DANALAR BORÇ HAKYNDA

Seniň öňüňde durýan ilkinji borjuň öz-özüňi bagtly etmek borjudyr. Eger seniň özüň bagtly bolsaň, beýlekileri hem bagtly edip bilersiň.

***

Kalbymyzda oturan borç bizi adyl hem arassa işlere iterýär, adalatsyzlykdan we erbet işlerden daşlaşdyrýar.

***

Özüňi nähili tanamaly? Syn etme bilen däl-de, işjeňlik ýoly bilen tanamaly. Öz borjuňy ýerine ýetirmäge çalyş, şonda sen özüňde näme bardygyny bilersiň.

***

Borç bilen hakykat berk baglanyşyklydyr. Borjuny duýýan adamlar, ilkinji nobatda, sözlerinde we hereketlerinde dogruçyldyrlar. Olaryň sözleri-de, hereketleri-de şulardan ugur alýar: nähili bolmaly, nädip bolmaly, haçan bolmaly.

***

Adamyň borjy dört görnüşe bölünýär: birinji — öz-özüniň öňündäki borç, ikinji — maşgalaň öňündäki borç, üçünji — Watanyň, döwletiň öňündäki borç, dördünji — beýleki adamlaryň öňündäki borç.

***

Adamyň borjy ynsanlyk mertebeleriniň berjaý edilişinden durýandyr.

***

Birine ýük bolma, durmuşdan sowama, sabyrly, rehimdar, asylly bol! Özüňi ebediligiň bosagasynda duran ýaly görüp, söýmäge howluk — ine, seniň borjuň!

Meňzeş habarlar

14 Iýun 2025 | 96 okalan

HIÇ KIMDEN TAŇRYÝALKASYNA GARAŞMA!

13 Iýun 2025 | 92 okalan

GADYMY HEM MÜDIMI SUNGATYMYZ