HIÇ KIMDEN TAŇRYÝALKASYNA GARAŞMA!

Allatagala özüni ýatlamaklary üçin bendeleri ýaratdy. Şükür etmekleri üçin ýaradylanlaryň ählisiniň rysgyny ýetirdi. Emma bendeleriň köpüsi muňa biparh garap, rysgaly Alla däl-de, haýsydyr bir adam berýändir öýdüp pikir etdiler. Bu edilen ýagşylygy unutmaklykdyr. Ynsan nebsinde inkär edijilik, gadyrbilmezlik, jebir-jepa edijilik häsiýetler agdyklyk edýär. Sen nebsiňe gulak asma, diňe ýagşylyk et! Eger-de gözelligiňe gözleri gamaşýan we ony ykrar edesi gelmeýän, haýyr-yhsanyňy ýakyp-ýandyryp, dilde küle öwürýän, ýagşylyklaryňy unudýan, belki-de, saňa hile toruny taşlap, gizlin kitüw manjanygyn da oda oklaýan adamlara gabat geleniňde – ýan bermegin. Özi hem bularyň ählisi olara eden ýagşylygyň üçindir. Hatda olar Allanyň seni öz fazly-merhemeti bilen gurşandygy üçin hem içi kitüwlidir. Ýöne sen edýän ýagşylyklaryň bilen görnükli dünýäniň ýazgysynda parlak ýyldyz bolup dog. Gaýry biriniň gyýa bakjakdygyna garamazdan, sen eliňden gelen ýagşylygy et, özi hem diňe ýagşylyk et. Özgeleriň ýagşylygyny basyryp, tebigata garşy gitmek isleýänler, özgeleriň erk-eradasyny ýumurmak isleýänler, köşeşiň, siziň olardan «ogurlan» zadyňyzyň öwezini Allatagala tükeniksiz hazynasyndan doldurýandyr, egsilen ýeriniň üstüni ýetirýändir. Eý, ynsan, bu gyzgyn ýaňsylamalar we gyjalatlar seni haýyr işi etmekden bökdemesin (saklamasyn), özgelere ýagşylyk etmekden sowaşdyrmasyn. Her gezek bir ýagşylyk edeniňde, özgelerden taňryýalkasyna garaşma, gaýta ýagşylygy inkär edýän, gadyrbilmez adamlaryň tapjak bir hokgasyna garaş we hiç wagt olaryň bu etmişlerine janyňy ýakma! Ýagşylygy Allanyň haky-hormaty üçin et – islendik pursatda hem sen üstün gelersiň, sen beýik bolar durarsyň. Saňa gözüni ýumanlaryň, seniň belentligiňi görmezlige salanlaryň, ýagşylygyňy inkär edenleriň saňa birjik-de zeleli ýetmez, körlük – diňe batyl gözi göterip ýörenler üçindir. Ýagşylyk edýänligiň üçin – ýagşy adamlygyň üçin, ýagşyzadalygyň üçin begen we şükür et. Ýatla: «Berýän el alýan elden elmydama haýyrlydyr», «Berýän el alýan elden üstündir, ýokardadyr». «Biz sizi diňe Allanyň haky üçin naharlaýarys, munuň üçin sizden hak-heşdegi hem, minnetdarlygy hem tama etmeýäris (islemeýäris)» diýilýär. Akyldarlaryň örän köpüsi bu bibaşlaryň gadyrbilmezlik häsiýetini göre-göre geçdiler. Olar edil aýdylýan öwüt-ündewleri eşitmeýän, bilmeýän bir kowum mislidir. Gadyrbilmezler, ýagşylyga ýamanlyk bilen jogap gaýtarýanlar gözleri kör, gulaklary ker adamlara meňzedilýär. Ol birine galam sowgat etseň, ol hem şol galam bilen sen hakda ýaňsylama ýazsa-da, argyn ýa-da agsak birine daýanary hem-de goýnuny kowary ýaly taýak berseň, ol hem şol taýak bilen kelläňi ýarsa-da, bu zatlara geň galmagyn. Allanyň beren amanat janyny gadyrbilmezlik göwresinde göterip ýören bu zeýilli bihepbeleriň asyl bolşy şeýle. Olar saňa eçilen nygmatlary üçin Ýaradanyň özünden nägile bolup durkalar, senden, menden razy bolarlar öýdýärmiň? Hiç wagt ýan berme, ejizleme, elmydama ýagşylyk et, ýöne «Taňryýalkasyna» garaşma!

Rahmet GYLYJOW,

«Halallyk kyssalary» kitabyndan.

Meňzeş habarlar

14 Iýun 2025 | 0 okalan

HIÇ KIMDEN TAŇRYÝALKASYNA GARAŞMA!

13 Iýun 2025 | 32 okalan

GADYMY HEM MÜDIMI SUNGATYMYZ