“TÜRKMENISTANYŇ DERMANLYK ÖSÜMLIKLERI” HOZ

Häsiýeti. Gadymy hem uzak ýaşaýan agaçlaryň hataryna degişli bolan, ýokary derejede dermanlyk we azyklyk häsiýetli hoz agajynyň dünýäde, takmynan, 20 (başga maglumatlarda 40-a çenli), Türkmenistanda 1 görnüşi ýabany ýagdaýda duşýar. Daragt başgaça grek hozy ýa-da adaty hoz diýlip atlandyrylýar.

Hoz - hozlar maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 20-25 metre çenli ýetýän bir ýa-da köp sütüni emele getirýän agaçdyr. Onuň çuň şar şekilli ýokary başynyň gabarasy 20 metre çenli ýetýär. Hozuň sütüniniň gabarasy 150-250 santimetre barabar. Köp ýaşaýan ýa-da garry agaçlaryň sütünleri garamtyl-çal reňkli, örän owadan. Şahalary burç şekilliräk, gabygy gara-çal reňkli. Bahardaky pudaklary ýaşyl, güýzüne goňrumtyk-ýaşylymtyl reňkde bolup, olarda köp sanly ujy deşijekli çişler ýerleşýär.Ýapragy çylşyrymly, örän uly (uzynlygy 20-40 (55) sm, ösüp çykýan pudaklarda 75 sm-e çenli uzynlykda, ini 15-40 sm), nobatlaýyn, jübit däl ýelek şekilli, 2-7 jübüt ýumurtga görnüşli-süýrümtigräk ýaprajyklardan ybarat. Ýokarky jübüt däl ýaprajyklary gapdalyndakydan ulurak, ellips şekilli, ters ýumurtga görnüşli ýa-da togalagrak, abat (kähalatlarda dişli). Gapdal ýaprajyklary süýnmegräk-ellipis şekilli, togalagrak ýa-da ters ýumurtga görnüşli bolup, uzynlygy 0,5 sm-e barabar gysga sapaklyja.

Gülleri aýry jynsly, ownuk, ýaşylymtyl reňkli. Ösümlik bir öýli. Atalyk gülleri uzynlygy 5-10 sm bolan, uly, sallanyp duran köp güllüje ysyrgajykda toplanyp, olaryň her birinde 6 sany ganatlyja gülýany we 12-18 sany tyçinkalar bar. Enelik gülleri bir ýyllyk pudaklarynyň depesinde ýekeleýin ýa-da 2-3 sanydan ýerleşýär. Olaryň ikileýin gülýany bolup, düwünçek bilen bitişen. Miweleri - togalak ýa-da süýnmegräk şar görnüşli, daşy gara-ýaşyl reňkli derjimek galyň etlek gabyk bilen örtülen, uly ýalan şänik - «hoz». Adatça, az-kem tüýjagazlar bilen örtülen, miweýanly. Onuň içki gaty bölegi («hozy») ýumurtga şekilli ýa-da şar görnüşli, 2-5 sany doly däl perdeler arkaly bölünen. Agaçlaşan gabygynyň içinde ikileýin maňyz ýerleşýär. Miweýany doly ýetişende «gabygy» jaýrylýar we endokarpdan ýa-da şänijekden bölünip aýrylýar. Bişen hoz, ýagny ýagymjyk maňyzly şänijek «grek hozy» ýa-da «hoz» diýlip atlandyrylýar. Onuň içinde «dört perliganata meňzeş tohum - maňyz» ýerleşip, ýüzi ýukajyk derijik bilen örtülen. Hoz agajy, adatça, ýapragyny çykarýan wagtynda aprel-maý aýlarynda gülleýär. Miwesi sentýabr- -oktýabrda ýetişýär.

Ösüş aýratynlygy. Hoz deňiz derejesinden 900-1500 metr belentlikde ösýär. Ol gadymy Ortaýer deňiz florasynyň relikti. Tüýs mezofit (yzgarly ýerde ösýär). Tohumy we töňňeden çykýan ösüntgilerden kemala gelýär. Gülleri ýeliň kömegi bilen tozanlanýar. Bir hozuň agramy 5-17 gram. Hozuň miweleri ululygy, şekili, tagamy, gabygynyň galyňlygy, maňzynyň bollugy ýaly görkezijileri bilen biri- -birinden tapawutlanýar.

Tohumyndan kemala gelen şitil ömrüniň birinji ýylynda güýçli ok kök ulgamyny emele getirip, olar 5 ýaşynda 1,5 m, 20 ýaşynda - 3,5 metre ýetýär. 3-5 ýylyň dowamynda kökler gapdal tarapa ösýärler, olaryň aglaba bölegi 20-50 sm çuňlukda ýerleşýärler. Töňňelerden çykýan ösüntgilerden örän oňat kemala gelýärler. Töňňeden çykan ösümlikler, şitillere garanyňda çalt ösýärler. Tohumdan kemala gelen ösümlikde ilkinji atalyk gültoplumy 7-8 ýyldan emele gelýär, 10-12 ýaşynda miwe berip başlaýar. Doly miwe berip başlamak, adatça, 30-40 ýaşynda başlanýar. Töňňeden çykan ösümlikler ilkinji miwelerini ömrüniň ikinji ýylynda ýüze çykarýar. Olar 10-12 ýaşlarynda eýýäm bol hasyl berýärler. Amatly şertlerde aýry-aýry agaçlar 300-400 ýyla çenli ýaşap, miwe berjilik ukybyny ýitirmeýärler.

Hoz agajy çüýrüntgä baý, ýumşak çygly, oňat aerasiýaly ösen güýçli mele topraklarda bitýär. Oňat ösen kök ulgamynyň hasabyna, agajyň 4 metr çuňluklara çenli aralaşýan we 20 metre deňiç gapdallygyna ösýän oňat ösen kök ulgamlarynyň bolandygy sebäpli, ol topragyň ägirt möçberindäkisini peýdalanýar. Bu ýagdaý, oňa aýratyn guraksy döwürleri kynçylyksyz geçirmeklige mümkinçilik döredýär. Güýçli aýazlara çydamaýar, - 25-28 derejede sowuk urýar.

Aýry-aýry agaçlaryň tohum hasyllygy 1-300 kg aralygynda üýtgäp durýar. Bir-birine degip duran agaçlaryň hasyly, bir daragtda seýrek ýagdaýda 40 kg-dan geçmeýär, aýratyn erkin duran agaç 480 kg-ma çenli hoz berýär. Has köp hasyly 150-180 ýaşynda berýänligi bellenildi. Ýabany ýagdaýda tokaýlyklarda agaçlaryň diňe 10-15%-i bol miwe getirýär. Adatça, tokaýda hozuň hasyly 6-300 kg/ga aralygynda (ortaça 120-200 kg/ga) üýtgäp durýar.

Tebigy şertlerde hoz agajy ömrüniň 10-12-nji ýylynda miwe berýändigi anyklanyldy. Örän seýrek ýagdaýlarda barmasy kyn ýerlerde uly bolmadyk tokaýjyklary emele getirýär.

Ýaýrawy. Daragt Diýarymyzda Günorta-Günbatar Köpetdagda: Aýyderede, Porderede, Hozluda; Merkezi Köpetdagda: Amaratda, Hozlydagda, Ypaýgalada, Garaýalçyda, Galyňhozda, Kiçi Nyýazymda, Degirmenlide (Prohladnyý), Müsünewde (Hozlydere); Köýtendagda duşýar. Ol ýerlerdäki dag jülgelerinde, derýajyklaryň we akarlaryň kenarynda, çeşmeleriň töwereginde bitýär.

Tebigy gory. Hoz agajy ýurdumyzdaky seýrek ösümlikleriň hataryna goşulýar. Dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik. Merkezi Köpetdagyň Garaýalçy jülgesinde 8 gektar, Galyňhoz deresinde 1 gektar ýabany hoz tokaýlygy tutýar. Hasaplamalara görä (2007-2008-nji ýyllar, A.Akmyradow, G.Gurbanmämmedowa), häzirki wagtda Garaýalçyda - 261, Galyňhozda - 33 sany hoz agajy bitýär. Olaryň 100 sanysy miwe berýän daragtlardyr.

Iň soňky maglumatlara görä (1999 ý) Günorta-Günbatar Köpetdagdaky hoz agaçlarynyň sany 800-850 düýpdir. Olaryň köpüsi garry agaçlardyr. Ýurdumyzdaky ýabany hoz tokaýlyklaryndaky görnüşi ýok bolmak howpy astyndaky 1-nji kategoriýaly daragtdyr. Ol Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi (1985,1999). Köpetdag we Sünt-Hasardag goraghanalarynda goralýar. Daragt ýöriteleşen dag tokaý hojalyklarynda we Diýarymyzyň ähli ýerlerinde diýen ýaly ösdürilip ýetişdirilýär.

Dermanlyk çig maly. Hozuň dermanlyk maksatlary üçin ýapragy, bişmedik miweleri we miweýany çig mal bolup hyzmat edýär. Ýapraklaryny maý aýynyň ahyrlaryndan iýun aýynyň birinji ýarymyna çenli aralykda, olar entäk ösüşini doly gutarmanka we hoşboý ysa eýekä ýygnamaly. Ýaprajyklary esasy sapakdan ýolup almaly. Olary tämiz görnüşinde peýdalanmaly (olar haýal guradylanda garalýar).

Himiki düzümi. Agajyň ýapragynda 2250-4500 mg%-e çenli С, P, B, witaminler, 0,33 mg% karotin, 0,01-0,03% efir ýagy, 3-5% eý maddasy, kwersetin giperozidi we kemiferol flawonoidler, hinonlar, fenil-karbon turşulyklar, reňk beriji ýuglon saklanýar. Hozuň ýapragynda C witaminniň mukdary ösüş çäginiň mümkinçiliklerinde yzygider ýokarlanýar we ösüş döwrüniň ortasynda aňryçäge ýetýär, soňra güýzde peselýär.

Miweýanynyň ýaşyl gabygy askorbin turşusyna (gök miweleri) - 3000 mg%-e çenli, karatine we eý maddalaryna (25000 mg%) baýdyr. Olar «tebigy witamin konsentratlaryny» almak üçin çig mal bolup hyzmat edýär.

Hozuň maňzy - örän gymmat bahaly önüm, onuň düzüminde 75%-e çenli ýag, 20% töweregi beloklar, 7-16% uglewodlar, 30-50 mg% C, 0,3 mg% B1 witamini, karotin we beýleki E, P witaminleri, şeýle hem demriň hem koboltyň duzlary girýär.

Peýdalanylyşy. Hoz agajy has gadymy dermanlyk ösümlikleriň sanawyna girýär. Ol baradaky köp sanly ýazgylara Gippokratyň, Dioskoridiň, Siseronyň, Pliniý ulynyň, Wirgiliniň we beýleki gadymy grek hem rim alymlarynyň eserlerinde duşmak bolýar. Grek hozuny dürli adatlarda we däp-dessurlarda, şol sanda toý tutulanda, (ony nikalaşmagyň nyşany hasaplapdyrlar) ulanypdyrlar. De Gubernatisiň «Ösümlikleriň mifologiýasy» diýen kitabynda, ýagny üç ülüşli hozlar gadymyýetde «baýlygyň» hem «bol hasyllygyň» nyşany hasaplapdyrlar diýip görkezilýär. Kiriň patyşalyk eden döwründe Eýranyň paýtagtynda ilkinji miweçilik mekdebiniň düýbi tutulýar, şonda hoz görnükli ýeri eýeläpdir.

Eýýäm biziň eýýamymyzyň birinji asyrynda «eýran hozy» diýlip atlandyrylan daragt we onuň miweleri grekler tarapyndan Italiýa eltilipdir. Gadymy Gresiýada grek hozuny eýran, patyşa ýa-da sinop hozy diýip atlandyrypdyrlar. Bu hozuň «grek hozy» diýlip atlandyrylmagynyň sebäbi ol Russiýa Gresiýadan getirilipdir. Daragtyň ylmy ady muny tassyklaýar. Onuň latynça ady «Juglans regia» gysgaldylyp ýazylypdyr. Ýagny «lovisglan ýa-da Jovis glans» - «Ýupiteriň hozy»; «regus - patyşa» diýmekligi aňladýar. Ine, şu ýerde ýokardaky «eýran, patyşa we sinop hozy» diýip atlandyrylýany makullaýandygy gelip çykýar.

Biziň eýýamymyzyň 23-79-njy ýyllarynda ýaşap geçen meşhur grek alymy we akyldary Pliniý ulynyň «Tebigy taryh» diýen işinde hem hozy «Juglans» - «Ýupiteriň hozy» ýa-da «Basilikum» - «patyşa hozy, naýbaşy hoz» diýip atlandyrmagy onuň adynyň has dogrudygyna ýakynlaşýar.

Köpler grek hozy ady bilen meşhur bolan bu hozuň watany Gresiýadyr diýip hasap edýärler. Ýöne muňa dahylly zatlaryň, aglaba alymlaryň düýpleýin geçiren barlag işlerinden soňra, hozuň watany Merkezi Aziýa we Kiçi Aziýa hem Kawkaz diýen netijä geldiler. Dünýäniň galan ýerlerinde, şol sanda Gresiýada-da ol ekip ýetişdirilendir. Şeýlelikde, «aziýa hozy» diýip atlandyrylsa has dogry bolar. Şu nukdaý nazardan ol biziň Diýarymyzyň ýerli - «aborigen» ýaşaýjysy bolmagy ähtimal.

Hozuň dermanlyk häsiýetleri gadymy lukmanlara mälim bolupdyr. Bukrat (Gippokrat) hozuň ýaşyl miweýanyny soguljany çykaryjy serişde hasaplapdyr. Gadymyýetde hozy juda güýçli awulardan zäherlenende duýdurjy serişde hasap edipdirler. Hozuň zäherleriň garşysyna haýry degýändigi barasyndaky maglumatlary rim goşunynyň polk ýolbaşçysy Pompeý Matridatanyň köşgündäki papirusdan tapypdyr.

Abu Aly ibn Sinanyň pikirine görä, hozlar injir we porsykert bilen ulanylanda ähli zäherlere derman bolýar. Ol özüniň «Şypanama» («Jawdiýa») diýen işinde hozuň maňzy bilen porsukertiň garyndysyny ýylan çakanda zäheriň garşysyna serişde hökmünde ulanmagy maslahat berýär. Hozuň ýapragy we miweýany bedeni berkidýär hem gan akmasyny saklaýar. Miweýanynyň şiresini goýy halyna geçýänçä gaýnatmaly, ol basyga haýyrly.

Ibn Sina hoz ýapragyndan sykylyp alnan şiräni ýyladyp, gulakdan iriň gelmede haýyrlanmaklygy ündeýär. Onuň hasap edişine görä, hoz ýagy etiň çüýremeginde, sowuklama we ittirsege nepli; hozuň gabygy aýbaşyňy saklaýar, maňzy - soguljany çykaryjy hasaplanýar. Ol hoz bilen aşgazanyň, nerwiniň, böwregiň, köriçegäniň kesellerini we başgalary bejeripdir. Ibn Sina «Hoz şepbigi sepgi ýa-da ýapgy görnüşinde peýdalanylanda haýyrly» diýip tassyklaýar.

Gündogarda meşhur lukmany hem alym Seýit Ysmaýyl Gürgenli (Jürjany) özüniň belli «Elorezm şanyň hazynasy» diýen işinde arassalanan hoz maňzyny zäherlenmekden ýeten zyýanlara garşy iýmit görnüşinde ulanmaklygy maslahat berýär. Mundan başga-da hoz şiresiniň difteriýa keseline peýdalydygyny beýan edýär.

Muhammet Huseýniň «Melhemler hazynasy» atly eserinde grek hozunyň dermanlyk häsiýetleri barasynda giňişleýin maglumatlar berilýär. «Eloz bedeni ýumşadýar, dykyz materiýany sorýar, iýmit siňdirmege haýyrly, beýnini, ýüregi we bagry berkidýär, duýgyny ýitileşdirýär, esasan, üzüm we injir bilen iýlende, garry adamlara örän nepli». Mundan başga-da hozuň maňzy bäş günüň dowamynda haýyrlanylan ýagdaýynda, onda ol togalak we ýasy gurçuklary öldürýär, şeýle hem onuň oňurgadaky agyra hem göbegiň gyýym-gyýym bolup agyrmagyna neplidigi barasynda tekrarlaýar.

Hozuň ýaşyl miweýanyndan taýýarlanylan toşaba ary baly ýa-da üzüm toşabyny goşup, peýdalanylanda diş etiniň gan akmasyny dep edýär. Grek hozy aşa köp ulanylanda bokurdagy gijedýär we agzyň içinde örgün döredýär. Şonuň üçin hozy iýmit hökmünde ulanylanda, agzyňy suw bilen oňat çaýkamaly, soňra az-kem turşumtyk-süýji nary iýse bolýar.

Halk lukmançylygynda hoz agajy dürli-dürli maksatlar üçin peýdalanylýar. Munuň şeýledigini türkmençilikde «Hozuň yrýa zady ýok» diýen atalar sözüne öwrülip giden jümleler subut edýär. Ýapraklaryndan taýýarlanylan jöwheri madda alyş-çalşygynda neplenilýän serişde hökmünde ulanmak maslahat berilýär. Onuň ýapragynyň peti hem jöwheri kelle beýnisiniň aterosklerozynda, çagalaryň diatezinde, sowuklamada, guryagyryda peýdalanylýar. Ýapragynyň jöwheri diňe soguljany çykaryjy we iç geçmäniň garşysyna peýdalanylýan serişde hökmünde içilmän, şonuň ýaly-da basyga hem gingiwitde çaýkamak üçin peýdalanylýar. Şeýle hem ony süýji keselinde haýyrlanylýar.

Hozuň miweýanyndan we ýapraklaryndan taýýarlanylan şiresini gijilewükli demrewi dep edýär. Öňler miweýanynyň petini ötüşen yşky keselleri (weneriki) bejermek üçin peýdalanypdyrlar. Ter ýapragyny ýaralara we çybana ýapýarlar. Mäjumlanan ter ýapraklaryny mesge ýagyna garyp, kellagyryda we gözüň sowuklamasynda maňlaýa hem göze, şonuň ýaly-da ýaralara, çybana ýapylýar.

Türkmen halk lukmançylygynda (Baharly we Köýtendag etraplarynyň daglyk obalarynda) hoz agajynyň bişmedik miweleri we ondan alnan dermanlyk şire gyzylödegiň geçmez keselinde haýyrlanylýar. Mundan başga-da hozuň içindäki perdejikleri we mäjumlanan maňzyny süýt bilen garyp aýratyn içgi taýýarlaýarlar. Hozuň hoşboý ysy bark urýan gyzylymtygrak reňkli şypaly içgi ýürek-damar we aşgazan kesellerine örän peýdaly hasap edilýär. Şeýle hem hozuň gök miwelerinden taýýarlanan şerbedi we melhemi gany arassalamakda, bagry bejermekde, alkym çişmeden (zobdan) dynmakda, bedeni dikeltmekde we wena - gan damarlarynyň warikoz giňelmeginde peýdalanylýar.

Hozuň bişmedik miweleri soguljanlaryň (askarid we solitera) garşysyna peýdalanylýar. Şahalarynyň we köküniň gabygyndan taýýarlanylan jöwher, pet agyz boşlugynyň, damagyň, bokurdagyň sowuklama sökelliklerinde, diş gowşanda, diş eti zaýalananda, iç sürüji hem aşgazana haýyrly serişde hökmünde ulanylýar.

Aşgazan-içege ulgamynyň sökelliklerinde hoz maňzy mäjumlanyp kişmiş bilen garyp peýdalanylýar. Akargülüň tohumy we hoz maňzy garylyp, bil agyryda ulanylýar. Hoz gipertoniýa oňat haýyr edýär diýip hasaplanýar. Onuň maňzy - dürli azyklyk önümleri taýýarlamak üçin örän gymmat bahaly düzüm bölegidir. 0l şeker hassalygy bolanlar üçin aýratyn möhümdir.

Daragtyň miwesiniň ýagyny irki wagtlardan bäri iç sürüji we soguljany çykaryjy serişde hökmünde, şonuň ýaly-da bagyr, peşewjyns agzalarynyň, öýken hem böwrekde daş emele gelme kesellerinde peýdalanypdyrlar. 01 ýagy gulak agyryda hem gulaga damdyrypdyrlar. Melhemlik ýanyklara we bitmesi kyn ýaralara çalmak üçin ulanylýar. Hoz ýagy içege gasynlarynyň işini güýçlendirýär, munuň özi gartaşan we semizlikden ejir çekýän adamlaryň iýmegine mümkinçilik berýär.

Fitoterapiýada adaty hozuň ýapragyndan taýýarlanýan jöwheri limfa mäzleriniň, diş etiniň sowuklamasynda hem gastroenteritde dermanlyk maksatlary üçin peýdalanylýar. Durmuşda hozuň ýapragyny örgünli, iriňli dömme çaga keselini we igleme sökelligini bejermekde ulanylýar. Ýapragynyň jöwheri aşgazan-içege ulgamynyň, deri we süýji kesellerini dep etmeklikde, basykda we gingiwitde agyz çaýkamak, deriniň inçe keselinde hem skrofulýozda suwa düşünmek arkaly peýdalanmak maslahat berilýär.

Hozuň ýaşyl miweýanyndan alnan «ýuglon» dermany ylmy lukmançylykda melhem ýa-da suwly spirt suwuklygy (çalgy, çaýkamak, ýapgy) görnüşinde deri inçekeselini, demrewi, paradontozy bejermekde ulanylýar. 01 0,1% spirt we 0,05-0,1% ýag ergini görnüşinde haýyrlanylanda kokklary we kömelek florasyny doly ýok edýär (esasan, stafilokokk kömelekler we grampoložitel taýajyklar duýgur). Şeýle hem adaty hozuň ýapragyndan alnan «karion» dermany deri inçekeselini bejermek üçin hödürlenildi. Ter ýapragyň ekstraktlary, «ýuglon» kysmy antibakterial häsiýetli. Hozuň süýdüniň ýetişýän döwründe ýaşajyk gök miwelerinden witaminli konsentratlar taýýarlanylýar. Mürepbede 90%-e çenli witaminler saklanar ýaly gaýnatma usuly işläp düzüldi. Adaty hozuň ýetişmedik miwelerinden taýýarlanylan C witaminiň konsentraty, hoz ýapragynyň ysyny ýada salýan gowşagrak hoşboy ysly gara-goňtumtyk reňkli suwuklykdyr. Bu konsentrat düzüminde askorbin turşusyndan başga-da, 1,3% tanin, 2-3% demriň we kalsiniň fosforturşy turşusyny saklaýar.

Hozuň maňzy keselden soňra kuwwata getiriji we iýmit siňdirişi gowlandyryjy nygmat hökmünde iýmek maslahat berilýär. Onuň täze ýagyny konýunktiwiti we orta gulagyň sowuklamasynda peýdalanylýar. Miwesinden tayýarlanylan petini ýokary gan basyşynda içilýär. Hozuň ýapragyndan häzirlenen çaýy süýji keselinde ulanylýar.

Hozuň maňzyny azyklyk üçin täze we guradylan görnüşinde peýdalanylýar. Ony halwalary, şirin nany, süýji-kökeleri, toşaplary, içgileri, mürepbe we beýleki şirinlikleri taýýarlamakda ulanylýar. Hozuň maňzy kakadylan tudana we erik kişdesi bilen garylyp taýýarlanylan mäjum örän ýokary dermanlyk we iýmitlik häsiýetlidir. Gök hozlardan melhemlik mürepbe hem taýýarlanylýar. Hozuň maňzyndan sykylyp ýag alynýar, onuň reňki ýaşylymtyk öwüşgünli açyk sary, hoşboý ysly, örän tagamly.

Daragtyň miweýanlary, agajynyň gabygy we ýapraklary deri eýlenende ulanylýar. Ýapragy, gabygy we miweýany matalary, ýüňleri, halylary, şeýle hem saçy boýamakda peýdalanylýar. Munuň şeýledigini Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerindäki:

Hozuň daş gabygy, gülälek suwy,

Garyp saça çalsaň gara reň bolar

- diýen jümleleri subut edýär. Şu aýdylanlardan çen tutsak, türkmen halky hoz agajyny öz durmuşynda irki zamanlardan bäri haýyrlanyp gelýär.

Adaty hozuň agajynyň uly ähmiýeti bardyr. Ondan gymmat bahaly mebeller we tüpeňiň gundagy ýasalýar. Esasan, onuň şahasynda agaçjymak süýümler tarapyndan emele gelýän düwünleri owadan suraty emele getirýänligi üçin has ähmiýetlidir. Olar bezeg fanerleri, bezeg sandyjagy, dürli bezegleri taýýarlamakda peýdalanylýar.

Derman taýýarlanylyşy hem ulanylyşy.

Hozuň bir nahar çemçe (15 g) guradylan ownuk ýapragyny bir bulgur (200 ml) suwa atyp, 30-40 minut saklap, hasa bilen süzmeli. Taýýar bolan jöwheri her gün bir nahar çemçeden (15 g) 4 gezek içmeli.

Agajyň 3-5 nahar çemçe (45-75 g) gury owradylan ýapragyny ýarym litr (500 ml) suwa atyp, içi syrçaly gapda haýal ýanýan otda gaýnatmaly. Hasadan geçirip, deri kesellerinde, iriňli ýaralarda ýapgy ýa-da çalgy görnüşinde peýdalanmaly.

Hozuň 1-2 çaý çemçe (5-10 g) ýapragyny bir bulgur (200 ml) gaýnag suwa demläp, sowandan soň hasada süzüp, gün içinde 3-4 gezek ýarym bulgurdan (100 ml) kabul etmeli. Melhem beýni aterosklerozyna we iç geçmä nepli.

Nahar çemçe (15 g) owradylan ýapragy bir bulgur (200 ml) gaýnag suwa demlemeli. Jöwher taýýar bolansoň hasadan geçirmeli. Sowadyp çagalara nahardan öň her gün 3 gezek 1-2 çaý çemçeden (5-10 g) içirmeli.

Ösümligiň nahar çemçe (15 g) owradylan gury ýapraklarynyň üstüne ýarym bulgur (100 ml) günebakar ýagyny guýmaly. Soňra ony suw wannasynda (içme-içgap) 3 sagatlap gaýnatmaly, iki gezek hasadan süzmeli we ýene-de 30 minut gaýnatmaly, soňra naharçemçe (15 g) ary mumyny goşmaly hem-de sowaýança garyşdyryp durmaly. Derman ýaralara we çybanlara ýygy-ýygydan ýapylýar.

Doly wanna üçin hozuň 1 kg ter ýa-da guradylan ýapraklaryny suwa atyp, agzy mäkäm ýapylýan gapda pessaý otda 30 minut gaýnatmaly. Taýýar bolan melhemlik petini, esasan, çagalardaky dömme iriňli çişlerde hem mäzleriň limfatik kesellerinde suwa düşmek üçin ulanýarlar.

Hozuň gök miwelerini ýygnap, et üwelýänden geçirmeli we ona deň gatnaşykdaky ary balyny goşup, agzy ykjam ýapylýan aýna gaba salyp, garaňky ýerde 37 gün goýmaly. Taýýar bolan dermany nahardan öň bir çaý çemçeden (5 g) her gün 4 gezek içmeli.

Bişmedik hozuň gabygyny we maňzyny et üwelýänden geçirmeli hem üstüne zeýtun ýa-da badam ýagyny guýup, agzy berk ýapylýan aýna gapda 40 gün saklamaly. Taýýar bolan melhemi süzüp, her gün irden hem agşam wena gan damarlarynyň çişen ýerlerine doly aýrylýança çalmaly.

 

 

 

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR