Agyrynyň we aladalaryň sebäbi

Sapagyň başynda professor içi azajyk suwly bulgury ýokary göteripdir. Talyplar bu ýagdaýa üns beräýýänçäler, ony ýokary galdyryp saklap durupdyr, soňra bolsa: «Siziň pikiriňizçe şu bulguryň agramy näçedir?» diýip sorapdyr.

— 50 gram! … 100 gram!… 125 gram!… — diýip, talyplar çak urupdyrlar.

— Meň özümem bilemok, muny bilmek üçin agramyny çekip görmeli — diýip, professor gürrüňini dowam edipdir. — Mesele başga zatda: eger bu bulgury birnäçe minutlap şeýdip saklap dursam, näme bolar?

— Hiç zat — diýip, talyplar jogap beripdirler.

— Bolýar. Eger bu bulgury bir sagatlap saklap dursam, näme bolar? — diýip, professor ýene sowal beripdir.

— Eliňiz agyrar — diýip, talyplaryň biri jogap beripdir.

— Bu bulgury uzynly gün şeýdip göterip dursam, näme bolar?

— Eliňiz gurşar, ýadar, hatda ysman başlamagy, sizi hassahana ugratmaly bolmagymyz hem mümkin — diýip, talyplaryň biri oýunlyga salyp aýdypdyr.

— Örän oňat — diýip, professor gürrüňini dowam edipdir — ýöne şu geçen wagtyň içinde bulguryň agramy üýtgedimi?

— Ýok — diýip jogap beripdirler.

— Onda bu eginlerdäki, ellerdäki agyry nirden peýda boldy?

Talyplar geň galyp, näme diýjeklerini bilmändirler.

— Bu agyrynyň azaryndan dynmak üçin men näme etmeli? — diýip professor sorapdyr.

Oturanlar:

— Bulgury aşak goýbermeli — diýip jogap beripdirler.

— Ine, gördüňizmi, durmuşdaky aladalardyr şowsuzlyklar babatda hem hut şeýle bolýar — diýip, professor sözüni dowam edipdir.

Olary kelläňizde sähelçe wagt götereniňiz bilen size hiç zat bolmaz. Uzak wagtlap olaryň pikirini etseňiz welin, agyry duýup başlarsyňyz. Bar pikiriňiz-küýüňiz diňe şolar bolsa welin, ol ýagdaýlar sizi ysmaz hala salyp başlar, ýagny başga hiç zada eliňizem degmez, ýagdaýyňyzam bolmaz.

Orazmyrat Myradow

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR