp, gahar bilen oňa: «Tur, şu ýerden!» diýýär. Gapyçylar tizlik bilen ony tutup, alyp gidýärler, hiç kim-de munuň sebäbini bilmän galýar. Öýleden soň hemme uly adamlar, patyşanyň ýakynlary ýygnanyşýarlar. Märeke üýşýär, Süleýman ibn Abdylmelegiň göwni göterilýär. Şu pursatdan peýdalanyp, patyşanyň ýakyn adamlaryndan biri: «Patyşahym, Jafar Bermekini uly wezipä bellemek üçin Balhdan getirdiňiz welin, näme üçin ony ýanyňyza gelende kowup goýberdiňiz, munuň sebäbi näme? Iller muňa geň galýarlar» diýip soraýar. Süleýman ibn Abdylmelek oňa: «Eger ol uzak ýerden gelen uly we abraýly bir adam bolmadyk bolsady, men ony jezalandyrmagy buýrardym, çünki ol ýany bilen güýçli zäher getiren eken» diýip jogap berýär.

Oturan ýaşulularyň biri: «Patyşahym, maňa rugsat ediň, şu barada men onuň bilen gürleşeýin, ol boýun alýarmy ýa-da ýok» diýýär. Patyşa oňa rugsat edýär. Ol ýaşuly şol wagtyň özünde märekeden saýlanyp, Jafar Bermekiniň ýanyna barýar we ondan: «Sen şu gün patyşanyň ýanyna baranyňda özüň bilen zäher alyp bardyňmy?» diýip soraýar. Ol: «Hawa, häzir hem ýanymda, ýüzügimiň gaşynyň astynda zäher bar, ata-babalarymda-da bolupdyr, bu ýüzük maňa kakamdan miras galdy. Ne men, ne-de ata-babalarym hergiz garynja-da azar beren adamlar däl, adam öldürmek-hä beýle-de dursun. Hawa, men ätiýaç üçin gaşynyň astynda zäher bolan ýüzügi dakynýaryn, çünki köp wagtlar meniň ata-babama mal-mülk, baýlyk sebäpli köp azar beripdirler, gynapdyrlar, häzirki wagtda Süleýman ibn Abdylmelegiň öz ýanyna çagyrmagynyň sebäbi maňa belli däldi, menden näme talap etjekdigini bilmeýärdim. Şoňa görä, öz ýanymdan oýlandym-da: «Eger patyşa menden baýlyk toplanyp gizlin Saklanýan ýeri talap etse, men-de şony berjaý edip bilmesem ýa-da meni horlap gynasalar, şoňa takat getirip, çydap bilmesem, ýüzügimiň gaşyny dişim bilen aýryp, zäheri içerin, şeýdip özümi heläk ederin we azapdan dynaryn diýip pikir etdim» diýýär. Ol adam bu sözleri eşiden badyna yzyna öwrülip, Süleýmanyň ýanyna barýar we bu wakany oňa gürrüň berýär. Süleýman Jafaryň hüşgärligine we öňdengörüjiligine geň galýar, ondan göwni hoş bolýar, ony köşge getirmegi tabşyrýar. Ertesi gün Jafar BermekiSüleýman ibn Abdylmelegiň ýanyna gelende, patyşa oňa el berip, hal-hawal soraşýar, hormat-hezzet edýär. Soň oňa wezirlik haladyny geýdirýär, öňünde döwet galam goýýar we birnäçe permanlar ýazdyrýar. Soň ol meýlis gurap, şady-horramlyga başlaýar. Süleýmanyň şol günki ýaly şatlananyny hiç haçan görmän ekenler. Çünki ol özüniň ynamdar, wepaly weziriniň bardygyna begenýär.

Meýlisiň, şatlygyň has gyzyşan pursadynda Jafar Süleýman ibn Abdylmelekden soraýar: «Patyşahym, müňlerçe adamlaryň arasyndan siz meniň ýanymda zäher bardygyny nädip bildiňiz?». Şonda Süleýman: «Meniň bir zadym bar, şol zat meniň üçin hemme gaznalardan we hemme baýlyklarymdan ezizräk, hiç haçan men ony öz ýanymdan aýramok. Ol iki sany monjuk, olar patyşalar hazynasyndan meniň elime düşdi, olary men mydama golbagymda saklaýaryn. Sen köşgüň eýwanyna gadam basaňda, monjuklar gymyldap başlady, meniň ýanymda oturanyňda bolsa, olaryň hereketi has güýçlenip, biri-birlerine urlup başladylar. Tä sen köşkden çykýançaň aram tapmadyk monjuklar seni meniň ýanymdan äkidenlerinde köşeşdiler» diýip jogap beripdir. Şundan soň ol golbagyny açyp, monjuklary Jafara görkezýär-de:

– Sen dünýäde şundan geň zat gördüňmi? – diýýär. Hemmeler ol täsin monjuklara haýran galyp seredýär.

Şonda Jafar:

– Men öz ömrümde dünýäde iki sany ajap zat gördüm, şolar ýaly başga geň zat göremok: «Biri-hä, şu, patyşanyň monjuklary, beýlekisini-de Teberistanyň – Mazenderanyň patyşasynda gördüm – diýýär. Süleýman:

– Ol nähili zat? Hany aýt, diňläli! – diýýär. Şonda Jafar Bermeki şeýle gürrüň berýär:

– Meni Damaska ugratmak barada patyşanyň permany Balh häkimine baryp ýetenden, men şaýymy tutup, ýola düşdüm, Nişapura gelip, ondan-da Teberistana ugradym. Şol ýere baranymda, Teberistan hökümdary meni garşy aldy, Amul şäherinde öz köşgünde ýerleşdirdi. Her gün meni hormatlap, tomaşa etmäge bir ýere alyp giderdi. Meýlislerde, toý-tomaşada bile bolardyk. Bir gün ol göwni çag wagtynda maňa şeýle diýdi:

– Sen, heý, derýa tomaşa edip gördüňmi?

– Ýok – diýdim.

– Onda ertir meniň myhmanym bolarsyň, derýa tomaşa etmäge gideris – diýdi. Men razylaşdym. Şol wagt ol gämiçilere ertire gämini taýýarlap goýmagy buýurdy.

Ertesi hökümdar meni derýanyň kenaryna eltdi, bir gämä münüp oturdyk, aýdymçylar saz-söhbede başladylar. Men hökümdara golaý oturdym, aramyzda hiç zat ýokdy. Hökümdaryň barmagynda bir ýüzügi bardy, ol örän ajaýyp ýüzükdi, gaşy gyzyl ýakutdan, dürli reňkde öwüsýärdi. Men şondan geň zat hiç haçan görmändim. Men mahal-mahal şol ýüzüge seredýärdim. Hökümdar ýüzügine köp seredýänimi görende, ony barmagyndan çykaryp, meniň öňümde goýdy we almagymy teklip etdi. Men ýüzügi maňlaýyma sylyp, hökümdara gaýtardym. Ol ýüzügi alyp, ýene meniň öňümde goýdy-da:

– Sowgat hökmünde meniň barmagymdan çykan ýüzük gaýdyp meniň barmagyma gelmez – diýdi.

Men:

– Bu ýüzük hökümdara mynasyp zat – diýip, ony ýene-de oňa gaýtardym. Hökümdar ýene-de ýüzügi maňa uzatdy. Men öz ýanymdan: – Bu ýüzük örän gymmatbaha we taýsyz zat, hökümdar ony şu wagt maňa berýär, belki soň puşman etmegi we ýüregi

Agyrmagy mümkin – diýip, ony ýene hökümdaryň öňünde goýdum. Şonda hökümdar ýüzügi aldy-da derýa taşlap goýberdi. Men:

– Wah, nädäýdiňiz ony, haýp boldy ýüzük! Eger hakykatdan-da hökümdaryň ýüzügi barmagyna dakmajakdygyny we derýa taşlajakdygyny bilen bolsadym, men ony kabul ederdim – diýdim.

Hökümdar:

– Men näçe gezek seniň öňüňde goýdum. Sen ýüzüge köp seretdiň, oňa höwes etdiň, şonuň üçin, men ony barmagymdan çykaryp, saňa bagyşladym. Dogry, ol ýüzük meniň üçin-de örän ajaýypdy. Emma seniň üçin has ajaýybrak göründi, şoňa görä-de men seni begendirmek maksady bilen ony saňa bagyşladym. Günä sende, näme üçin kabul etmediň? Indem ony derýa taşlanymda haýpyň gelýär, ýöne men bir çäresini tapyp, ony saňa gaýtaryp bereýin – diýdi. Şondan soň ol gämiçä labyr taşlamagy buýruk berdi. Hyzmatkärleriniň birine ýüzlenip: «Bar, bir taýmyla mün-de tizräk kenara çyk, ol ýerden-de ata münüp çapdyr-da köşge bar, hazynaça aýt, pylan ýerdäki kümüş sandygy hökümdar isleýär diý. Beren badyna bolsa, saklanman, çalt alyp gel» diýdi. Tiz wagtdan oňa sandygy getirip berdiler. Hökümdar jübüsinden bir haltajyk çykaryp, ondan bir kümüş açary aldy-da, sandygyň gulpuny açdy, içinden bir tylla balyjagy çykaryp, derýa zyňdy. Balyjak derýanyň düýbüne çümüp, gözden gaýyp boldy. Bir sagat wagt geçdi. Birdenkä balyjak suwuň ýüzüne çykdy, ýüzük bolsa onuň agzyndady. Hökümdar gämiçä ony tutup getirmegi buýurdy. Gämiçi baryp, balyjagy ýüzük bilen birlikde alyp geldi. Hökümdar ýüzügi alyp, maňa berdi. Men hormat etdim we ýüzügi barmagyma geýdirdim. Hökümdar balyjagy sandyga salyp, gapysyny gulplady we açaryny jübüsine saldy. Jafar Bermekiniň barmagynda şol ýüzük bardy.

Ol ony çykaryp, Süleýman ibn Abdylmelegiň öňünde goýup: «Eý hökümdar, şol ýüzük, ine, şu!» diýdi. Süleýman ony eline alyp, birsellem synlap:

– Onuň ýaly adamyň ýadygärligini zaýa etmek bolmaz – diýdi-de, ýerinde goýdy».

Meňzeş habarlar

14 Iýun 2025 | 73 okalan

HIÇ KIMDEN TAŇRYÝALKASYNA GARAŞMA!

13 Iýun 2025 | 79 okalan

GADYMY HEM MÜDIMI SUNGATYMYZ