IBN SINANYŇ TEBIPÇILIGINDE BEDEW BILEN BAGLY ROWAÝATLAR

Abu Aly ibn Sina 1002-nji ýylda Buharadan Gürgenje (Köneürgenje) göçüp gelipdir. Bu ýerde ol dünýä meşhur eserlerini döredipdir. “Paýhaslar öýi” adyny alan Mamunyň akademiýasynda okap, bilimini artdyrypdyr, köşk emeldarlarynyň maslahatçysy bolup işläpdir. Işiniň agdykdygyna garamazdan, wagt tapsa, atly gezelenç etmegi halaýan eken. Günlerde bir gün ol kitap okap, halys ýadapdyr. Az-kem dynç almak üçin dostlary bilen atly awa gidipdir. Aw wagtynda onuň ýakyn dostlarynyň biri Salyh diýen bir ýaş ýigit atdan ýykylyp, özünden gidipdir. Ibn Sina Salyhyň aýagynyň we çanaklygynyň çykandygyny anyklapdyr. Ol gumdaky alakalaryň birini tutup getirmekligi tabşyrypdyr. Alakanyň aýagyny çykaryp, ýene-de ýerine salyp görüpdir. Onsoň ýanyndakylara garap:

 Salyhyň münen atyny beýleki atlardan aýratyn goýuň! Oňa suw bermäň, azyrak duz goşulan arpa berseňiz bolar, biz diňe atyň kömegi bilen Salyhyň aýagyny bejerip bileris — diýipdir. Ibn Sinanyň oýlap tapan usuly hatarly ekeni, emma Salyhyň atasy oglunyň agyr ýagdaýa düşenini görüp, muňa razy bolupdyr.

Ir bilen Ibn Sina Salyhy turuzmagy we ata mündürmegi haýyş edipdir. Salyh ata münensoň, onuň aýagyny suwsuzlykdan ýaňa garny içine çekilen atyň garnyna daňypdyr we ata suw bermegi buýrupdyr. Ysgyndan gaçyp, sütüni süýnen at köp suw içip başlapdyr. Atyň garny kem-kemden ulalypdyr. Atyň iki gapdaly hem kem-kemden çişip, Salyhyň aýagyny, çanaklygyny ýerine salypdyr. Dostlary Ibn Sinanany bu uly üstünligi bilen gutlapdyrlar.

Başga bir rowaýatda ibn Sinanyň bedewiň süýdüniň hem jan dermandygyny subut edendigi hakynda gürrüň berilýär. Aýtmaklaryna görä, günleriň birinde Horezmşanyň weziri Abul-Hüseýn Suheýli agyr derde uçrapdyr. Tebipleriň eden emleri wezire hiç kömek etmändir. Beýleki lukmanlar oňa böwreginde daş bardygyny aýdypdyrlar. Şonuň üçin-de gyssagly böwrekden daşy aýyrmalydygyny, başga hiç hili çykalganyň ýokdugyny duýdurypdyrlar. Wezir gartaşan adam bolansoň, muňa rugsat bermändir. Ibn Sina weziriň haýyşy boýunça onuň saglyk ýagdaýyny gözden geçiripdir we anyklaýyş işlerini nädogry geçirendiklerini ýüze çykarypdyr. Ol böwrekde daş däl-de, çägäniň bardygyny anyklapdyr. Muny eşiden wezir:

—Sen meni operasiýasyz hem bejerip bilermiň? — diýip sorapdyr.

—Hawa, ýöne sen her gün az wagt ýöremeli bolarsyň. Onsoňam maňa atyň süýdi — gymyz gerek bolar — diýip, ibn Sina wezire ýüzlenipdir we iki sany gymyzly küýze getirip bermegi sorapdyr.

“Gymyz seniň üçin iň gowy dermandyr, basym muňa göz ýetirersiň” diýip, ibn Sina aýdypdyr.

Aradan az salym geçensoň, hyzmatkärler iki küýze gymyz getiripdirler. Ibn Sina oňa gaýnan suw goşup, oňat garyşdyrypdyr we käsä guýup, wezire içiripdir. Soňra wezir bilen bagda iki sagat gezim edipdir. Şeýlelikde ibn Sina her hepdäniň dowamynda ir bilen weziriň ýanyna baryp, gymyz içiripdir we bagda iki sagat gezdiripdir. Netijede wezir doly sagalypdyr we oňa hoşallyk bildiripdir.

 

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR