KER­WEN DÜŞ­LÄN MEN­ZIL­LER . . .

Or­ta asyr­lar­da Gün­do­gar bi­na­gär­li­gi­niň eme­le ge­ti­ren mö­hüm gur­lu­şyk desga­la­ry­nyň bi­ri-de ker­wen­sa­raý­lar­dyr. Ker­wen­le­riň bök­denç­siz he­re­ket et­me­gi, adam­la­ryň we ýük­çi mal­la­ryň dynç al­mak­la­ry, şeý­le hem wagt­la­ýyn ha­ryt sakla­mak üçin ýüz­ler­çe ker­wen­sa­raý­lar bi­na edi­lip­dir. Bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ola­ryň bir­nä­çe­si ge­lip ýe­tip­dir. Mu­ňa my­sal edip, hä­zir­ki Dar­ga­na­ta et­ra­by­nyň Gabak­ly oba­sy­nyň çä­gin­dä­ki Da­ýa­ha­ty­ny, Merw — Amul ýo­lun­da­ky Ak­ja­ga­la­ny, Ga­ra­gum et­ra­byn­da ýer­leş­ýän al-Esger şä­her ha­ra­ba­ly­gy­nyň, Sa­rah­syň tö­we­regin­dä­ki Na­jar ga­la­sy­nyň, or­ta asyr Şi­raz oba­sy­nyň ker­wen­sa­raý­la­ry­ny, Ra­baty-Şe­re­fi, De­his­tan we Kö­neür­genç şä­her ker­wen­sa­raý­la­ry­ny gör­kez­mek bo­lar. 2017-nji ýy­lyň ahy­ryn­da Bä­her­den et­ra­by­nyň çä­gin­dä­ki or­ta asyr Şäh­rys­lam şähe­ri­nde ar­heo­lo­gik gazuw-agtaryş iş­le­ri ge­çi­ri­len­de hem ýe­ne bir ker­wen­sa­ra­ýyň üs­ti açyl­dy. Bu ker­wen­sa­raý Ho­ra­sa­ny Ho­rezm bi­len bir­leş­dir­ýän söw­da ýo­lu­nyň ug­run­da ýer­le­şip­dir.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda şeýle belleýär: «Kerwensaraýlar ýönekeý — adaty jaý hökmünde däl-de, giden bir çylşyrymly we owadan binagärlik toplumy görnüşinde gurlupdyr». Taryhçy Frederik Starryň: «Seljuk binagärliginiň dabarasyna göz ýetirmek üçin Merw, Sarahs, Balh we Nişapur aralygynyň gadymy ugurlarynda bar bolan kerwensaraýlara baryp görmek ýeterlikdir» diýip bellemegi hem ýöne ýerden däldir. Çünki kaşaň kerwensaraýlary gurmak, aýratyn-da, türkmenleriň Beýik Seljuk döwleti döwründe meşhur bolupdyr.

IX-XV asyrlarda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösmegi netijesinde, kerwensaraýlar Gündogar ýurtlarynyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolup başlaýar. Şu döwürde alyslardan gözbaş alýan kerwen ýollary menzillere bölünip, her 25-50 kilometr aralykda guýular gazylyp, kerwensaraýlar gurlupdyr. Meşhur taryhçy at-Tabariniň (833 — 923 ý.) «Pygamberleriň we patyşalaryň taryhy» atly işinde Türkmenistanyň çägindäki kerwensaraýlar barada gymmatly maglumatlar berilýär. At-Tabari ýollaryň ugrundaky düşelgeleri «hana», «menzil», «rabat» ýaly atlar bilen atlandyrýar.

Gurluş aýratynlyklary boýunça açyk we ýapyk görnüşli kerwensaraýlar bolup, ýapyk kerwensaraýlar oba-şäherlerden ep-esli uzaklykda, ilatsyz ýerlerde, çöllerde we sähralarda kiçiräk galalar görnüşinde gurlup, howp abananda birnäçe günläp goranmaga mümkinçilik beripdir. Açyk görnüşdäki kerwensaraýlar bolsa şäherler üçin häsiýetlidir. Olar, köplenç, athanaly, mal saklar ýaly agylly myhmanhanalar görnüşinde gurlupdyr. Olaryň şäher içinde ýerleşýändigi üçin, daşyna gorag diwarlaryny gurmagyň zerurlygy bolmandyr. Adatça, kerwensaraýlaryň esasy binasy gönüburç görnüşinde bolup, dört tarapyny myhmanlar üçin ululy-kiçili otaglar-hüjreler gurşapdyr. Her otagyň öňünde üsti ýapyk, agaç sütünli beýik eýwan gurlupdyr. Hüjrelere türkmen ak öýüne mahsus milli gözellik çaýylypdyr. Olaryň diwarlaryna zerur goşlary saklar ýaly horjunlar, çuwallar asylypdyr. Her hüjräniň içinde gyş aýynda ot ýakar ýaly ojak gurlupdyr. Gapynyň, penjiräniň töweregi, diwarlary bolsa dürli nagyşlar bilen haşamlanypdyr. Käbir kerwensaraýlar bolsa, häzirki zaman hyzmat ediş ulgamy ýaly, müşderilere naharlanmak, ýuwunmak, pul çalyşmak ýaly goşmaça hyzmatlary hem teklip edip bilipdir. Kerwensaraýlaryň ýanynda söwdagärlere, ötegçilere, myhmanlara hem-de syýahatçylara hyzmat etmek üçin çaýhanalar we hammamlar gurlupdyr. Olarda hyzmatyň zerur görnüşleriniň biri bolan lukmançylyk kömekleri hem berlip, näsaglan ýolagçylary, adatça, dürli ösümliklerden taýýarlanylan dermanlar hem-de her hili emler bilen bejeripdirler. Şeýle hem bu ýerler adamlaryň täzelikleri eşidip, maglumat toplaýan ýerleri bolupdyr.

Türkmenistandaky we onuň bilen ýanaşyk sebitlerdäki kerwensaraýlaryň köpüsi binagärligiň Horasan mekdebiniň ussalary tarapyndan gurlupdyr. Mälim bolşy ýaly, Horasan ülkesiniň demirgazygy Türkmenistanyň günorta we günorta-günbatar çäklerini öz içine alypdyr. Binagärleriň Horasan mekdebinde demirgazyk horasanly, hususan-da, sarahsly ussalar has-da tapawutlanypdyr.

Türkmenistanyň çäginden geçýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda birnäçe obadyr şäherleriň, ösen medeniýetli merkezleriň, kerwensaraýlaryň bolmagy türkmen halkynyň goňşy we alys döwletler bilen söwda-ykdysady, medeni hyzmatdaşlygy alyp barandygyny aýdyň subut edýär.

Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda türkmen halkynyň baý taryhy ylmy esasda giňden öwrenilýär. Ýurdumyzyň birnäçe ýerlerinde ýerleşen taryhy-medeni ýadygärliklerde alymlar tarapyndan gazuw-agtaryş işleri geçirilýär. Arheologik barlag işlerine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň arheologiýa hünäriniň talyplary-da gatnaşdyrylýar. Bize şeýle mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys! Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Her bir alyp barýan döwletli işleri üstünliklere beslensin!

Begmyrat BEGMYRADOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň talyby.

“Nesil” gazeti,

27.02.2020ý.

 

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR