DÜÝE ÇALY
Täze saglan düýe süýdüni küýzä ýa-da syrçaly gaba guýmaly, gönezlik goşmaly, gabyň gapagyny ýapmaly we salkyn ýerde 3-4 sagat saklamaly.
Onuň ýüzüne çykan agaran aýrylýar we tagamlary hem-de içgileri taýýarlamak üçin ulanylýar. Ýagy alnan süýdi sowadylan gaýnag suw bilen garmaly we käselerde äbermeli.
2 litr düýe süýdüne 0,6 – 0,8 litr suw gerek bolýar.
SÜÝJI AGARAN
Täze taýýarlanan düýe agaranyny käselere guýmaly we üstüne şeker sepmeli. Şekeri islege görä aýratyn berip bolar. Agaranyň ýany bilen gyzgyn çörek äberilýär.
2 käse agarana 0,5 bulgur şeker gerek bolýar.
AGARAN
Düýe süýdünden taýýarlanan çala täze taýýarlanan agarany goşmaly we bulamaly. Sowadyp käselerde äbermeli.
0,5 litr agarana 1,5 litr taýýar çal gerek bolýar.
GEÇI ÇALY
Gaýmagy alynmadyk geçi süýdüni bişirmeli we 30-35 gradusa çenli sowatmaly. Soňra gönezlik goşmaly we sowatmaly. Taýýar turşy gatygy gaýnadylyp sowadylan suw bilen garmaly we käselerde äbermeli.
Taýýarlamak üçin 1,5 litr geçi süýdi, 1 bulgur gatyk we 0,5 litr suw gerek bolýar.
SÜZME ÇAL
Taýýar süzmäni gaýnadylyp sowadylan suwda kemsiz ýaýmaly. Käselerde sowuk görnüşinde äberilýär. 1 käse süzmä 1,5 litr suw gerek bolýar.