Asyryň akyldaryndan ALTYN SARGYTLAR

Biz ýaly adaty adam bolup dünýä inen Albert Eýnşteýn bütin ömrüne okanlary, öwrenenleri, tejribede synag edenleri bilen çuňňur zehiniň, kämilligiň nusgasyna öwrüldi. Eger bu gün akyl, bilim, başarnyk babatynda tapawutlanýan birini Eýnşteýne meňzedýän bolsak, bu eýýäm aňymyzda onuň ýeten beýikligini ykrar edýänligimizdir. Ýöne onuň bu beýiklige nädip ýetendigi barada pikir öwrüp görüpmidiňiz?! Ine, meşhur alym, fizik, filosof we ýazyjy bolup ýetişen ägirdiň kämillige uzan ýolunyň 10 syry.

Biz makalany Albert Eýnşteýniň öz sözleri bilen dowam edýäris:

1. Gyzyklanmalaryňyzyň yzyndan galmaň!

«Meniň aýratyn bir ukybym ýok. Bar edýän zadym gyzyklanmalarym aşa güýçli». Sizi gyzyklandyrýan zat näme? Onuň haýsy aýratynlygy sizi has haýran galdyrýar? Mysal üçin, meni käbir adamlaryň üstünlik gazanyp, käbirleriniň gazanyp bilmeýänliginiň sebäbi gyzyklandyrýar. Şonuň üçin ýyllarboýy maksada ýetmegiň, başarjaň bolmagyň üstünde işledim. Gyzyklanmalaryňyzyň yzyndan galmasaňyz, üstünlige ýetip bilersiňiz.

2. Yhlasyň belli bahasy ýokdur.

«Has akylly bolanlygym üçin däl, kynçylyklara garşy göreşi orta ýolda taşlamandygym üçin maksada ýetýärin».

Siziň sabryňyz goýan maksadyňyzy ahyryna çenli dowam etdirmäge ýetýärmi? Ugradýan adamdan tä barjak ýerine çenli hatly bukjadan aýrylmaýanlygy üçin poçta markalaryny gowy görýärler. Edil şol markalar ýaly boluň, başlan işiňizi ahyryna çenli dowam ediň!

3. Şu güne üns beriň!

«Birbada iki işi etjek bolýan adam şolaryň haýsy hem bolsa birine az üns berýändir».

Birbada iki ata erk edip bolanok. Nämedir bir zatlary başaryp bilersiňiz, ýöne ähli zady başarmagyňyz asla mümkin däl. Şu güne — häzirki wagta üns beriň! Ähli ünsüňizi şu wagtky edýän işiňizde jemläň!

4. Hyýal güýji — goşmaça güýç!

«Hyýal güýji siziň ähli baýlygyňyzdyr».

Ol size garaşýan şowlulyklaryň ilkinji ädimi. Hyýal üçin zehinden hem peýdalanmak gerek.

5. Ýalňyşmakdan gorkmaň!

«Ýalňyşyp görmedik adam täzelikçi hem däldir».

Ýalňyş hereketler zerarly şowsuzlyga uçramakdan gorkmaň! Tersine, ýalňyşlyklara kämilleşmegiň serişdesi hökmünde garaň! Kämillik ýüzlerçe ýalňyşlygyň aňyrsynda ýatandyr.

6. Şol pursat bilen galyň!

«Geljek hakynda hiç hili pikir etmeýärin. Başa näme gelse, göribermeli».

Geljegi berkarar etmegiň iň gowy ýoly häzirki wagtdan netijeli peýdalanmakdyr. Çünki edil häzir sizde düýni ýa-da ertiri üýtgetmek mümkinçiligi ýokdur. Iň esasy zat, şu pilleki ýagdaýdyr.

7. Özüňizi sylatmagy başaryň!

«Başarjaň bolmaga däl, hormatly bolmaga ýykgyn ediň!».

Wagtyňyzy başarjaň bolmaga däl-de, adamlaryň arasynda mertebeli bolmaga sarp ediň. Mertebe gazanyp bilseňiz, üstünligiň gitjek ýeri bolmaz.

8. Dürli-dürli netijelere garaşmaň!

«Birmeňzeş işlerden başga netijä garaşmak dälilikdir». Her gün şol bir tertipde ýaşap, üýtgeşik netijelere garaşmaň! Durmuşyňyzyň özgermegini isleýän bolsaňyz, ilki özüňiz özgermelisiňiz.

9. Akyl — tejribäniň önümi.

«Maglumatlary okap, öwrenip däl-de, tejribe bilen özleşdirip bolýar».

Bir ylmy meseläniň üstünde jedelleşip bilersiňiz, ýöne bu size diňe pelsepewi pikir berer. Bir maglumata has içgin aralaşmak isleýän bolsaňyz, ony tejribede amal edip görmeli.

10. Düzgünlerini öwrenip, has kämil boluň!

«Oýnuň düzgünlerini öwrenmäge borçlusyňyz. Diňe şeýdip iň gowy oýunçy bolup bilersiňiz».

Amal etmeli iki zadymyz bar: birinjisi oýnuň düzgünlerini öwrenmek, ikinjisi bolsa ony her kimden gowy oýnamaga çalyşmak. Şu ikisini başarsaňyz, üstünlik hemişelik hemraňyz bolar.

* * *

Ine, Eýnşteýn-hä şeýle diýýär. Berilýän sargytlary seljermek we iň naýbaşylaryny saýlap almak özüňize bagly. Eger bu ýörelgeler Eýnşteýni dünýä meşhur alyma öwren bolsa, size näme üçin nepi degmesin?! Şonuň üçin paýlaşaýaly diýdik.

Agageldi ITALMAZOW.

“Nesil” gazeti,

21.01.2020ý.

 

 

Öňki makala

HIKMET HOŞALARY

Indiki makala

Ýagşylyk

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR