«Bir obada üç sany aga-ini, dogan ýaşapdyr. Olaryň agzybirligine obadaşlarynyň gözi gidipdir. Olar obanyň toý-tomaşasyna hem deň şärik bolup, köp alkyş alypdyrlar. Bir günem olar obadan uzaga gidipdirler. Hut şol gün hem Bagt bularyň öýünden gitmekçi bolupdyr-da, doganlaryň ulusynyň öýüne gelipdir. Onuň gelni Bagty güler ýüz bilen garşy alypdyr.
Bagt oňa:
– Men, gelin, gitmeli boldum, mundan buýana mensiz oňar ýaly, näme gerek-ýaragyň bolsa aýt, menem bitireýin – diýipdir. Gelin känbir oýlanyp hem oturmandyr.
– Olar ýaly bolsa, aman git, maňa dünýe malyny goýsaň bolar.
Bagt agalaryň ulusynyň maşgalasyna diýenini goýup, oglanlaryň ortanjysynyň öýüne tarap ugrapdyr. Oňa-da ýagdaýyny düşündiripdir, dilegi bolsa, aýtmagyny sorapdyr. Gelin:
– Olar ýaly bolsa, hol duran çuwallary gyzyldan doldur-da, gidiber, sag-aman bar! – diýip, myhmanyny ýola salypdyr.
Bagt oglanlaryň üçünjisiniň gapysyndan ätläpdir. Onuň gelni hem ony mylakatly garşy alypdyr. Bagt oňa hem oturmakçy däldigini aýdyp:
– Senem näme dilegiň bolsa aýt, men indi gitmekçi – diýip, onuň islegini bitirmäge taýýar bolup durupdyr. Gelin birsellem oýlanypdyr.
– Aňrujy ýagdaýyň bolsa, bizden gitme! – diýip, gelin oňa mylakatlylyk bilen jogap beripdir. Bagt ýylgyrypdyr-da, gitmese bolmaýandygyny, hökman gitmelidigini aýdypdyr.
– Onuň ýaly bolsa, agzybirligi goýup gideweri! – diýipdir.
Bagt şolbada lampa aşak oturyp:
– Agzybirligi goýup, men nirä gideýin?! – diýipdir».
Şu tymsalda beýan edilişi ýaly, agzybirlik öýüňizde hemişelik ornaşsyn!
Agzybirlik – jygaňyz, baş döwletiňiz!
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň il-halkynyň agzybirligi netijeli ösüşleri gazanmagymyzyň esasy şertidir.
Il-halkymyzyň agzybirliginde döwletimiziň öňündäki çözülmeli wezipeleri üstünlikli amala aşyrjakdygymyza berk ynanýaryn.
Agzybirlik Watan galasydyr!