Naşyja sowgatlar

Çet gyrada ýerleşýän obalaryň birine bir dana goja göçüp gelipdir-de, şol ýerdede ýurt tutunypdyr. Ol çagalary gowy görüp, köp wagtyny şolar bilen geçirýär eken. Goja çagalara sowgat bermegi hem gowy görüpdir, ýöne diňe näzijek, döwülegen zatlary sowgat edýärmişin. Çagalar näçe serasaply bolmaga jan etselerem, olaryň täze oýnawaçlary köp döwülýän eken. Olar muňa gynanyp aglaýarmyşlar. Biraz wagt geçensoň dana goja olara ýene, öňküdenem näzik, juda ejizje oýunjak sowgat berýärmişin.

Onsoň bir gün çagalaryň ata-eneleri çydaman, onuň ýanyna barypdyrlar:

— Siz bir akylly-paýhasly adam. Çagalara diňe ýagşylyk isleýänligiňizem bilýäris. Ýöne olara näme üçin beýle naşyja, çalamydar sowgatlary berýärsiňiz? Olar döwmejek bolup, seresap boljak bolup näçe jan etselerem, oýunjaklar barybir tiz döwülýär, çagalaram muňa gynanyp aglaýarlar. Beýle naşyja, gowuja sowgatlary oýnaman oturmagam kyn.

Goja myssa ýylgyrypdyr-da, şeýle diýipdir:

— Ýene-de sähelçe ýyl geçer welin, kimdir biri olara özüniň ýüregini sowgat berer. Belki, meniň oýnawaçlarym olara dünýädäki iň gymmatly sowgada seresaplylyk bilen çemeleşmelidigini azda-kände öwreder...

Orazmyrat Myradow

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR