MÖWSÜMLEÝIN KESELLERDEN GORANYŇ!

Ýiti respirator keseli ýokary dem alyş ýollarynyň, ýagny agyz boşlugynyň, bokurdagyň, burnuň nemli bardalarynyň zeperlenmegi bilen ýüze çykýar. Bu keseli dörediji wiruslar köp görnüşli bolup, olar howa-damja ýoly bilen näsag asgyranda, üsgürende, golaý aralykda ýüzbe-ýüz gürleşilende, gündelik ulanylýan gap-gaçlaryň, çagalaryň oýnaýan oýunjaklarynyň üsti bilen beýleki adamlara ýokuşyp bilýär. Bulardan başga-da, adamlaryň köp wagtyny ýelejiredilmeýän jaýlarda geçirmegi ýa-da otagyň penjirelerini, awtoulaglaryň aýnalaryny bir wagtda ikitaraplaýyn açylyp ýel çalanda, şeýle hem pasla görä geýnilmänliginde kesel ýüze çykyp bilýär.

Adatça, bu kesel duýdansyz başlaýar. Hususan-da, bedeni gowşak adamlarda, çagalarda köp duş gelýär. Immuniteti pes adamda keselleriň gaýtalanyp durmagy hem ähtimaldyr. Sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýän, sagdyn adamlar bolsa, dümew keseli bilen seýrek keselleýärler. Eger keselläýen halatlaryndada, olar tiz sagalýarlar.

Ýiti respirator keseli bilen kesellänleriň gyzgyny ýokarlanýar, myşsalarda, kellede, el-aýaklarda we bogunlarda agyry peýda bolýar. Umumy gowşaklyk alamaty ýüze çykyp, burun dykylyp, suw akýar. Adamyň gözi ýaşaryp, işdäsi peselýär. Bu alamatlar ýüze çykan dessine maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Sebäbi keseliň çalt we dogry bejerilmegi wajypdyr. Kesel anyklanandan soň, näsaga ony geçirişine görä bejergi berip, gerek bolsa hassahana ýerleşdirmeli. Öý şertlerinde bejergi alýan näsaglar bolsa, hökman lukmanlaryň gözegçiligi astynda bolmaly. Kesele ýeterlik üns berilmän, wagtynda anyklanmadyk, şeýle-de bejergi alynmadyk ýagdaýynda ýa-da derman serişdeleri özbaşdak kabul edilende başga gaýra üzülmeleriň ýüze çykmagy mümkindir.

Bu keseliň ilkinji alamatlary peýda bolan halatynda gyzyl burç atylan unaş, çorba ýada beýleki suwuk naharlary iýip derlemeli. Sebäbi burçuň düzüminde ýaglar, karatinoidler, peýdaly şekerler hem-de adam bedenine zerur bolan С, A, B, PP witaminleri köp. Näsagyň aýaklaryny ýyly saklamak hem zerurdyr.

Otagda ýüzärlik tütetmek wiruslara garşy göreşmegiň ygtybarly bir görnüşidir. Dermanlyk ösümlikler ýa-da sogan, sarymsak atylan gyzgyn bugdan dem almak hem peýdalydyr. Ýiti respirator keseli bilen kesellän hassalar Saglyk öýlerinde ýa-da hassahanalarda fizio otaglarynda bejergi alsalar, gysga wagtyň içinde saplanmagyna ýardam eder.

Kesellerden goranmak üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, bedenterbiýe-sport bilen yzygiderli meşgullanmaly. Nerw dartgynlylygyndan goranmaly. Pasyllara görä geýinmeli. Dogry iýmitlenip, arassaçylygyň kadalaryny doly berjaý etmeli. Bu düzgünler dogry we doly berjaý edilende adam bedeniniň kesele garşy goraýjylyk ukyby ýokarlanýar. Bu bolsa öz gezeginde sowuklamanyň we dümewlemäniň ýüze çykmagynyň öňüni alýar.

Ähli zadyň seresi saglykdyr. Janyňyz sag bolsun, eziz ildeşler!

Maýagözel NURJYKOWA,

 Aşgabat şäheriniň 6-njy Saglyk öýüniň baş lukmany.

“Nesil” gazeti,

01.02.2020ý.

 

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR