Bir gezek ýaş ýigitleriň biri akyldaryň bosagasyndan ätläpdir. «Halypa, men durmuşda hiç bir zada uzak gyzygyp bilemok. Käbir zatlar birbada göwnümi açýan ýaly görünse-de, sähel salymdan göwnüm, dünýäm sowan tamdyra dönäýýär. Ýaşaýşyň gyzygyny, durmuşyň gözelligini artdyrýan zat barmy ýa-da hemmelerem meniň ýaly käte şatlanyp, soňundan hem lapykeç bolup ýörlermi?» diýip sorapdyr. «Ogul, öňüňde anyk we aýdyň, belli bir maksadyň bolmazlygy durmuşyň gyzygyny gaçyrýan, ömrüňi bimany ötürmäge iterýän ýagdaýdyr. Belli bir maksadyň bolsun. Şol maksadyňa ýetmek üçin nähili hereketleriň zerurdygyny ölçer, kesgitle. Soňra yhlas bilen işe giriş. Janypkeş bol. Ýene bir zat: yzygiderliligiň bolsun. Az önýän hem bolsa, dowamly bolan iş, birbada köp bolup, soňy bolmadyk işden has haýyrlydyr» diýip, akyldar jogap beripdir.