PIKIR DÜWÜNÇE­GINDEN

Ulumsylyk uly adamyny-da kiçeldip görkezýär, kiçigöwünlilik kiçi adamyny-da ulaldýar.

***

Kimiň elinde össeň, şoňa-da çalymdaş borsuň.

***

Bilimden zyýat genji-hazyna, akmak kişiden howply duşman, hünärden belent sarpa, haýadan ýakymly zynat ýokdur.

***

Elpe-şelpelik isleseňiz, jepakeş boluň, döwletli bolaýyn diýseňiz, kanagatly boluň, dostuňyz köp bolsun diýseňiz, polady ýumşak boluň!

***

Günäsiz halyňa dil ýetiren adamyň günäsini muny saňa ýamanlanyň günäsinden has çalt ötgün.

***

Dil – akylyň, göz bolsa ýüregiň dilmajydyr.

***

Endik bolmazdan ussatlyga ýetilmeýär.

***

Bu dünýä daglardaky ýaň mysalydyr, eger biz oňa gazabymyzy goýsak, gazabam yzyna gaýdyp gelýändir, eger söýgimizi ýaňlandyrsak welin, ýene söýgi ýaň salar.

***

Şol bir pikiri gaýtalap ýörseň, göwnüňe ýalanam bolsa çyn ýaly görner.

***

Yhlaslylygyňyz üçin artykmaç töleg ýokdur, ýöne abraýyňyz artar.

Toplan Babamyrat HO­JIÝEW,

Çärjew etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň mugallymy.

“Nesil” gazeti,

30.01.2020ý.

Öňki makala

Ýagşylyk

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR