HEŇ­ŇAM HA­KY­KA­TY­NYŇ HE­KA­ÝAT­LA­RY

Yn­san dur­mu­şy ýe­ňliş­ler­den, ýe­ňiş­ler­den yba­rat. On­da hiç bir zat tarp ýer­den dö­re­me­ýär. Adam öz ýa­şan öm­rü­niň do­wa­myn­da haý­sydyr bir gar­şy­lyk­la­ra, päs­gel­çi­lik­le­re, dür­li kyn­çy­lyk­la­ra duş gel­ýär. Olar­dan baş alyp çyk­mak üçin gö­reş­ýär, ahyr­ky ne­ti­je­de hem çe­ken zäh­me­ti­ne, eden yh­la­sy­na gö­rä, öz maksat-myradyna, kä­mil­li­ge ýetýär. Bu ada­ty dur­muş ka­nu­ny. Şol ka­nun bol­sa dür­li adam yk­bal­lary­nyň öza­ra bag­la­ny­şyk­ly­ly­gyn­da ýü­ze çyk­ýar.

Ine, şeý­le adam yk­bal­la­ry­ny öw­re­nip, olar hak­da çeper-publisistik žanr­da­ky eser­le­ri dö­ret­mek hem-de ony desbi-dähelligi bi­len oky­jy­la­ra ýe­tir­mek ýeňil-ýelpaý iş däl. Ol abyr­syz uly zäh­me­ti hem yh­la­sy ta­lap ed­ýär. Bu ba­batda döw­rü­mi­ziň bel­li pub­li­sist ýazy­jy­sy Gur­ban­na­zar Oraz­gu­ly­ýew köp­le­re nus­ga­lyk ýo­ly, ýa­zy­jy­lyk hem žur­na­list­lik mek­de­bi­ni dö­redip bil­di. Ýa­kyn­da bol­sa ýa­zy­jynyň «Heň­ňam he­ka­ýat­la­ry» at­ly tä­ze ki­ta­by 3 müň nus­ga­lyk­da neşir edi­lip, öz oky­jy­la­ry­na go­wuş­dy hem-de olar ta­ra­pyn­dan gyz­gyn gar­şy­lan­dy.

Çeper-publisistik ýy­gyn­dy bolan bu tä­ze ki­ta­by­na, esa­san, ýazy­jy­nyň, ha­ly­pa žur­na­lis­tiň öz käri bilen baglanyşyklylykda dürli wagt­lar­da ýur­du­my­zyň en­çe­me kün­jek­le­ri­ne ama­la aşy­ran iş sapar­la­ry­nyň do­wa­myn­da gö­ren, tanyş bo­lan hem yk­bal öw­rüm­le­ri, nus­ga­lyk dur­muş ýol­la­ry ha­kyn­da eser dö­ret­me­gi ýü­re­gi­ne dü­wen adam­la­ry ha­kyn­da­ky oçerk­le­ri giri­zi­lip­dir. Şu ýer­de ýa­zy­jy­nyň döre­di­ji­lik işin­dä­ki kä­bir aja­ýyp häsi­ýet­le­ri ha­kyn­da hem ke­lam agyz bel­läp geç­sek, ýer­lik­li bo­lar. Ol is­len­dik žanr­da eser ýaz­sa hem, «Tam­dy­ra gy­zan­da ýap» diý­le­ni­ni edip, ony tüýs öz wag­tyn­da oky­jyla­ra ýe­ti­ri­bil­ýän, özem her gün­de iň azyn­dan bäş sa­hy­pa ýaz­ma­sa, ýü­re­gi yn­ja­lyk tap­ma­ýan özü­ne talap­kär ýa­zy­jy. Ga­la­my­ny ön­düm­li iş­led­ýän ýa­zy­jy­nyň mö­hüm hem jo­gap­kär­li we­zi­pe­si­niň, jem­gy­ýet­çilik iş­le­ri­niň da­şyn­dan nä­dip munça eser­le­ri ýa­zyp ýe­tiş­ýän­di­gi­ne okyjylar-da, dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri-de haý­ran gal­ýar. Ol hut şol tarapdan-da wag­tyň iň uly gym­mat­lykla­ryň ha­ta­ry­na gi­ren hä­zir­ki zaman dün­ýä­sin­de söz sun­ga­ty bi­len iş sa­lyş­ýan­la­ra, aýratyn-da, ýaş döre­di­ji­le­re nus­ga­lyk­dyr. Pub­li­sis­tiň oky­jy­la­ryň is­le­gi­ni tüýs öz wagtyn­da ka­na­gat­lan­dy­ryp dur­ýandy­gy, dö­re­di­ji­lik işin­de des­sin­li­gi dog­ru­syn­da ha­ly­pa ýa­zy­jy Ata­jan Ta­ga­nyň onuň tä­ze ki­ta­by­na ýazan söz­ba­şy­syn­da hem anyk mysal­lar ar­ka­ly nyg­ta­lyp bel­le­nil­ýär.

Ha­ly­pa žur­na­list öz dö­re­di­ji­lik to­pa­ry bi­len bi­le­lik­de «Al­tyn asyr: Türk­me­nis­tan» te­le­ýaý­ly­myn­da be­ril­ýän «Sa­lam, mu­gal­lym!» at­ly pub­li­sis­tik hä­si­ýet­li te­le­gep­le­şi­gide taý­ýar­la­ýar hem-de ony alyp bar­ýar. Ýur­du­my­zyň dür­li künjek­le­rin­de ne­ti­je­li hem gö­rel­de­li zäh­met çek­ýän mu­gal­lym­lar hakyn­da­ky bu gep­le­şik ýygy-ýygydan to­ma­şa­çy­la­ra ýe­ti­ril­ýär. «Bir ok­da iki tow­şan» diý­li­şi ýa­ly, ýazy­jy­nyň şol mu­gal­lym­lar ha­kyn­da ýa­zan çe­per oçerk­le­ri-de iş sa­pary­nyň yz­ýan­la­ry eý­ýäm ga­zet sahy­pa­la­ryn­da peý­da bol­ýar. Ola­ryň bir­nä­çe­si tä­ze ki­ta­ba-da ýer­leş­diri­lip­dir. «Öm­ri mu­gal­lym­çy­lyk­dan baş­lar­dym», «Çoh­pet­de­li us­sat», «Mül­ka­ma­şa­dan uza­ýan ýol» ýa­ly oçerk­ler mu­ňa my­sal­dyr. Bu­lar­dan baş­ga-da, türk­me­niň geç­miş ta­ryhy­na de­giş­li baý mag­lu­mat­la­ry öw­re­nip, şol ta­ry­hy şöh­rat­lan­dy­ran ägirt­ler, öz dö­re­di­ji­li­gi bi­len halkyň ru­hy dur­mu­şy­ny baý­laş­dy­ran, mil­li yl­myň ösü­şi­ni be­lent de­re­jele­re çy­ka­ran us­sat­lar ha­kyn­da ýazy­lan ýat­la­ma hä­si­ýet­li çeper-dokumental eserler-de ýy­gyn­dy­dan orun alyp­dyr. Mu­ňa ýa­zy­jy­nyň «Hor­ju­ny ha­zy­na­ly adam», «Dogan» di­ýen dil­le­riň», «Der­ýa deý çyr­py­nan ze­hin», «Ka­sa­ma si­ňen ömür», «Ker­wen ýük­li yk­bal» ýaly eser­le­ri de­giş­li­dir.

Ki­tap­da­ky çeper-publisistik eser­ler­de te­ma ba­bat­da çäk­li­lik ýok. Oçerk­le­riň baş gah­ry­man­la­ry ýur­duň dür­li kün­jek­le­rin­de, yk­dysa­dy­ýe­tiň dür­li pu­dak­la­ryn­da abraý bi­len ha­lal zäh­met çe­kip ýören ýag­şy ni­ýet­li yn­san­lar. Ola­ryň ara­syn­da daý­ha­nam, mu­gal­ly­mam, luk­man hem, de­mir ýol iş­gä­ri-de, ylym adamlary-da bar. Aw­tor olaryň iş ala­da­la­ry­ny, duýgu-düşünjelerini, hüý-häsiýetlerini örän be­letlik bi­len be­ýan ed­ýär. Mu­nuň özi onuň her bir gah­ry­ma­ny­ny in­çe­lik bi­len öw­ren­ýän­di­gi­ni su­but ed­ýär. As­lyn­da, oçerk žan­ry­nyň özi ýazy­jy­dan dur­muş wa­ka­la­ryn­dan iň äh­mi­ýet­li­le­ri­ni saý­lap al­ma­gy, gah­ry­man­la­ry­nyň dur­mu­şy­ny köpta­rap­la­ýyn öw­ren­me­gi ta­lap ed­ýär. Oçerk­le­riň di­li sa­da­dan düşnük­li. Gah­ry­man­la­ry­nyň keş­bi­ni aý­dyň­laş­dyr­mak­da, söz bi­len olaryň su­ra­ty­ny çek­mek­de, nus­ga­lyk hüý-häsiýetlerini açyp gör­kez­mekde ýa­zy­jy türk­men di­li­niň baý çeper­çi­lik se­riş­de­le­rin­den, wa­ka­la­ry be­ýan ediş tär­le­rin­den us­sat­lar­ça peý­da­lan­ýar. Oçerk­le­ri oka­nyň­da, türk­men te­bi­ga­ty­nyň tä­sin kün­jekle­ri, şol san­da ha­zy­na­ly hu­ma deňe­len mu­kad­des Ga­ra­gum säh­rasy­nyň syr­ly hem sa­ha­wat­ly goý­ny oky­jy­nyň göz öňün­de jan­lan­ýar. Ýa­zy­jy­nyň özi as­lyn­da oba ýe­rinde önüp-ösen­ soň, daý­han­la­ryň, çöl için­de mes­gen tu­tan çar­wa­la­ryň dur­mu­şy­ny örän be­let­lik bi­len, täsir­li açyp gör­kez­me­gi ba­şar­ýar.

Ýy­gyn­da ýer­leş­di­ri­len oçerk­ler çeper-publisistik žanr­lar­dan edilýän ta­la­ba gö­rä, mu­kad­des Ga­raşsyz­ly­gy­my­zyň ga­dy­ry­ny bil­mek, ony has-da ber­kit­mek­li­ge go­şant goş­mak tu­tuş jem­gy­ýe­te da­hyl­ly, döw­rüň öňe çy­kar­ýan mö­hüm wezi­pe­le­ri bo­lan bag ek­mek, daş­ky gur­şa­wa, te­bi­gy baý­lyk­la­ra aýawly çe­me­leş­mek ýa­ly me­se­le­le­ri-de goz­ga­ýar. Bu­lar­dan baş­ga-da, ol eser­ler ylym adam­la­ry­na, dür­li kär­ler­de zäh­met çek­ýän us­sat haly­pa­la­ra sylag-hormat goý­mak­ly­gy hem ün­de­ýär. Şol ta­rap­lar­dan ýazy­jy­nyň tä­ze ki­ta­byn­da­ky gö­relde alar­lyk zäh­met adam­la­ry, bi­ziň dö­wür­deş­le­ri­miz ha­kyn­da­ky dürli hü­när­le­re de­giş­li mag­lu­mat­la­ra baý eser­ler, aýratyn-da, ýaş­lar üçin hem öw­re­di­ji­lik, hem-de ter­bi­ýe­çilik äh­mi­ýe­ti­ne eýe­dir.

Mah­la­sy, heň­ňam ha­ky­ka­tynyň he­ka­ýat­la­ry­ny özün­de jemlän bu tä­ze ki­tap ýa­zy­jy­nyň Ga­raş­syz­lyk döw­rün­dä­ki türkmen pub­li­sis­ti­ka­sy­nyň kä­mil­leşme­gi­ne hem baý­laş­ma­gy­na go­şan öz­bo­luş­ly go­şan­dy bol­dy.

Aýmyrat PIRJIKOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žur­na­lis­ti­ka hü­nä­ri­niň ta­ly­by.

“Nesil” gazeti,

20.02.2020ý.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR