ŞELPELERIŇ OWAZY

Halkymyzyň gadymy taryhynyň güwäsi bolup lowurdaýan milli şaý-seplerimiz tutuş älemi haýran edýär. Asyrlara uzap gidýän geçmişe aralaşdygyňça, gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan özboluşly milli aýratynlyklarymyzy ýüze çykarýar. Ýyllardan-ýyllara, nesillerden-nesillere geçip gelen gadymy türkmen şaý-seplerimizde müň bir dürli öwüşgine eýe bolan tyllaýy nagyşlarymyz bar. Ata-babalarymyz gelin-gyzlarymyzy elmydama altyn-kümüşden ýasalan nepis şaý-sepler bilen bezäpdirler. Şaý-sepleri owadanlap, gözelleşdirip, ýüzüne ajaýyp nagyşlary çekip, soňra altyn çaýypdyrlar. Inçelik bilen sünnälenip ýasalan nepis şaý-sepleri gelin-gyzlar başlaryna, ellerine, ýakalaryna, boýunlaryna, saçlaryna we geýýän egin-eşiklerine dakynypdyrlar. Gupba, bilezik, çapraz-çaňňa, asyk, tumar, açarbag, gülýaka, kökenli ýüzük... ýaly bezeg şaýlaryny zenanlar ýaş tapawutlaryna görä ulanypdyrlar.

Gözellerimiziň görküne görk goşýan milli şaý-seplerimiziň nepisligi çeperçilik derejesi bilen baý many-mazmuna eýedir. Türkmen zenanlarynyň arasynda şaý-sep dakynmagyň ýazylmadyk kadasy bolupdyr. Iň owadan, açyk reňkli gaşlar goýlan şaý-sepleri ýaş gyzlar we gelinler dakynypdyrlar. Ýaşy durugşan zenanlar açarbag, tumar, bukaw ýaly şaýlary boýunlaryndan asypdyrlar. Bezeg şaýlar gelin-gyzlary gözden-dilden goramak üçin hem peýdalanylypdyr. Dagdany zenanlar ürç edinip dakynypdyrlar. Dagdanlar ululy-kiçili, şelpeli we şelpesiz görnüşlerde bolupdyr. Zergärler şelpeli dagdanlara hakyk, pöwrize daşlaryndan gaş goýupdyrlar. Olary her hili haýwanlaryň ýönekeýleşdirilen şekilleri bilen bezäpdirler.

Owadanlygy, täsinligi bilen tapawutlanýan, kümüşden altyn çaýylyp sünnälenilip ýasalan şaý-sepler ençeme asyrlardan aşyp, biziň günlerimize gelip ýetdi. Toý-baýramlarda ýaş gelin-gyzlaryň ellerini bezeýän kökenli ýüzüklerdäki hakyk gaşy neneň owadan! Ýüzügiň aýlawlarynyň bir tarapy diş-diş görnüşinde bolup, han-soltanlaryň täjiniň kiçeldilen görnüşlerine meňzeşdir. Kökenli ýüzüklere bezeg gaşlary heniz goýulmanka, ýüzükler zynjyr bilen eliň arka tarapynda durýan bezege birikdirilipdir. Kökenli ýüzükleriň bilezikleri bir we iki goşmadan ybarat bolýar. Kökenli ýüzükler gyzlaryň kösük ýaly barmaklaryny has-da gelşigine getirýär.

Birnäçe müňýyllyklardan aşyp, biziň günlerimize durkuny ýitirmän gelen, ussat zergärlerimiziň zehinlerinden, yhlaslaryndan dörän milli şaý-seplerimiz täze öwüşginde şöhle saçýar. Olara täze röwüş berilmegi halkymyzyň sungatda ýeten belent sepgitleriniň aýdyň subutnamasydyr.

Nurtäç DURDYÝEWA, Türkmenbaşy şäher taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.

“Nesil” gazeti,

05.11.2019ý.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR