Meniň pikirimçe, häzirki zaman temasy diýmek, ilkinji nobatda, şahyryň özüdir, onuň özüniň häzirki zamanalyk derejesidir, ynsanyýetçilik we ýazyjylyk medeniýetidir. Häzirki zamanyň gözi we gulagydyr.
***
Şahyr bir çeti öz kükreginden başlanýan bu uly dünýäniň içinden öz ýüregi bilen iliň ýüregi üçin birmeňzeş dänäni diňe gözläp tapar. Beýle gözlegler bolsa hemişe dowam edýär. Şeýlelik bilen, ýazyjy tarapyndan suratlandyrylýan geçmişiň, geljegiň hakykatlary bir hakykata — ullakan häzirki zaman hakykatyna birleşýär.
***
Eger sen bütin bir ýylyň dowamynda tutanýerlilik bilen işläp, häzirki zaman okyjysynyň ösen estetik islegini kanagatlandyryp bilýän ýekeje goşgy ýazsaň, munuň özi seniň öndümli işlän ýylyň bolardy. Çünki halkyň nakyly şeýle: «Az bolsun, uz bolsun!»
***
Hakyky goşgularda her sözüň öz hyzmaty, öz kanuny orny bolýar. Çeper sözüň beýik ussatlarynyň eserlerindäki bir sözi başga bir söz bilen çalşyrjak bolup bir görüň bakaly!
***
Sen öz halkyň psihologiýasyny, ynançlaryny dogruçyl, çeper görkezip bilseň, onda ähli halk üçin peýdaly bir zat aýtdygyň bolar.
***
Poeziýa hem durmuş hakynda aýdylanda bolsa şahyra ýaşaýşyň aýratyn pursatlary goltgy berýärmikä diýýärin. Pursatlar... Biçak şatlanmaga ýa-da gynanmaga, çakyndan artykmaç söýmäge ýa-da ýigrenmäge, ýa bolmasa üýtgeşik bir zada geň galmaga mejbur edýän pursatlar. Şol pursatlara duşmak üçinem elmydama aýak üstünde bolunaýsa kem däl. Wah, munuň iň gowusy syýahatdyr-la?
***
Talant çeşme ýaly akyp ýatan janly bir zatdyr, zähmet bolsa onuň gözbaşydyr. Şonuň üçinem şahyryň elmydama iş üstünde bolmagy derwaýysdyr.
***
Her bir şahyryň döredijilik stili, elbetde, birbada döremeýär. Gowy görýän zadyna öýkünmek hemmelerde-de bolup biler. Emma ömrüňi öýkünip geçirip bolmaz ahyryn. Şonuň üçinem, ýagny ömrüňi öýkünip geçirmezlik üçinem turuwbaşdan jan etmek gerek.
Kakajan ÇARYÝAROW,
“Nesil” gazeti,
18.02.2020ý.