El işleriniň arasynda keşde çekmek däbi aýratyn bir ussatlygy talap edýär. Ene-mamalarymyz özleriniň sungat derejesine ýetiren el hünärleri bilen milli lybaslary bezäp, sünnäläp tikipdirler. Keşde, köjüme, pugtama, basma, alaja we başga-da birnäçe el işleriniň görnüşleri bilen milli egin-eşiklerimiz has-da gözel görke gelipdir. Gelin-gyzlarymyz diňe bir toý köýneklerini däl, eýsem gündelik durmuşdaky öý geýimlerini hem el keşdeleri bilen bezäpdirler. Keşdeçilik sungaty çeperçilik taýýarlygy, irginsizligi, sabyr-takatlylygy talap edip, ýaş gyzlaryň sungata garaýyşlaryny kämilleşdirip, häsiýet aýratynlyklaryny hem terbiýeläpdirler. Türkmen milli keşdeçilik sungatymyz öz gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýar. Keşdeçilik dünýäde iň giňden ýaýran we gadymy sungatlaryň biridir. Türkmen gelin-gyzlary öz çeken keşdeleriniň üsti bilen diňe bir tebigatyň gözelliklerini şekillendirmän, eýsem öz arzuw isleglerini, ýürek-owazlaryny hem beýan edipdirler. Keşdäni has nepis çykarmak her kime başartmandyr. Onuň ýokary hili nusgasyny döretmek, diňe ruhy taýdan durnukly, örän inçe duýguly, sabyr-takatly zenanlara başardypdyrlar. Keşdäniň üsti bilen ony döreden zenanyň häsiýetini hem kesgitläp bilipdirler.Gelin-gyzlaryň arasynda keşde çekmek iňňän inçe iş hasaplanyp, zenanlar oňa «Iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýip, onuň örän köp zähmet talap edýändigini düşündirýärler. Häzirki döwürde keşdeçilik sungaty ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden ýaýran.Olar sungatyň bu görnüşi bilen nusgawy nagyşlary döredýärler. Keşde nagyşlarynyň arasynda has köp ulanylýan «goçak» nagşy keşde bilen sünnälenen el işleriniň köpüsinde ulanylyp, bu nagyş dürlüçe atlandyrlypdyr. Nagyşlar halyda, keçede, tahýada, umuman, el işleriniň köpüsinde aýratynlykda ulanylypdyr. Taryhymyza ser salsak, has irki döwürlerde kürtelere bir setir «tegbent» bilen «dagdan» nagyşlary salnypdyr. Ene mamalarymyz «tegbent» salynmagyny täze maşgalanyň bagtly durmuşy, «dagdany» bolsa gözden dilden goramagy ýaly yrymlar bilen baglanyşdyrypdyrlar. Gyz durmuşa çykanda, oňa iki sany kürte tikilip, olaryň biri gyzyl, beýlekisi bolsa garamtyl ýaşyl reňkde bolýar eken. Gyzyl kürte gelniň başyna toýdan soňky gün atylyp, toý güni yrym edilip, täze gelniň başyna neberelerinde döwletli hasaplanýan garry enäniň gelinlik kürtesi atylypdyr. Gyzyl kürte gündelik başatgyç, garamtyl ýaşyl reňkdäki kürte bolsa toýa-tomaşa gidende atylyp, oňa kynrak nagyşlar salnyp sünnälenipdir. Mähriban, eziz käbelerimiziň ynsan durmuşyndaky ornyny hiç zat bilen deňäp, ölçäp bolmaýar. Şahyr aýtmyşlaýyn, eli çeper, dili şeker enelerimiz dünýäniň örki hem görki. Olaryň mähri, yhlasy, görüm-göreldesi, öwüt-ündewi bolsa perzentleriniň häsiýetlerine siňýär. Bu gün türkmeniň kalby ýaly owadan el keşdelerimiz dünýäniň nazaryny özünde egläp, umumyadamzat gymmatlygyna öwrüldi. Türkmen milli keşdeçilik sungaty ÝUNESCO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu buýsandyryjy hakykat zenan dünýäsine goýlan iň uly bahadyr. Ýurdumyzyň zenanlarynyň döreden gadymy we müdimi milli nagyşlaryny, umuman, medeniýetimizi, sungatymyzy dünýä äşgär edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaç alsyn!
Sülgün PIRIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.