Türkmen milli saçaklarynyň lezzetli tagamlarynyň biri-de mantydyr. Türkmenlerde mantynyň etli, etli-kädili, kädili, kartoşkaly we otly görnüşleri bolup, biz bu gezekki sanymyzda hormatly Prezidentimiziň “Bereketli türkmen saçagyndan” taýýarlanylýan türkmen milli tagamlaryndan manty hakynda ýetirmekligi makul bildik.
Gerekli önümler:
1 kg et
800 gram un
2 ýumurtga
500 gram düýp sogan
200 gram guýruk ýagy
100 gram gatyk
200 gram mesge
Islege görä duz we burç gerek bolýar.
Taýýarlanyşy:
Hamyr hamyrmaýasyz, ýumurtga goşulyp, gatyrak ýugrulýar. Etiň ýagly we çylka ýerlerinden alyp dogramaly ýa-da ony et üweýji maşyndan geçirmeli. Ete goşuljak sogan elde maýdaja dogralsa oňat bolýar. Hamyry ýaýyp bolanyňyzda, ony her biriniň diametri 10 santimetr bolar ýaly, inedördül görnüşde kesişdirmeli. Oňa taýýar dürüşdäni salyp büküşdirmeli. Dogralan pomidor salsaň nahar tagamyna gelýär. Bükülip taýýar edilensoň, ony ýörite manty pitisiniň tabaklarynda ýerleşdirmeli. Ýapyşmazlygy üçin tabaklara ýag çalynýar. Soňra manty salynjak pitä suw guýup, oduň üstünde goýmaly. Manty 45 minutda oňat bişýär. Daşyna ýag çalyp, saçaga äberseňiz, ýany bilen gatyk ýa-da gaýmak goýsaňyz, ol işdämenlik bilen iýler.