MUZEÝLER — GEÇ­MI­ŞIŇ BE­ÝA­NY

Halkymyzyň baý taryhy bar. Häzirki wagtda milletimiziň medeni gymmatlyklaryny aýap saklamak, öwrenmek we nesillere ýetirmek babatda düýpli işler durmuşa geçirilýär. Muzeýler gurlup, ulanylmaga berilýär, taryhymyza bagyşlanan halkara maslahatlar we sergiler geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Türkmenler dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna, medeni-ruhy ösüşine örän uly goşant goşan iň gadymy halklaryň biridir» diýip bellemek bilen, häzirki wagtda milli mirasymyzyň, maddy gymmatlyklarymyzyň goralyp saklanylyşyna, olaryň ylmy taýdan öwrenilip, halk köpçüligine wagyz edilişine ünsi has-da güýçlendirdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan taryhyny öwrenmekde ýurdumyzyň muzeý işgärleriniň alyp barýan işleriniň aýratyn möhüm ähmiýeti bardyr. Olar bu derwaýys işe çynlakaý ýapyşyp, muzeý işini kämilleşdirýärler. Türkmeniň gadymy taryhyny, etnografiýasyny, tebigatyny, şekillendiriş sungatyny gorap saklamakda, öwrenmekde, halka ýetirmekde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi netijeli işler alyp barýar.

Soňky ýyllarda Döwlet muzeýi sergi işlerini has-da kämilleşdirdi. Bu ugurda halkyň muzeýlere bolan garaýşyny çuňlaşdyrmak, taryhy gymmatlyklary wagyz etmek, muzeý bilen ýakyn gatnaşyk saklamaklaryny gazanmak maksady bilen Türkmenistanyň gadymy döwrüniň taryhy bölüminiň, antik bölüminiň, Türkmenistanyň orta asyrlarynyň taryhyna degişli iki bölümiň işleri düýpgöter täzeden işlenilip üýtgedildi. Bu bölümler paliolit — daş asyrlardan başlap, giçki orta asyrlara degişli ýadygärlikler barada maglumatlar we gymmatlyklar bilen baýlaşdyryldy.

Göçme sergiler muzeýiň hökmany işleriniň biri bolup durýar. Döwlet muzeýi göçme sergileriň her ýylda 100-den gowragyny gurnaýar. Bu sergiler Aşgabat şäherinde we onuň töweregindäki obalarda ýerleşýän orta okuw mekdeplerinde, tomus möwsüminde çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde, ýokary okuw mekdeplerinde, edara-kärhanalarda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler köşgünde, atçylyk toplumlarynda we welaýatlarda geçirilýän döwlet derejeli çäreleriň çäklerinde guralýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen türkmen medeni mirasy dünýä çykarylýar. Türkmenistanyň häzirki zaman muzeýleri diňe bir milli mirasymyzyň saklanylýan ýeri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara medeni alyş-çalyşlary ýola goýmak üçin oňaýly merkez bolup durýar. Döwlet muzeýi daşary ýurtlarda her ýylda birnäçe göçme sergi guraýar. Geçen döwrüň içinde Döwlet muzeýiniň arheologiýa we etnografiýa gymmatlyklary Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýe Respublikasynyň birnäçe şäherlerinde, GDA döwletlerinde, Ýewropa döwletlerinde, ABŞ-da sergide görkezildi. Ondan başgada, muzeý Bütindünýä «EKSPO» sergilerine, ýagny 2010-njy ýylda 6 aý dowam eden Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherindäki Bütindünýä «EKSPO-2010», 2015-nji ýylda Italiýanyň Milan şäherinde Bütindünýä «EKSPO-2015» hem-de 2017-nji ýylda 3 aý dowam eden Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda Bütindünýä «EKSPO-2017» sergilerine gatnaşdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherindäki Metropoliten sungat muzeýinde «Seljuklar eýýamynyň taryhy» atly sergi guraldy. Sergi 2016-njy ýylyň 25-nji aprelinden 24-nji iýuly aralygynda dowam etdi. Onda ilkinji gezek Döwlet muzeýiniň, Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de «Köneürgenç» taryhy we medeni döwlet goraghanasynyň muzeý gymmatlyklary görkezildi. Metropoliten sungat muzeýinde guralan sergide toýundan, gipsden, agaçdan we demirden ýasalan arheologiýa tapyndylary görkezildi. Olar Amerikadan, Ýewropadan we Ýakyn Gündogar ýurtlaryndan, şeýle hem şahsy muzeýlerden getirilen, osmanlylar bilen baglanyşykly täsin gymmatlyklardyr. Bu sergi köp sanly daşary ýurt raýatlarynyň türkmen halkynyň taryhyny öwrenmeklerine, Seljuklar döwletiniň gülläp ösen döwri barada taryhy maglumatlar bilen tanyşmagyna ýardam berdi.

Arheologiýa tapyndylarynyň daşary ýurtda uzak wagtlaýyn sergisini guramak işi dowam etdirilýär. 2018-nji ýylyň 24-nji aprelinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde «Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy» atly arheologik serginiň dabaraly açylyşy boldy. Döwlet muzeýiniň, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň we Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznasyndan Margiana döwletine degişli, täsin we gaýtalanmajak ajaýyp tapyndylardan 219 sanysy ilkinji gezek daşary ýurda çykaryldy. Bu sergi soňra Gamburg şäheriniň Arheologiýa muzeýinde 3 aý möhlet bilen dowam etdi. «Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy» atly arheologik sergide görkezmek üçin Margianadan tapylan tapyndylaryň many we mazmun taýdan, şeýle hem daşky görnüşleri boýunça has täsin hem-de özboluşly gymmatlyklar saýlanyp-seçildi. Ol gymmatlyklaryň üsti bilen daşary ýurtly muzeý söýüjilere marguşlylaryň ýaşaýyş-durmuşy, dini, däp-dessurlary barada maglumat almaga mümkinçilik bolýar.

Döwlet muzeýi Aziýa döwletleriniň medeniýetini we taryhyny görkezmek we Aziýa siwilizasiýasynyň arasyndaky özara barlaglary hem-de hyzmatdaşlyklary ösdürmek maksady bilen, Art Ekzibişnz Çaýna, Miras institutlary we Aziýa halklarynyň beýleki muzeýleri, Hytaý Halk Respublikasynyň Pekindäki milli muzeýinde «Aziýa siwilizasiýasy» atly dostlukly halkara sergisine gatnaşdy. Üç aý dowam edýän sergide Hytaý halky türkmen halkynyň amaly-haşam sungatyna degişli bolan milli egin-eşikler we türkmen gelin-gyzlarynyň milli bezeg şaýlarynyň ajaýyp nusgalary bilen tanşarlar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurlup ulanylmaga berlen muzeýlerde häzirki zaman dünýä ülňülerine laýyk gelýän ösen tehnologiýalary ulanmak işi geçirildi. Dünýäde ylmy-tehnikanyň ösmegi bilen, häzirki zaman habarlar we aragatnaşyk tehnologiýasynda wirtuallaşdyrmak dünýäsi giň gerim alýar. Häzir PUBLISISTIKA Ö.MÄMMETNUROW Garagum 6 2019 21 ýurdumyzyň iri muzeýleriniň internet saýtlary hereket edýär. Döwlet muzeýi internetiň wirtual dünýäsiniň giňişliginde özüniň hemişelik sergi bölümlerini görkezýär. Muzeýiň hünärmenleri tarapyndan audiogid üçin tekstler üç dilde (türkmen, iňlis, rus) ses ýazga geçirildi, gysga wagtyň içinde muzeýiň myhmanlary audiogidiň kömegi bilen muzeýi aýlanyp görüp bilerler.

Muzeýiň medeni aň-bilim işinde köpçülikleýin çäreleriň ähmiýetini ýokarlandyrmak meselesi möhüm orny eýeleýär. Her ýylda Döwlet muzeýinde birnäçe ylmy maslahatlar, duşuşyklar, bäsleşikler, okuw we ussatlyk sapaklary geçirilýär. Mysal üçin, şu ýylyň başynda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly mynasybetli «Medeniýet — ruhy kämilligiň gözbaşy» atly sergi guraldy. Sergide hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren kitaplaryna, ýurdumyzyň ähli ugurlarda ösüşlerini janlandyrýan halylara, fotosuratlara, surat eserlerine, gymmatlyklara, Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň gaznasynda saklanylýan zergärçilik sungat eserlerine orun berildi.

«Watan goragy — asudalygyň kepili» atly sergi watançy nesillere bagyşlanyldy. «Asyrlara ýörelge — nesillere görelde» atly okuw-usuly maslahat hem-de amaly-haşam sungatyna degişli gymmatlyklardan sergi gurnaldy. Maslahata Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan gelen medeniýet işgärleri, mirasgärler, deri önümleriniň ussalary, tamdyr ussalary, keçeçi zenanlar, milli tagamlary taýýarlaýjylar gatnaşdylar. Maslahatyň çäklerinde «Asyrlara ýörelge — nesillere görelde» atly bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Diplomlary we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň sowgatlary gowşuryldy.

«Orta asyrlarda binagärçiligiň ösüşi» atly amaly maslahatda ata-babalarymyzyň binagärçilik sungatyna beren ünsi öz beýanyny tapdy. «Ahalteke bedewi — gözelligiň nusgasy» atly sergide belli suratkeşleriň türkmen bedewleriniň keşbini janlandyran eserleri möhüm orny eýeledi. Serginiň merkezinde XX asyryň başlaryna degişli halydan we keçeden edilen at ýapynjalaryny, kümüşden hem-de altyn çaýylan atyň bezeg şaý-esbaplary serginiň täsirini artdyrýar. Ondan başga-da, sergide altyndan, kümüşden ýasalan ahalteke bedewiniň heýkelleriniň dürli görnüşleri görkezildi.

Şeýle sergileriň birnäçesi maý aýynda hem guraldy. «Merdana gerçeklere belent sarpa», «Konstitusiýa we türkmen baýdagy — döwletliligiň bitewüligi», «Watanyň ýüregi — gözel Aşgabat» atly sergilerde-de halkymyzyň geçmiş taryhy we şu ajap döwrümizde ýetilen belent sepgitler wagyz edildi. Şeýle dabaralardyr maslahatlar, sergiler her bir baýramçylyga, şanly senelere bagyşlanyp geçirilip durulýar. Munuň özi, ýaşlaryň taryhymyzy içgin öwrenmegine oňyn täsirini ýetirýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň muzeýlerinde işleri döwrebap guramak, işimize döredijilikli çemeleşmek babatda giň mümkinçilikleri döredip berýär. Her ýylyň 27-nji iýunynda bellenilip geçilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe muzeý işgärleri-de taýýarlykly geldiler.

Geçmişiň beýany bolan muzeýler halkyň taryhy gymmatlyklaryny özünde jemleýär, olary aýap saklamak, nesillere wagyz etmek geljek hakynda edilýän aladadyr. Nesiller ata-babalarynyň döreden taryhyna guwanmalydyrlar, sapak almalydyrlar. Geçmiş bilen şu günüň, geljegiň şular ýaly özara baglanyşygy türkmen medeniýetiniň ýokarylygyndan gelip çykýar.

Öwezmuhammet MÄMMETNUROW,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory.

“Garagum” žurnaly.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR