I.
Biperwaýlyk süýşüp ýakyn gelende,
Köpbilmiş köpelip,
Bilýän azalar.
Tapawut kiçelip çynda, ýalanda,
Olary saýgarjak bolýan azalar.
* * *
Garym-gatym bolar sähet, bisähet,
Okumyş bol bolar,
Çyn alym – gahat,
Iliň arasynda öwüt-nesihat
Berýän köpeler-de,
Alýan azalar.
* * *
Her kim öňe oklar hergiz bir özün,
Jahyllar-juwanlar tanamaz yzyn,
Aksakgal aşyk dek oýnadar özün,
Paýhasyna tagzym kylýan azalar.
* * *
Birine ýetmese ýüz maksat tutan –
Hany, razy bolup dünýäden öten?
Özgelerden aýyp gözlär öňýeten,
Öz aýbyny özi bilýän azalar.
* * *
Aýdylýan aýdymlar goşulmaz saza,
Gadyr-hormat gaçar tagama-duza,
Döwür öňe gider,
Adamam – yza.
Emma muňa nazar salýan azalar.
II.
Ýerden göteriljek bolsa Sahawat,
Alýan köpeler-de,
Berýän azalar.
Kemlik etmez boş kasamlar, wadalar,
Ýöne öz lebzinde durýan azlar.
* * *
Asyllylar azar,
Agraslar ýeňlär,
Göwreler ýognar-da,
Ýürekler ownar,
Kethuda diýjegiň bet işi oňlar,
Haram meýlis artar,
Derňän azalar.
* * *
Gulpuny gitdikçe agraldyp öýler,
Tagamlar goňşudan ogrynça iýler,
Ýaman zat hemmäniň gözüne iler,
Ýagşy zady welin, görýän azalar.
* * *
Atalary pisint etmez ogullar,
Hernä bizden daşda bolsun o günler,
Kise galňar –
Gedaýlaşar göwünler,
Säher Haky ýatlap turýan azalar.
* * *
Edep öwretjekler biedep bolar,
Mukaddes nakyllar gury gep bolar.
Halallygy agzan adam köp bolar,
Ýöne halal ýoldan ýörýän azalar.
III.
Buýsanç egsilmekçi bolsa kem-kemden,
Ynsan ýüreginde ýalkym azalar.
Ýata suwa dönüp pikir-hyýallar,
Däli göwünlerde tolkun azalar.
* * *
Gün görmek däl – ömür sürmek kyn bolar,
Är oňa däl, aýal oňa han bolar.
Gara görmän, haýbat atýan kän bolar –
Ýagyny yzyna serpen azalar.
* * *
Aýyp artar – adam galmaz haýrana,
Gezek berler batly-batly ýaňrana.
Gol ýapýan gytalar, aglan-eňräne,
Ynsabyň sudundan gorkan azalar.
* * *
Müýnürgär beýikler,
Çyrpynar egsik,
Aglasaň, aglaber,
Hamsyksaň, hamsyk,
Köpeler kölge dek yşnaksyz samsyk,
Akyly daş ýarýan kem-kem azalar.
* * *
Azap çeken duýgy böwri symsyklar,
Hany, toba eden, hany, syr saklan?
Garyplaşar, garyplaşar gursaklar,
Telpekli köpeler,
Erkek azalar.
IV.
Her döwürde bir hili zat ýoň bolar,
Bihaýalyk hemmesinden geň bolar.
Toý toý bolmaz –
Dawa bilen jeň bolar,
Özün saklap bilýän jahyl azalar.
* * *
Şerbazlar şeraby ýüzüne sylar,
Saçagyň üstünde bulgurlar synar.
Ne gözel naharlar harama döner,
„Haý-küşler“ ýol almaz,
Täsir azalar.
* * *
Dananyň sözlerin diňlän tapylmaz,
Ynsany päklige ündän tapylmaz.
Halaly, haramy dannan tapylmaz,
Aşa düşen artar, berhiz azalar.
* * *
Göz-gulban boluşyp gündiziň güni,
Nebir gyz-gelinler güjeňlär teni.
„Söýüşýärler!“ diýip, aldamaň meni.
Aşyksumak artar,
Tahyr azalar.
* * *
Öten-geçenlerden gyrp-çyrp edip,
Ak kagyzy, gök syýany sarp edip,
Gazetleri pak gazala gark edip,
Goşguçy köpeler,
Şahyr azalar.
V.
Jemagatdan gaçjak bolsa tebähet
Sabyr senden gider,
Takat azalar.
Galagopluk gaplap alar göwnüňi,
Bilmersiň nämeden –
Rahat azalar.
* * *
Üç esse ulalar ynsanyň gözi,
Arkaýyn ýatýana meňzemez ýüzi,
Agyr tozan örter daglary, düzi,
Kalbyňy gülledýän pursat azalar.
* * *
Müşdek bolup görner doly çuwalyň,
Alanyň az,
Kän görüner sowanyň.
Baş bäsdeşiň bolar süýtdeş doganyň,
Gap-çanak köpeler,
Owkat azalar.
* * *
Gursagyndan uçar gider kanagat,
Ojagyndan gaçar gider bereket.
Ýap-ýaňky bol zatlar, gör, eýýäm gahat,
Bisähet köpeler,
Sähet azalar.
* * *
Nebis atly şar gara bir güýç bolar,
Garynlar doluka, gözler aç bolar.
Dolmaz garna bar baýlygyň hiç bolar,
Myş-myşlar köpeler,
Söhbet azalar.