Üç zat göreje nur berýär: ýaşyl çemenzarlyga, akar suwa we owadan ýüze seretmek.
* * *
Eger oduň içinde bolsa hem dostlugyňa wepaly bol!
* * *
Çalt tutaşan ot çalt hem sönýändir. Gyssanmaç edilen iş hem kemçiliksiz bolmaz.
* * *
Subutnamaly, delilli gürlän adam utanmaz, dogry ýola düşen adam azaşmaz.
* * *
Dostuňdan malyňy gysganma, garyndaşyňdan sowgadyňy we zyýaratyňy kesme, duşmanyňdan adalatyňy we ynsabyňy aýyrma!
* * *
Berlen sowala doly we dogry düşünmek ýarym jogapdyr.
* * *
Eger kalbyňa dynçlyk, başyňa rahatlyk isleseň, gürläniňde gürleýän zadyňa gowy akyl ýetirip gürle ýa-da dym!
* * *
Köp dost tutunmakdan saklan, sebäbi olaryň içinde diňe ynamdar bolan dostuň saňa zyýan ýetirmez.
* * *
Duşman gazanmazlygyň iň gowy usuly ýumşak häsiýetli bolmakdyr.
* * *
Iki zat ýalançylygy aňladýar: köp wada bermek we köp bahana aramak.
Toplan Artykmyrat SAPAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
“Nesil” gazeti,
16.01.2020ý.